Türkmenistanyň Prezidentiniň we Sankt-Peterburgyň gubernatorynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Sankt-Peterburgyň gubernatorynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

 

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Sankt-Peterburgyň (Russiýa Federasiýasy) gubernatory Aleksandr Beglowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Russiýanyň esasy merkezleriniň biriniň ýolbaşçysy türkmen Liderini doglan güni bilen gutlap, tüýs ýürekden berk jan saglyk, uzak we bagtly ömür, döwlet ösüşiniň giň gerimli maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde täze üstünlikleri arzuw etdi.

Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli sözler we arzuwlar üçin minnetdarlygyny beýan edip, Russiýa Federasiýasynyň iri sebitleri, aýry-aýry şäherleri, esasy senagat we medeni merkezleri bilen göni aragatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň üstünlikli ösdürilýän we strategik häsiýete eýe bolan türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtady.

A.Beglow Newa derýasynyň boýundaky şäheriň soňky ýyllarda döwletara gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolan netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklap, şu ýylyň fewralynda Türkmenistana bolan saparyny aýratyn ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny belledi. Sankt-Peterburgyň gubernatory ak mermerli Aşgabadyň gözelliginiň we ösen düzümleriniň özünde uly täsir galdyrandygyny aýdyp, bu ýerde adamlaryň amatly ýaşamagy hem-de dynç almagy üçin ähli şertleriň döredilendigini, şäheri dogry hem-de netijeli dolandyrmagy hökman türkmenlerden öwrenmelidigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň hoşniýetli dostlara we wagtyň synagyndan geçen ygtybarly hyzmatdaşlara hemişe açykdygyny belläp, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagynyň tutuş dünýäde parahatçylygyň hem-de durnukly ösüşiň bähbidine alnyp barylýan daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugrudygyny aýtdy.

Dostlukly ýagdaýda geçen söhbetdeşligiň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň şu günki ýagdaýy we ösüşiň ileri tutulýan ugurlary barada düýpli pikir alşyldy, bu hyzmatdaşlyk birnäçe iri taslamalaryň çäklerinde bilelikdäki işiň oňyn tejribesi bilen berkidilen we umumy gyzyklanmalary nazara alýan ägirt uly kuwwata eýedir.

Gubernator A.Beglow ýurdumyzda işleýän Newanyň boýundaky şäheriň kompaniýalaryna berilýän goldaw üçin Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna we hut hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, Sankt-Peterburgyň işewür toparlarynyň geljekde hem türkmen Lideriniň başlangyjy bilen amala aşyrylýan ägirt uly özgertmeler maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşmaga taýýardyklaryny tassyklady.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter