Türkmenistanyň Prezidenti bilen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

опубликованно 29.06.2020 // 79 - просмотров
 

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sooronbaý Žeenbekowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Gyrgyzystanyň Baştutany milli Liderimiz bilen mähirli salamlaşyp, hormatly Prezidentimizi doglan güni bilen gutlady we berk jan saglyk, abadançylyk, Garaşsyz Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine, halkyň abadançylyk derejesiniň ýokarlanmagyna gönükdirilen döwlet işlerinde üstünlik arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, özüniň gyrgyz kärdeşi bilen ynanyşmak, deňhukukly we birek-birege hormat goýmak esasynda ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde ýola goýulýan döwletara gatnaşyklaryň meseleleri boýunça pikir alyşmak üçin dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdi.

Söhbetdeşler türkmen-gyrgyz gatnaşyklarynyň iki doganlyk halkyň hoşniýetli goňşuçylyk, köpasyrlyk dostluk, ruhy we medeni-taryhy umumylyk esaslaryna daýanýandygyny kanagatlanma bilen belläp, özara gatnaşyklary geljegi uly birnäçe ugurlar boýunça işjeňleşdirmegiň zerurdygyny nygtadylar.

Bellenilişi ýaly, ýokary hem-de hökümet derejelerinde yzygiderli geçirilýän gepleşikleriň we özara saparlaryň netijesinde soňky ýyllarda ikitaraplaýyn gatnaşyklar täze mazmun bilen baýlaşdyryldy we hil taýdan täze derejä çykdy.

Iki döwletiň Baştutanlary ozal gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişine ýokary baha berip, umumy pikire görä, ägirt uly mümkinçiliklere eýe bolan özara bähbitli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine bolan oňyn çemeleşmeleri ylalaşdylar. Hususan-da, taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň wajypdygyny nygtap, ikitaraplaýyn ugradylýan harytlaryň we ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň görnüşlerini giňeltmek, iki ýurduň işewür toparlarynyň wekilleriniň göni gatnaşyklaryny ýola goýmak bilen baglanyşykly meseleleri işläp taýýarlamagyň maksadalaýyk boljakdygyny bellediler.

Şeýle hem taraplar özara gyzyklanma bildirilýän sebitara we halkara syýasatyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Sooronbaý Žeenbekow birek-birege we Türkmenistanyň hem-de Gyrgyzystanyň halklaryna parahatçylyk, durnuklylyk baradaky hoşniýetli arzuwlaryny aýtdylar we giň möçberli özgertmeler ýolunda täze üstünlikleriň gazanyljakdygyna ynam bildirdiler.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter