Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany M.M.Mämmedowa hakynda | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany M.M.Mämmedowa hakynda

опубликованно 03.07.2020 // 586 - просмотров
 

Mährijemal Mekandurdyýewna Mämmedowany Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine bellemeli.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

Aşgabat şäheri, 2020-nji ýylyň 3-nji iýuly.

***

Mährijemal Mekandurdyýewna Mämmedowa

1973-nji ýylda Lebap welaýatynyň Saýat şäherçesinde doguldy. Ýokary bilimli. 1994-nji ýylda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyny tamamlady. Hünäri boýunça pedagog-psiholog.

Zähmet ýoluna 1994-nji ýylda Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň çagalar bagynyň terbiýeçisi bolup başlady. 1997 — 1999-njy ýyllar aralygynda şol etrabyň orta mekdebinde pedagog-psiholog bolup işledi. 2000 — 2004-nji ýyllar aralygynda Aşgabat şäheriniň orta mekdebinde pedagog-psiholog bolup zähmet çekdi.

2004-2005-nji ýyllarda Aşgabat şäheriniň 16-ny orta mekdebiniň müdiriniň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary we soňra Aşgabat şäheriniň 51-nji orta mekdebiniň müdiriniň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary.

2010-njy ýylyň maý aýyndan 2011-nji ýylyň apreli aralygynda Aşgabat şäheriniň Çandybil etrap häkimliginiň kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işleri boýunça toparyň I derejeli hünärmeni.

2011 — 2014-nji ýyllarda Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrabynyň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary.

2014-nji ýyldan bäri Mary welaýatynyň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter