Türkmenistanyň we RF-iň Astrahan oblastynyň ugurdaş hünärmenleri özara söwdanyň ösüşini ara alyp maslahatlaşdylar | TDH
Ykdysadyýet

Türkmenistanyň we RF-iň Astrahan oblastynyň ugurdaş hünärmenleri özara söwdanyň ösüşini ara alyp maslahatlaşdylar

опубликованно 02.07.2020 // 142 - просмотров
 

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň, Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministrliginiň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri wideomaslahat aragatnaşygy arkaly «Астраханская Торгово-промышленная палата» Birleşiginiň (Russiýa Federasiýasy) wekilleri bilen gepleşikler geçirdiler.

Onlaýn-duşuşygyň dowamynda hyzmatdaşlygy giň ugurlar boýunça işjeňleşdirmek barada pikir alşyldy we ýurdumyz bilen RF-iň Astrahan oblastynyň arasynda özara söwdany ösdürmegiň mümkinçiliklerine garaldy. Ara alnyp maslahatlaşylan meseleleri anyklaşdyrmak üçin taraplar öndürýän önümleri hakda widoşekilleri görkezdiler.

Hususan-da, Astrahanyň «Гранд Фиш» APJ kompaniýasy gallanyň we beýleki dänelik ekinleriň tohumlary bilen tanyşdyrdy. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri bolsa oba senagat toplumynyň we dokma senagatynyň önümleriniň wideokatalogyny görkezdiler. Taraplat olary ibermegiň anyk meselelerine gyzyklanma bildirdiler.

Şu jähtden iki ýurduň wekilleri Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň we Astrahanyň «Оля» portunyň logistika mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem özara gyzyklanma bildirýän gatnaşyklary dowam etmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter