Türkmen Lideri Gazagystan Respublikasynyň ilkinji Prezidentine hat ýollady | TDH
Syýasat habarlary

Türkmen Lideri Gazagystan Respublikasynyň ilkinji Prezidentine hat ýollady

опубликованно 20.06.2020 // 355 - просмотров
 

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti — Ýelbasy Nursultan Nazarbaýewe hat ýollady. Döwlet Baştutanymyz öz hatynda onuň koronawirus ýokanjy bilen keselländigi baradaky habary uly gynanç bilen kabul edendigini belleýär.

«Gujur-gaýratyňyz we güýçli erkiňiz bilen Siziň bu keseli gysga wagtda ýeňip geçjekdigiňize berk ynanýaryn. Durmuşyň şu agyr günlerinde Sizi hemmetaraplaýyn goldamaga we zerur bolan halatynda ýardam bermäge taýýardygymyzy mälim etmek isleýärin» diýip, döwlet Baştutanymyz Nursultan Abişewiçe tüýs ýürekden tiz wagtda sagalmagyny, berk jan saglyk we uzak ömür arzuw etdi.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter