Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň hormatyna dabaralar | TDH
Medeniýet

Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň hormatyna dabaralar

опубликованно 27.06.2020 // 125 - просмотров
 

Şu gün Daşoguz welaýatynyň dolandyryş merkezinde bu ýerde geçirilen we ýurdumyzda giňden bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe bagyşlanan çäreleriň özboluşly jemlenmesine öwrülen baýramçylyk konserti boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça geçirilýän giň möçberli döredijilik çäresi ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň ägirt uly mümkinçiliklerini we Türkmenistanda milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda halkymyzyň bagtyýarlygynyň, mähriban Watanymyzyň abadançylygynyň bähbidine ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işleri beýan edýän şanly wakalara baý boldy.

Döredijilik çäreleri «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda geçirilýän çäreleriň özenini düzýär. Çünki medeniýet ulgamy döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan parahatçylyk söýüjilikli syýasatyň durmuşa geçirilmeginde, deňhukukly halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmeginde uly orun eýeleýär.

Bitarap Türkmenistanyň alyp barýan medeniýet strategiýasynda dürli döwletler bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmek we ulgamdaky hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerine möhüm ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň dünýä bileleşiginiň ýurtlary bilen ýola goýan ynsanperwerlik gatnaşyklarynyň köpugurlydygyny we dürli öwüşginli many-mazmuna baýdygyny hem-de onuň halklaryň arasynda özara düşünişmek we ynanyşmak ýörelgeleriniň ösdürilmegini şertlendirýändigini bellemeli.

Şol bir wagtyň özünde hormatly Prezidentimiziň medeniýet syýasatynyň parahatçylyk döredijilik häsiýete eýedigini, onuň giň halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine gönükdirilendigini bellemeli. Bu bolsa dünýäniň medeni gatnaşyklarynyň ösüşi, onda milli medeniýetiň eýeleýän orny barada giň düşünje almaga mümkinçilik berýär.

Demirgazyk welaýatda geçirilen döredijilik çäresine meşhur ýerine ýetirijiler, belli tans we folklor-etnografiýa toparlary bilen bir hatarda sungat äleminde ilkinji ädimlerine başlaýan ýaş ýerine ýetirijiler hem gatnaşdylar. Milli medeniýetiň ösdürilmegine, bu ugurda işleýänleriň hünär derejesiniň ýokarlanmagyna täze itergi beren köpöwüşginli sungat baýramçylygynyň çäklerinde köp sanly we dürli görnüşli çäreler ýaýbaňlandyryldy.

Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň, muzeý gymmatlyklarynyň, neşir önümleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Şygyr muşdaklary folklor çykyşlaryna höwesekleriň, bagşylaryň, meşhur toparlaryň eserlerine uly höwes bilen tomaşa etdiler. Sungat forumyna gatnaşýan ýaşajyk artistler öz zehinlerini açyp görkezdiler.

Sahna ussatlary baýramçylyga özboluşly döredijilik sowgadyny taýýarladylar. Daşoguz welaýatynyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky Döwlet sazly-drama teatrynyň artistleri «Goly sazly, tili sözli Görogly» atly täze sahna eserini tomaşaçylara hödürlediler. Onda halkymyzyň parahatçylyk söýüjilik, dostluk we ahlak gymmatlyklary giňden beýan edilýär. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýola goýan ýörelgelerine laýyklykda bu gezekki sungat baýramçylygyna Magtymguly adyndaky Milli sazly-drama teatrynyň artistleri adybir dessan esasynda goýlan «Nejep oglan» operasyny hödürlediler.

Medeniýet hepdeligi — 2020-iň çäklerinde birnäçe ylmy-amaly maslahatlar geçirildi. Olar taryhy-medeni mirasy saklamak, öwrenmek we wagyz etmek, sungat ulgamynyň dürli ugurlaryny ösdürmek, muzeýleriň, kitaphanalaryň, oba ýerlerindäki medeniýet öýleriniň we beýleki döredijilik merkezleriniň işini kämilleşdirmek meselelerine, bu ulgamda sanly tehnologiýany işjeň ulanmak wezipelerine bagyşlandy.

Ýeri gelende aýtsak, Medeniýet hepdeliginiň çärelerine oba medeniýet merkezleri hem goşuldylar. Olarda birnäçe döredijilik çäreleri geçirildi. Şeýlelikde, S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň «Altyn ýol» geňeşliginde kino sungatyny mundan beýläk-de ösdürmek meselelerine bagyşlanan döredijilik duşuşygynyň bolandygyny bellemeli. Şeýle hem bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly eseri esasynda düşürilen kinonyň görkezilişi boldy. Ruhubelent etrabynyň çäginde ýerleşýän, bagşy-sazandalaryň howandary hasaplanylýan Aşyk Aýdyň piriň ýadygärliginiň öňündäki meýdançada halk bagşylaryň çykyşlary guraldy.

Şeýle hem Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylar Daşoguz şäherinden 25 kilometr daşlykda ýerleşýän gadymy Yzmykşir galasyna baryp gördiler. Bu ýerde türkmen halkynyň meşhur alym-ensiklopediýaçysy, orta asyrlaryň belli edebiýatçysy Mahmyt Zamahşarynyň aramgähi ýerleşýär. Onuň baý taryhy mirasy häzirki zaman sungatynyň gözbaşynda durmak bilen, ol diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, tutuş adamzadyň bahasyz gymmatlygy bolup durýar.

Forumyň jemleýji gününde oňa gatnaşyjylar şäheriň türkmen halkynyň akyldar şahyrynyň adyny göterýän meýdançasynda dikeldilen Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül desselerini goýdular.

Ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleriniň hünär baýramçylygynyň umumadamzat gymmatlyklarynyň we ynsanperwer ýörelgeleriň waspyny ýetiren görnükli söz ussadyny hormatlamak çäresi bilen utgaşdyrylmagynda çuňňur many bar. Ynsan kalbyny baýlaşdyrýan Magtymgulynyň döredijilik mirasy häzirki we geljekki nesiller üçin bahasyna ýetip bolmajak ruhy-ahlak gymmatlyklardyr.

Şäheriň «Görogly» meýdançasy ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň konserti üçin merkezi meýdança öwrüldi. Bu ýerde guralan dabara Daşoguzda geçirilen giň möçberli çäräniň jemlenmesine öwrüldi.

Döwlet Baştutanymyz watandaşlarymyza ýurdumyzda giňden bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli iberen Gutlagynda «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň ýatda galyjy wakalara beslenýändigini aýratyn belleýär.

«Diýarymyzda guralýan medeni-köpçülikleýin çärelere medeniýet we sungat işgärleri işjeň gatnaşýarlar hem-de üstünlikli çykyş edýärler. Hemişelik Bitaraplygymyzyň taryhy ähmiýetini wagyz etmekde, merdana ata-babalarymyzdan miras galan hoşniýetli däplerimizi, ynsanperwer ýörelgelerimizi durmuşa geçirmekde döredijilik işgärleri uly işleri alyp barýarlar. Medeniýetiň ösmegi, sungatyň kämilleşmegi jemgyýetimiziň bitewüligini şertlendirýär. Çünki medeniýet halkyň kalbydyr, sungat milletiň mertebesidir!» diýlip, Gutlagda bellenilýär.

Agşamlyk Garaşsyz Watanymyzy, halkymyzyň agzybirligini hem-de bitewüligini Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň sungatynyň döredijilik güýjüni wasp edýän «Medeniýet halkyň kalbydyr» atly edebi-sazly kompozisiýa has-da belent ýaňlandy.

Çykyşlaryň köpüsi mähriban Watanymyza, täze taryhy eýýamda giň möçberli dabaralaryň ýaýbaňlandyrylmagyna giň ýol açan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan işlerine bagyşlanyp, olar türkmen halkynyň şöhratly taryhynyň we baý medeniýetiniň senasyna öwrüldi. Häzirki döwürde halkymyzyň maddy we ruhy mirasyny goramak, ony wagyz etmek işlerine möhüm ähmiýet berilýär.

Halk gahrymany Göroglynyň ýadygärliginiň ýanyndaky açyk meýdançada folklor we tans toparlarynyň çykyşlary boldy. Tans toparlarynyň ýerine ýetiren we türkmen halkynyň özboluşly däp-dessurlaryny beýan eden çykyşlary baýramçylyga özboluşly öwüşgin çaýdy. Konsertde türkmen halkynyň beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň eserlerine döredilen aýdymlar has-da belent ýaňlandy.

Medeniýet hepdeliginiň estafetasynyň onuň indiki ýylda boljak welaýatyna geçirilmegi bu ýerde guralan dabaranyň esasy bölümine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, Medeniýet hepdeligi 2021-nji ýylda Lebap welaýatynda bolar.

Soňra birleşen folklor-etnografiýa toparlary ajaýyp küştdepdini ýerine ýetirdiler. Olar özleriniň çeýe hereketleri bilen gadymy tans dessuryna häzirki zaman öwüşginini çaýdylar. Çuňňur manyly gazallar bilen utgaşýan tansyň kuwwatly güýji ajaýyp milli lybaslaryň we tansçylaryň hereketi bilen utgaşyp, ýatdan çykmajak we täsirli çykyşlara öwrüldi. Onda milli medeniýetiň we sungatyň kuwwaty, onuň köpugurly we durmuş gözelligini wasp edýän öwüşginleri öz beýanyny tapdy.

«Arkadag» atly aýdym bu ýerde guralan baýramçylyk konsertiniň jemini jemledi. Bu ýere ýygnananlar halkymyzyň mähriban Watanymyza buýsanjyny, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallygyny beýan edýän aýdyma goşuldylar. Munuň özi milli Liderimize aýdylan hoşallyk sözlerine öwrüldi.

Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler. Onda ýurdumyzda döredijilik işgärleri we döwletara ynsanperwerlik hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda yzygiderli alada edýändigi üçin milli Liderimize hoşallyk sözleri beýan edilýär. Şeýle hem olar forumyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi babatda oňyn mümkinçilikleriň döredilendigini nygtap, mundan beýläk-de, mähriban halkymyzyň abadançylygynyň we Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine, milli medeniýetimizi ösdürmek ugrunda ähli ukyp-başarnyklaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter