Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň başlygynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň başlygynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

опубликованно 29.06.2020 // 46 - просмотров
 

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň başlygy Walentina Matwiýenkonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Russiýanyň Parlamentiniň ýokary palatasynyň ýolbaşçysy milli Liderimizi doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür we ýokary döwlet wezipesinde alyp barýan giň gerimli işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi.

Döwlet Baştutanymyz gutlaglar we hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Russiýa Federasiýasy bilen biziň ýurdumyzy asyrlaryň dowamynda taryhy taýdan emele gelen gatnaşyklaryň, dürli ulgamlarda toplanylan hyzmatdaşlygyň baý tejribesiniň birleşdirýändigini nygtady. Häzirki tapgyrda deňhukuklylyk, özara hormat, ynam we strategik hyzmatdaşlyk ýörelgelerinde guralýan döwletara gatnaşyklary täze many-mazmuna eýe bolýar, iki dostlukly halkyň uzak möhletleýin bähbitlerine laýyk gelýär.

Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen-rus gatnaşyklarynyň okgunly häsiýeti bellenildi, onuň ösdürilmeginde kanunçykaryjylyk işinde tejribe alyşmak üçin netijeli meýdança bolup durýan parlamentara gatnaşyklaryna uly orun degişlidir. Söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk oňyn häsiýete eýedir.

Telefon söhbetdeşliginiň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we RF-niň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň başlygy Walentina Matwiýenko özara düşünişmegiň ýokary derejesiniň, döwletara gatnaşyklaryň geljekde hem ähli ugurlar boýunça oňyn hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirdiler we birek-birege hem-de iki ýurduň doganlyk halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter