Döwlet Baştutanynyň adyna hat gelip gowuşdy | TDH
Syýasat habarlary

Döwlet Baştutanynyň adyna hat gelip gowuşdy

опубликованно 03.07.2020 // 331 - просмотров
 

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Siziň doglan günüňiz mynasybetli meniň tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy kabul ediň!

63 ýaş — pygamber ýaşy, geçilen durmuş ýolunyň esasy döwrüdir. Syýasatçy Prezident üçin munuň özi taryhy taýdan, bu wezipede öz halky we döwleti üçin amala aşyran işine baha bermekde möhüm tapgyr hem bolup durýandyr.

2007-nji ýylda ähli halkyň ses bermeginiň netijesinde Siz Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlandyňyz we Siziň ykbalyňyz ýurduň ykbaly üçin ägirt uly jogapkärçilik bilen aýrylmaz baglanyşykly boldy. Geçen ýyllaryň içinde Siz türkmen döwletiniň içeri we daşary syýasatynyň ösüşiniň strategik ugruny kesgitlän möhüm taryhy çözgütleri kabul etdiňiz.

Häzir ýurt we türkmen halky pikirleri we tagallalary baş maksada ýetmäge — Watanynyň has-da gülläp ösmegini we abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen hakyky watançy bolan öz milli Liderine buýsanmaga haklydyr.

Türkmenistanda, durmuşa ak ýol açan toprakda doglup, men Siziň ýolbaşçylygyňyzda meniň Watanymyň halkara jemgyýetçiligiň hormatly we abraýly agzasy, durnukly syýasy ulgamy, güýçli ykdysadyýeti, kuwwatly durmuş ugurlary, innowasiýalara we öňdebaryjy bilimlere açyk ýörelgeleri bolan depginli ösýän döwlet bolandygyny görüp, örän uly şatlyk we buýsanç duýgularyny başdan geçirýärin. Meniň hut özüm üçin Türkmenistanyň kosmos pudagyny ösdürmäge başlamak baradaky Siziň çözgüdiňiz möhüm waka öwrüldi. Muny Ýer ýüzüniň ösen döwletleriniň hataryna çykaryp, Türkmenistanyň tehnologiýa taýdan okgunly öňe gitmeginiň binýadyny tutýan strategik ädim diýip hasaplaýaryn.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

63 ýaşa ýetip, Siz sportuň dürli görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanyp, nusga görkezip, hemmeleriň arzuw edýän sagdyn beden kuwwatyny saklaýarsyňyz, at çapmagyň hem-de awtomobil ulagyny dolandyrmagyň ajaýyp ussatlygyny ele aldyňyz. Bu gün Siziň üstüňiz bilen dünýä Türkmenistana parasatly, strategik pikirlenip bilýän, gujur-gaýratly syýasatçynyň hem-de maksatlara we olara ýetmegiň usullaryna aýdyň göz ýetirýän döwlet işgäriniň baştutanlyk edýändigini görýär. Şol maksatlaryň ählisine ýetiljekdigine we Türkmenistanyň Siziň ajaýyp ýolbaşçylygyňyzda rowaçlygyň we gülläp ösüşiň ýoly bilen mundan beýläk-de ynamly öňe gitjekdigine ynanýaryn.

Çuňňur hormatlanylýan jenap Prezident, berk jan saglyk hem-de Türkmenistanyň Lideri hökmünde Siziň taryhy işleriňizde täze üstünlikleri gazanmagyňyz baradaky mähirli arzuwlarymy kabul ediň!

Oleg KONONENKO,
Türkmenistanyň Gahrymany, Kosmos işleri boýunça
«Roskosmos» döwlet korporasiýasynyň kosmonawtlar toparynyň serkerdesi.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter