Resmi habarlar 21-nji Awgust | TDH
Resminamalar

Resmi habarlar 21-nji Awgust

 

Türkmenistanyň ilatynyň awtomobil gatnamalaryna bolan isleglerini talaba laýyk kanagatlandyrmak, awtomobil ulaglarynda ýolagçylaryň ýokary hilli gatnadylmagyny, olara medeniýetli hyzmat edilmegini gazanmak, şeýle hem “Awtomobil ulagy hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ýolagçylary we goşlary awtoulagda daşamagyň düzgünleri tassyklanyldy.

***

“Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakyndaky”, “Ätiýaçlandyryş hakyndaky” we “Gymmatly kagyzlar bazary hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunlaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ätiýaçlandyryş babatyndaky işi ygtyýarlylandyrmak hakyndaky Düzgünnama, gymmatly kagyzlar bazarynda hünär işini ygtyýarlylandyrmak hakyndaky Düzgünnama tssyklanyldy.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter