Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow russiýaly kosmonawt Oleg Kononenkony doglan güni bilen gutlady | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow russiýaly kosmonawt Oleg Kononenkony doglan güni bilen gutlady

опубликованно 21.06.2020 // 281 - просмотров
 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Gahrymany, Kosmos işi boýunça «Roskosmos» döwlet korporasiýasynyň tälimçi-kosmonawt-synagçysy, kosmonawtlar toparynyň serkerdesi Oleg Kononenko doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

«Biz Türkmenistanda watandaşymyzyň köp ýyllaryň dowamynda dünýä kosmonawtikasynyň ösmegine saldamly goşant goşup, ýaş nesilleri uly üstünlikleri gazanmaga ruhlandyrýandygyny aýratyn buýsanç duýgusy bilen synlaýarys» diýip, döwlet Baştutanymyz Oleg Kononenko tüýs ýürekden berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, bagtyýarlyk hem-de alyp barýan işlerinde täze ýeňişleri gazanmagyny arzuw etdi.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter