Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysynyň we BMG-nyň Baş sekretarynyň Ýörite geňeşçisiniň onlaýn-duşuşygy geçirildi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysynyň we BMG-nyň Baş sekretarynyň Ýörite geňeşçisiniň onlaýn-duşuşygy geçirildi

опубликованно 26.06.2020 // 221 - просмотров
 

Wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredow BMG-nyň Baş sekretarynyň özgertmeler meseleleri boýunça Ýörite geňeşçisi jenap Ýens Wandel bilen wideomaslahat görnüşinde duşuşyk geçirdi.

Taraplar Türkmenistanyň BMG we onuň ýörite düzümleri bilen hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, COVID-19 pandemiýasyna garşy durmakda we onuň ýetiren durmuş-ykdysady zelelini ýeňip geçmekde tagallalary utgaşdyrmagyň möhümligi bellenildi.

Şu jähtden Türkmenistanda howply keselleriň öňüni almak, şol sanda keselleriň ýaýramagyna garşy göreş boýunça Adatdan daşary toparyň işi, Türkmenistanyň ýiti ýokanç kesellere taýýarlygyny üpjün etmegiň Meýilnamasy, şeýle hem ýurduň COVID-19 keseline garşy tehnologiýalaryň elýeterlik Binýadyna goşulmak babatda alyp barýan işleri beýan edildi.

Pandemiýa garşy çäreleriň maddy-tehniki üpjünçiligi ulgamyny goldamagyň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşygyň gün tertibine bilelikdäki taslamalary we maksatnamalary durmuşa geçirmek, şeýle hem Türkmenistan bilen BMG-nyň gatnaşyklarynyň geljegi barada meseleler girizildi.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter