Türkmenistanyň we BAE-niň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda onlaýn-gepleşikler geçirildi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň we BAE-niň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda onlaýn-gepleşikler geçirildi

опубликованно 22.06.2020 // 162 - просмотров
 

Wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredow Birleşen Arap Emirlikleriniň daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministri Abdalla ben Zaid Al Nahaýýan bilen onlaýn-gepleşikler geçirdi.

Taraplar syýasy-diplomatiýa, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini, sebit we halkara derejesindäki meseleleriň esasy ugurlary boýunça garaýyşlarynyň meňzeşdigini, şeýle hem BMG-nyň we beýleki abraýly guramalaryň çäklerinde özara gatnaşyklaryň üstünlikli tejribesini bellediler.

Koronawirus temasyna degip geçmek bilen, ministrler COVID-19 keseline garşy durmak boýunça utgaşykly iş alyp barmagyň we ylym diplomatiýasynyň gurallaryny işjeň ulanmagyň zerurlygyny nygtadylar.

Özara gatnaşyklaryň geljegini ara alyp maslahatlaşmak jähtinden Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki komitetiň işi we onuň nobatdaky mejlisiniň deslapky senesi bellenildi.

Taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge, şeýle hem medeni we ylym-bilim ulgamlarynda gatnaşyklary giňeltmäge gyzyklanma bildirýändiklerini beýan etdiler.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter