Türkmenistanyň Prezidenti bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

 

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Dostlukly ýurduň Baştutany milli Liderimizi 63 ýaşynyň dolmagy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, uzak ömür, abadançylyk we ýokary döwlet wezipesinde alyp barýan jogapkärli işinde uly üstünlik arzuw etdi.

Döwlet Baştutanymyz gazak kärdeşine gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip hem-de hoşniýetli arzuwlaryny aýdyp, iki ýurduň halklarynyň arasynda dostluk-doganlyk gatnaşyklarynyň köp ýyllaryň dowamynda hoşniýetli goňşuçylyk, birek-birege hormat goýmak we goldaw bermek arkaly sazlaşykly ösdürilip, häzirki döwürde täze mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny belledi.

Bellenilişi ýaly, türkmen-gazak gatnaşyklaryna mahsus bolan ynanyşmagyň we özara düşünişmegiň ýokary derejesi hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn derejede bolşy ýaly, halkara guramalaryň çäklerinde okgunly ösdürmek üçin pugta binýat bolup durýar.

Hökümet we düzümleriň derejelerinde dürli ugurlarda toplanylan özara gatnaşyklaryň oňyn tejribesine ýokary baha berip, söhbetdeşler döwletara gatnaşyklaryň möhüm ugurlaryny ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, doly güýjünde herekete girizilmegi zerur bolan ikitaraplaýyn ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin köpugurly mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy.

Şeýle hem ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklary hemmetaraplaýyn berkitmegiň ähmiýeti bellenildi. Munuň özi iki halkyň taryhy taýdan kemala gelen umumy medeni we ruhy gymmatlyklarynyň çäklerinde has-da ähmiýetlidir.

Söhbetdeşligiň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Kasym-Žomart Tokaýew netijeli döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň gülläp ösüşiniň bähbidine üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter