Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

опубликованно 29.06.2020 // 153 - просмотров
 

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Russiýanyň Baştutany milli Liderimizi doglan güni bilen gutlap, berk jan saglyk, abadançylyk we köpugurly döwlet işinde mundan beýläk-de üstünlikler arzuw etdi. Bellenilişi ýaly, Russiýada Türkmenistanyň Baştutanynyň iki döwletiň arasyndaky däp bolan hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen tagallalaryna ýokary baha berilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanda Russiýa Federasiýasy bilen dostlukly gatnaşyklara uly ähmiýet berilýändigini nygtady, taraplaryň özara gyzyklanmalary netijesinde bu gatnaşyklar ýyl-ýyldan täze many-mazmuna eýe bolýar. Biziň ýurtlarymyzy öňden gelýän hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary we häzirki döwürde döwletara aragatnaşyklaryň berk binýadyny döreden taryhy umumylyk birleşdirýär.

Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda özara düşünişmegiň we ynamyň emele gelen ýokary derejesiniň özara bähbitleri hasaba almak bilen, strategik hyzmatdaşlygy geljekde hem ösdürmek üçin amatly şertleri döredýändigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, syýasy ulgamda, şol sanda halkara guramalaryň, ozaly bilen, BMG-niň çäklerinde iki döwletiň birek-birege özara goldaw berýändigi we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň oňyn häsiýeti barada aýdyldy.

Türkmen-rus söwda-ykdysady gatnaşyklary okgunly ösüşe eýedir, haryt dolanyşygy artýar, muňa belli bir derejede bilelikdäki hökümetara toparyň işi ýardam berýär. Energetika hem-de ulag ulgamlarynda, bilim we tutuşlygyna, däp bolan ynsanperwer-medeni gatnaşyklary çuňlaşdyrmakda giň gerimli taslamalary durmuşa geçirmek üçin ägirt uly mümkinçilikler bar.

Şunda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähli meseleleri boýunça Türkmenistanyň we Russiýanyň umumy garaýyşlara eýedigi nygtaldy, munuň özi döwletara gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýediginiň, dürli ugurlar boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygy yzygiderli giňeltmek üçin amatly şertleriň bardygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Söhbetdeşligiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Wladimir Putine Konstitusiýa üýtgetmeler girizmek boýunça Ählirussiýa ses berlişini üstünlikli geçirmegi arzuw etdi, onuň jemleri dostlukly ýurduň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösüşiniň kepili bolup hyzmat eder.

Telefon söhbetdeşliginiň ahyrynda döwlet Baştutanlary birek-birege hem-de Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter