Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň düzümleriniň ösdürilişi bilen tanyşdy | TDH
Syýasat habarlary

Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň düzümleriniň ösdürilişi bilen tanyşdy

опубликованно 27.06.2020 // 193 - просмотров
 

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýewiň we Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjowyň haýyşy boýunça paýtagtymyzda bina edilýän desgalardaky işleriň ýagdaýy, şäheriň abadanlaşdyrylyşy hem-de onuň arassaçylyk şertleriniň degişli derejede saklanylyşy bilen tanyşdy.

Türkmenistanyň durmuş-ykdysady strategiýasynyň üstünlikli ýerine ýetirilmegi, halkara ähmiýetli iri taslamalaryň amala aşyrylmagy, halk hojalyk toplumynyň senagatlaşdyrylmagy ýurdumyza ägirt uly maýa goýumlaryny giň gerimli şäher gurluşygyna gönükdirmäge mümkinçilik berýär.

Her ýyl täze binagärlik toplumlary we ýaşaýyş jaý gurluşlary, ugrunda oňaýly ýaşaýyş jaýlary peýda bolýan köçeler bilen barha artýan okgunly ösýän Aşgabat munuň aýdyň mysalydyr. Şäher çäklerini giňeldýär we belentlige galýar hem-de öz gözelligi bilen haýran galdyrýar. Şunuň ýaly gözellikleri üçin Aşgabat halkara derejesinde belent abraýlaryň ençemesine mynasyp boldy.

Ýurdumyzyň baş şäherinde ýaýbaňlandyrylan özgertmeler, adamlaryň durmuşy üçin oňaýly şertleriň döredilmegi bilen baglanyşykly meseleler hemişe milli Liderimiziň üns merkezinde durýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky täze gurluşyklary yzygiderli gözden geçirip, şäheriň durmuş üpjünçiligine degişli ähli ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça amala aşyrylýan çärelere hemişe üns bermek bilen, bu işleriň ählisiniň esasy ugurlarynyň olaryň iň döwrebap talaplara we ölçeglere, şol sanda hil, gözellik we ekologiýa talaplaryna kybap gelmegini, geljege niýetlenen innowasion çemeleşmelerden ugur almalydygyny nygtaýar.

Şu gün döwlet Baştutanymyz iş saparynyň barşynda awtomobil we ýerasty pyýada geçelgeleriniň gurulmagy bilen ulag ýolunyň bir böleginiň düýpli abatlanylýan uly şaýollarynyň çatryklarynyň birinde gurluşyk meýdançasyny gözden geçirdi.

Wise-premýer we Aşgabat şäheriniň häkimi milli Liderimize paýtagtymyzyň ýol-ulag düzümini döwrebaplaşdyrmak boýunça nobatdaky taslamanyň
amala aşyrylyşy, hususan-da, A.Nyýazow şaýoly boýunça ýerasty awtomobil ýoluny çekmegiň inženerçilik-gurnama çözgütleri barada habar berdiler.

Hormatly Prezidentimiz desgany gözden geçirip, ýurdumyzyň baş şäherinde işjeň alnyp barylýan şäher gurluşygynyň, awtoulaglaryň sanynyň artmagynyň köçe-ýol ulgamynyň kemala getirilmegine düýbünden täze çemeleşmeleri talap edýändigini belledi.

Şunuň bilen baglylykda, ýerasty geçelgeler ulag akymlaryny düzgünleşdirmäge we oňaýly ýagdaýa getirmäge, esasy ýollara düşýän agramy azaltmaga mümkinçilik berýän häzirki zaman düzümleriniň möhüm bölegi bolup durýar. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow şular ýaly desgalar gurlanda olaryň taslamalary düzülýän döwründen başlap, sürüjiler üçin hem, pyýadalar üçin hem, ilkinji nobatda, ýol hereketiniň howpsuzlygy meselelerine has oňaýly şertleriň binýadyny tutmagyň zerurdygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz bu babatda anyk tabşyryklary berip, şäheriň ykdysady ösüş we maýa goýum taýdan özüne çekijilik derejesiniň, onuň binagärlik, ýaşaýyş-durmuş we ekologiýa gurşawynyň hiliniň köp babatda ulag düzümleriniň giň gerimliligine hem-de oýlanyşyklylygyna baglydygyny belledi.

Şu babatda döwlet Baştutanymyz bina edilýän desgalaryň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmagyň zerurdygyna, şäheri bagy-bossanlyga öwürmek we onuň ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak meselelerine ünsi çekdi. Milli Liderimiz bu baradaky gürrüňini dowam edip, şäher düzüminiň oýlanyşykly guralmagyna ulgamlaýyn, toplumlaýyn çemeleşmek, takyk dolandyrmak we gözegçilik etmek ýörelgelerinden ugur alynmalydygyny belledi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny dowam edip, Aşgabadyň demirgazyk bölegine, Çoganly ýaşaýyş toplumyna ugrady. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde alnyp barylýan işler bilen tanşyp, gurluşygyň hiline örän berk talap bildirdi.

Milli Liderimiz ýol-ulag düzümleriniň desgalaryny gözden geçirip, olaryň abadanlaşdyrylyşyna hem-de bu etrapda ekologiýa ugruna degişli işleriň derejesine nägilelik bildirdi. Döwlet Baştutanymyz oňaýly, sagdyn ekologiýany, arassaçylygyň we düzgün-tertibiň halkyň durmuş derejesini ýokarlandyrmagyň möhüm şerti bolup durýandygyny belläp, bagy-bossanlyga büreýiş işleriniň, arassaçylyk-gigiýena kadalarynyň berk berjaý edilmeginiň ähmiýetini nygtady.

Awtoulag ýollarynyň degişli derejede saklanylmagy hem bu ugra degişlidir diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy hem-de degişli ýolbaşçylardan bu ugurdaky işleri berk gözegçilikde saklamagy talap etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin B.Bäşekowy Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabynyň häkimi wezipesinden boşatdy.

Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmändigi we paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak boýunça işleriň barşyna gözegçiligi gowşadanlygy üçin Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjowa käýinç yglan etdi.

Şäher hojalygyndaky ähli düzümlerde alnyp barylýan hemme işleri şu günki günüň talaplaryna laýyk amala aşyrmak gerek. Paýtagtymyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli gurluşyklar ählitaraplaýyn häsiýete eýe bolmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy hem-de wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Diýarymyzda bolup geçýän düýpli özgertmeleriň öň hatarynda bolmak bilen, ak mermerli Aşgabat binagärlik toplumynyň ajaýyplygy bilen haýran galdyrýar. Şolara soňky ýyllarda onlarça özboluşly binalar we desgalar, şol sanda iri ýaşaýyş toplumlary goşuldy. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täzeçillik strategiýasy netijesinde paýtagtymyz häzirki zamanyň, depginli ösýän we ýaşamak üçin oňaýly şäheriň köpugurly nusgasyny özünde jemleýär.

Gözellik we oňaýlylyk, oýlanyşyklylyk, öňdebaryjy inženerçilik-tehniki çözgütler, ilatyň esasy durmuş hyzmatlaryna bolan giň elýeterliligi—şular ýurdumyzyň şäherlerini hem-de obalaryny ösdürmegiň özgertmeler maksatnamalaryny we geljegi uly meýilnamalaryny düzmekde hem-de durmuşa geçirmekde ulanylmaly esasy ugurlardyr diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň awtoulag ýollarynyň abadanlaşdyrylyşy, ulag ýollarynyň ugrunda gurlan binalaryň ajaýyp binagärlik bezelişi, düzümleýin we durmuş desgalarynyň degişli derejede saklanylmagynyň üpjün edilişi baradaky meseleleriň üstünde aýratyn durup geçdi.

Milli Liderimiz şeýle hem paýtagtymyzyň ekologiýasy, bagy-bossanlyga büremek, daşky gurşawy gowulandyrmaga, serişde we energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalara degişli öňdebaryjy gurallary, bu ulgamda dünýäniň üstünlikli tejribelerini ornaşdyrmak baradaky meselelere ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli ýolbaşçylara şäher gurluşyk maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri çözmekde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter