Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Prezident Emomali Rahmonyň arasynda gepleşikler geçirildi | TDH
Syýasat habarlary

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Prezident Emomali Rahmonyň arasynda gepleşikler geçirildi

 

Aşgabat, 20-nji awgust (TDH). Şu gün türkmen paýtagtynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we düýn ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň arasynda gepleşikler geçirildi.

Irden belent mertebeli myhman özi üçin niýetlenen kabulhanadan Aşgabat şäheriniň merkezinde ýerleşýän Garaşsyzlyk meýdanyna tarap ugrady. Bu ýerde belent mertebeli myhmany milli Liderimiz garşylady.

Iki ýurduň Baştutanlary dostlarça salamlaşyp, ýörite bellenen ýere barýarlar. Bu ýerde, meýdanda Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini resmi taýdan garşylamak dabarasy boldy.

Hormat garawuly rotasynyň serkerdesi dabaraly ýagdaýda hasabat berýär. Täjigistan Respublikasynyň we Türkmenistanyň Döwlet senalary ýaňlanýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Prezident Emomali Rahmon Hormat garawulynyň nyzamynyň öňünden geçýärler. Türkmen Lideri belent mertebeli myhmany Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrýar. Dostlukly ýurduň baştutany ýurdumyzda işleýän diplomatiki wekilhanalaryň ýolbaşçylary bilen hem tanyşýar. Öz nobatynda, Täjigistanyň Prezidenti hormatly Prezidentimizi öz ýurdunyň hökümet wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrýar.

Resmi garşylanyş dabarasy tamamlanandan soň, hormat garawulynyň esgerleri Garaşsyzlyk meýdanyndan dabaraly ýöräp geçýärler.

Soňra iki ýurduň Liderleri Ruhyýet köşgüne tarap ugraýarlar.

Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi taýdan surata düşmek dabarasyndan soň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täjik Liderini “Beg” otagyna çagyrýar, şol ýerde ikiçäk gepleşikler geçirildi.

Milli Liderimiz Prezident Emomali Rahmony türkmen topragynda mähirli mübärekläp we ýurdumyza resmi sapar bilen gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirip, şu gepleşikleriň iki döwletiň we halklaryň arasyndaky dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi. Türkmenistan bu gepleşiklere uly ähmiýet berýär. Döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasyndaky birek-birege hormat goýmak we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklaryň syýasy-diplomatiki, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda oňyn häsiýete eýedigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýyl türkmen halkynyň bütin dünýä bileleşigi bilen bilelikde taryhy senäni-ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygyny belleýändigini aýdyp, Prezident Emomali Rahmony bu şanly sene mynasybetli şu ýylyň dekabr aýynda Aşgabatda geçiriljek halkara maslahatyna we baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmaga çagyrdy.

Belent mertebeli myhman hormatly Prezidentimize mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, öz nobatynda, Aşgabatda ýene-de bolup görmek hem-de türkmen kärdeşi bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşmak mümkinçiligine örän şatdygyny nygtady. Täjik Lideri döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejesini kanagatlanmak bilen belläp, bar bolan uly kuwwaty hem-de iki ýurduň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen, Täjigistan Respublikasynyň netijeli gatnaşyklary has-da ösdürmäge ygrarlydygyny tassyklady. Döwletara gatnaşyklary bolsa mizemez dostluk, doganlyk we özara ynanyşmak däplerine esaslanýar.

Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Türkmen döwletiniň dünýä giňişligindäki möhüm ornuny hem-de türkmen Lideriniň öňe sürýän döredijilik başlangyçlarynyň wajypdygyny nygtap, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan Türkmenistana berlen Bitaraplyk halkara-hukuk derejesiniň ähmiýetini belledi.

Dostluk ýagdaýynda geçen gepleşikleriň barşynda Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň Baştutanlary ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem sebit derejesinde üstünlikli ösdürilýän döwletara gatnaşyklarynyň giň meselelerine garadylar. Söhbetdeşler netijeli türkmen-täjik hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek üçin ägirt uly kuwwatyň bardygyny kanagatlanma bilen belläp, taraplaryň şol kuwwatdan netijeli peýdalanylmagyny üpjün etmäge taýýardygyny nygtadylar.

Duşuşygyň çäklerinde ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek, şeýle hem özara bähbitli gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin açylýan täze mümkinçilikler bilen baglylykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi barada özara gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Söwda-ykdysady ulgam, ýangyç-energetika toplumy, energetika, ulag we beýleki pudaklar hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Türkmenistanyň hem-de Täjigistan Respublikasynyň Prezidentleri ynsanperwer ulgamda özara gatnaşyklaryň ähmiýetini nygtap, iki ýurduň arasyndaky bilim we ylym, şeýle hem medeni ulgamlardaky gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmegiň möhümdigini bellediler. Iki ýurduň dostlukly halklaryny bolsa taryhy we ruhy ýakynlyk baglanyşdyrýar.

Taraplar özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara syýasatynyň wajyp meseleleriniň birnäçesi boýunça hem pikir alyşdylar.

Soňra gepleşikler “Ruh” otagynda giňişleýin düzümde, iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda dowam etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmony we onuň ýanyndaky wekiliýetiň agzalaryny mähirli mübärekläp, täjik Liderine Türkmenistana resmi sapar bilen gelip görmek baradaky çakylygy kabul edendigi hem-de iki ýurduň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de giňeltmek hem-de pugtalandyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz dürli ulgamlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň okgunly häsiýete eýedigini kanagatlanmak bilen belläp, soňky ýyllarda döwlet, hökümet we pudak derejesinde geçirilýän duşuşyklaryň yzygiderli häsiýete eýe bolandygyny nygtady.

Türkmen Lideri sebit we ählumumy ösüşiň düýpli meseleleri boýunça Türkmenistanyň hem-de Täjigistanyň garaýyşlarynyň gabat gelýändigini belledi. Ilkinji nobatda, biziň ýurtlarymyz Merkezi Aziýada durnuklylygy we howpsuzlygy saklamak hem-de pugtalandyrmak, gapma garşylykly ýagdaýlara ýol bermezlik, ähli meseleleri syýasy-diplomatiki çäreler arkaly çözmek, özara düşünişmegi hem-de hoşniýetli goňşuçylygy pugtalandyrmak, köptaraply bähbitleri berjaý etmek we nazara almak ugrunda çykyş edýärler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow diňe şeýle esasda Merkezi Aziýa döwletlerini ykdysady taýdan okgunly ösdürmek we döwrebaplaşdyrmak, sebitimizi yklymda strategiki durnuklylygyň ygtybarly merkezine öwürmek, onuň dünýä hojalyk gatnaşyklaryna üstünlikli goşulyşmagyny üpjün etmek boljakdygyny nygtady.

Türkmen Lideri bu baradaky gürrüňi dowam edip, şu maksatlara ýetmekde Türkmenistanyň we Täjigistanyň ählumumy syýasy giňişliginde, ilkinji nobatda, halkara düzümlerinde--Birleşen Milletler Guramasynda, Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynda, beýleki halkara guramalarynyň birnäçesinde hyzmatdaşlygyna hem-de gatnaşyklaryna möhüm orun degişlidigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistanyň BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň, UNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna saýlawlarda Türkmenistanyň kandidaturasyny, ýurdumyzyň energetika, ulag, ekologiýa we ynsanperwer ulgamlardaky başlangyçlaryny goldandygyny kanagatlanmak bilen belledi. Döwlet Baştutanymyz öz nobatynda, türkmen tarapynyň hem täjik tarapynyň BMG-niň düzümlerinde we beýleki halkara guramalarynda işini goldaýandygyny nygtady.

Milli Liderimiz terrorçylyga, ekstremistik taglymy ýaýratmak synanyşyklaryna, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygy, ýarag gaçakçylygy, adam söwdasy bilen meşgullanýan jenaýatçylykly toparlaryň hereketine garşy göreşmegi şu gepleşikleriň gün tertibine girizilen möhüm meseleleriň hatarynda görkezdi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň we Täjigistanyň bu meselelerde ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde, sebitiň beýleki ýurtlary we halkara guramalary bilen bilelikde hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow duşuşygyň aýratyn meselesiniň Owganystandaky ýagdaý bilen baglanyşyklydygyny belläp, ýurtlarymyzyň Owganystandaky ýagdaýy diňe parahatçylykly, syýasy serişdeler bilen, giň umumymilli gepleşikleriň esasynda kadalaşdyryp boljakdygy barada bir pikirdedigini nygtady. Owganystanyň içindäki meseleleri harby, güýç ulanmak arkaly çözmek netijesizdir hem-de bu usulyň geljegi ýokdur diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi we ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda halkara bileleşiginiň parahatçylyk döredijilik kuwwatyndan Owganystanda has işjeň hem-de giňden peýdalanmagyň wajypdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz biziň ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasyna şu meselede hemmetaraplaýyn ýardam bermäge taýýardygyny tassyklady hem-de bu babatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasynyň sebit merkeziniň möhüm orun eýelemelidigini nygtady.

Türkmenistan hem-de Täjigistan Owganystanyň hökümetine işjeň halkara goldawynyň berilmegi, bu ýurduň sebit we halkara ykdysady çärelerine netijeli goşulyşmagyna ýardam edilmegi ugrunda çykyş edýärler. Hususan-da, munuň özi energetika we ulag ýaly möhüm ulgamlara degişlidir.

Milli Liderimiz häzirki wagtda ynsanperwer ulgamy, ykdysadyýetiň we durmuş ulgamynyň dürli ugurlary üçin ýokary hünärli milli işgärleri taýýarlamak babatda ýardam bermegiň owgan halkyny goldamagyň möhüm meseleleri bolup durýandygyny aýdyp, Türkmenistanyň hem-de Täjigistanyň degişli halkara düzümleri bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyga taýýardygyny nygtady.

Soňra türkmen Lideri howpsuzlygy üpjün etmegiň möhüm ulgamy bolan ýaragsyzlanmak babatda iki dostlukly ýurduň berk orun eýeleýändigini belledi. Biziň döwletlerimiz Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky ylalaşyga gatnaşyjylar bolup durýar. Döwlet Baştutanymyz bu ylalaşygyň demirgazyk ýarym şarda şeýle ylalaşyklaryň ilkinjisidigini we yklymda parahatçylygy hem-de durnuklylygy saklamakda möhüm orun eýeleýändigini aýtdy. Ýaraglaryň ýaýradylmazlyk ýagdaýyna ygrarlylygyň hem-de ylalaşygyň ähli düzgünlerini berk berjaý etmegiň esasynda sebitde bu işlere mundan beýläk-de bilelikde goldaw bermek barada ylalaşyldy.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Merkezi Aziýadaky suw-energetika meselelerine aýratyn üns berildi. Biziň pikirimizçe, bu meselelere halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynyň esasynda, sebitiň ähli döwletleriniň bähbitlerine hormat goýmak we nazara almak hem-de halkara guramalarynyň gatnaşmagynda garalmalydyr we çözülmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Ekologiýa meselesi boýunça özara gatnaşyklar ikitaraplaýyn hem-de halkara derejesinde ýurtlarymyzyň hyzmatdaşlygynyň wajyp ugry bolup durýar diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Merkezi Aziýa sebitinde tebigaty goramak ulgamynda halkara gatnaşyklary meseleleri boýunça hemişelik esasda ýöriteleşdirilen düzümleri döretmek boýunça işleri işjeňleşdirmegi hem-de anyklaşdyrmagy teklip edýändigini aýtdy. Milli Liderimiz, hususan-da, gürrüňiň BMG-niň howandarlygynda we işjeň gatnaşmagynda howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek barada barýandygyny belläp, ýurdumyzyň bu teklip bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň öňümizdäki mejlisinde çykyş etjekdigini nygtady. Hormatly Prezidentimiz şu meselede Türkmenistanyň täjik tarapynyň goldawyna bil baglaýandygyny aýtdy.

Milli Liderimiz söwda-ykdysady ulgamda Türkmenistanyň we Täjigistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň yzygiderli ösýändigini aýdyp, bu ulgamda hyzmatdaşlygyň ygtybarly hukuk binýadynyň işlenip taýýarlanandygyny kanagatlanmak bilen belledi. Döwlet Baştutanymyz Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara toparynyň ornuny nygtap, özara söwdanyň we maýa goýumlarynyň möçberlerini artdyrmak, dürli pudaklarda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak, özara gatnaşyklaryň täze ugurlaryny kesgitlemek üçin ägirt uly kuwwatyň bardygyny belledi. Bu toparyň altynjy mejlisi şu ýylyň aprel aýynda Duşenbe şäherinde geçirildi.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz iki ýurduň işewür toparlarynyň ugry boýunça hyzmatdaşlyga, telekeçileriň arasyndaky işjeň gatnaşyklary giňeltmäge uly ynam bildirilýändigini aýtdy. Biziň ýurtlarymyzyň ykdysadyýetleri okgunly ösýär, önümçilige we hyzmatlar ulgamyna bazar gatnaşyklarynyň gurallary işjeň ornaşdyrylýar. Milli Liderimiz: “Biz goňşulardyrys, bu babatda iki halkyň gadymdan gelýän we üstünlikli ösdürilýän däp-dessurlary bar, biziň adamlarymyz birek-birege oňat düşünýärler we ynanýarlar” diýip, bu mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmagyň, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň wajypdygyny nygtady.

Häzirki wagtda iki ýurduň strategiki pudaklardaky—energetika we ulag ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy aýratyn ähmiýete eýedir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi we Türkmenistanyň hem-de Täjigistanyň bu ulgamlarda sebit we yklym derejesindäki taslamalara işjeň goşulyşmagynyň onýyllyklar öňünden milli ykdysadyýetleriň okgunly ösmegini üpjün etjekdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan-Özbegistan-Täjigistanyň-Gyrgyzystan-Hytaý ugry boýunça täze gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmäge ägirt uly ähmiýet berilýändigi bellenildi.

Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, Lebap we Mary welaýatlarynda gurulýan täze energiýa kuwwatlyklary türkmen elektrik energiýasyny eksport etmegiň möçberlerini, iň pesinden, bäş esse artdyrmaga ýardam eder.

Milli Liderimiz bu baradaky gürrüňi dowam edip, Türkmenistanyň hem-de Täjigistanyň Ýewropanyň we Aziýanyň çatrygynda geografiki taýdan möhüm hem-de amatly ýagdaýy eýeleýändigini belledi. Munuň özi halkara ulag geçelgeleriniň taslamalarynyň durmuşa geçirilmegini nazara almak bilen, ulag-üstaşyr ulgamda ysnyşykly hyzmatdaşlygyň zerurlygyny şertlendirýär. Şunuň bilen baglylykda, iki dostlukly ýurduň gatnaşmagynda täze demir ýollaryň hem-de awtomobil ýollarynyň gurluşygy möhüm orun eýeleýär. Türkmen Lideri munuň döwletlerimiziň we tutuş Merkezi Aziýanyň ykdysady taýdan okgunly ösmegine kuwwatly itergi berjekdigine, maýa goýumlarynyň gelmegi, beýleki sebitler bilen gatnaşyklary ösdürmek hem-de diwersifikasiýalaşdyrmak üçin oňaýly şertleri döretjekdigine ünsi çekip, şu artykmaçlyklardan netijeli peýdalanmagyň, bilelikdäki kuwwatlyklary has doly ulanmagyň wapypdygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz döwletara gatnaşyklarynyň ynsanperwer meselelerine geçip, medeniýet we ylym ulgamlarynyň Täjigistan Respublikasy bilen gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nygtady. Milli Liderimiz türkmenleriň hem-de täjikleriň baý medeni we ylmy däpleriň mirasdüşerleridigini hem-de olary aýawly goraýjylardygyny, ýurtlarymyzda öz işiniň ajaýyp ussatlarynyň ýaşaýandyklaryny we döredýändiklerini aýdyp, iki halkyň sungatyna hem-de edebiýatyna özara gyzyklanmanyň örän uludygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň maý aýynda Täjigistanyň Duşenbe şäherinde hem-de Hatlon welaýatynda guralan çäreleri, şol sanda iki ýurduň sungat ussatlarynyň bilelikdäki konsertini, Türkmenistanyň medeniýet we sungat eserleriniň sergisini aýdyň mysal hökmünde görkezdi. Türkmenistanyň Baştutany beýik türkmen şahyrlary we akyldarlary Magtymguly Pyragynyň hem-de Andalybyň goşgular ýygyndylarynyň täjik diline terjime edilmeginiň soňky döwürdäki möhüm medeni wakalara öwrülendigini aýtdy.

Milli Liderimiz bilim we ylym ulgamlarynda türkmen-täjik hyzmatdaşlygy barada durup geçip, Türkmenistanyň hem-de Täjigistanyň raýatlarynyň iki ýurduň ýokary okuw mekdeplerinde okamagynyň ýola goýlandygyny, belli ylym işgärleriniň arasynda yzygiderli duşuşyklaryň geçiriläýndigini kanagatlanmak bilen belledi. Döwlet Baştutanymyz bu çäreleri höweslendirmegiň göz öňünde tutulýandygyny aýdyp, mundan beýläk hem giň medeni we ylmy alyşmalara yzygiderlilik esasynda işjeň ýardam beriljekdigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu baradaky gürrüňi dowam edip, Türkmenistanyň we Täjigistanyň taryhynyň özara baglanyşyklydygyny, halklarymyzyň asyrlaryň dowamynda goňşy bolup ýaşaýandygyny belledi. Milli Liderimizi iki döwletiň wezipesiniň ynsanperwer gatnaşyklara işjeň ýardam bermekden, adamlaryň isleglerine we döwrüň talaplaryna laýyklykda munuň üçin ähli şertleri döretmekden ybaratdygyny aýdyp, bu ugurda bilelikdäki işiň dowam etdiriljekdigini nygtaly. Şunuň bilen baglylykda, giň ynsanperwer gatnaşyklary üpjün etmegiň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmegiň möhümdigi bellenildi.

Sport ulgamy hem türkmen-täjik hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Milli Liderimiz 2017-nji ýylda Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçiriljekdigini belläp, bu ulgamda hyzmatdaşlygy ösdürmek we tälimçileriň hem-de türgenleriň arasynda netijeli gatnaşyklary ýola goýmak üçin ähli şertleriň döredilmeginiň wajypdygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, bilelikdäki tagallalaryň netijesinde Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklar okgunly ösýär. Şol gatnaşyklara deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, açyklyk we özara ynanyşmak, iki doganlyk halkyň hem-de döwletiň arasyndaky dostlugy we hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň möhümdigine düşünmek ýagdaýlary mahsusdyr. Türkmen-täjik gatnaşyklary köpasyrlyk hoşniýetli goňşuçylyk däplerine, taryhyň, medeniýetiň, däp-dessurlaryň, ruhy we durmuş gymmatlyklarynyň umumylygyna, döwrüň täze wehimlerine öz wagtynda we netijeli jogap bermek üçin ysnyşykly gatnaşyklary we tagallalaryň birleşdirilmegini talap edýän häzirki döwrüň ýagdaýlaryna düşünmäge esaslanýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça özara düşünişmegiň gazanylýandygyny hem-de täjik tarapy bilen hyzmatdaşlyga taýýardygyny nygtap, ýurdumyzyň bu ýagdaýa ýokary baha berýändigini hem-de şeýle garaýşy birek-birege goldaw bermegiň binýady, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň doganlyk häsiýetiniň mizemezliginiň girewi, Türkmenistanyň we Täjigistanyň halklarynyň abadançylygynyň bähbidine şol gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň kepili hasaplaýandygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyzy şu günki duşuşygyň iki döwletiň döwletara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge, syýasy, söwda-ykdysady we ynsanperwer gatnaşyklary has-da berkitmäge taýýardygynyň, gol çekmäge taýýarlanylan ikitaraplaýyn resminamalaryň munuň aýdyň subutnamasydygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz sözüniň ahyrynda dostlukly ýurduň ähli halkyna parahatçylyk we abadançylyk arzuw etdi, Prezident Emomali Rahmona türkmen-täjik gatnaşyklaryny pugtalandyrmak işine uly üns berýändigi hem-de saldamly goşant goşýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Täjigistan Respublikasynyň Prezidentine söz berilýär.

Täjik Lideri türkmen döwletiniň Baştutanyna Türkmenistana resmi sapar bilen gelip görmek baradaky çakylygy hem-de myhmansöýer türkmen topragynda mähirli garşylanandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, halklarymyzy dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň, taryhyň dowamynda kemala gelen ruhy-medeni gatnaşyklaryň baglanyşdyrýandygyny nygtady. Olar döwletara gtanaşyklaryny ösdürmek üçin ygtybarly esas bolup durýar.

Türkmenistanda hormatly Prezidentiň ýolbaşçylygynda giň möçberli milli maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigine, ykdysadyýetiň okgunly ösýändigine, ähli pudaklaryň bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlanýandygyna, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny, “Demirgazyk-Günorta” halkara demir ýoluny, ýokary tizlikli Aşgabat-Türkmenabat awtomobil ýoluny, Türkmenbaşydaky deňiz menzilini, Aşgabatdaky Olimpiýa toplumyny gurmak ýaly iri taslamalaryň tapgyrlaýyn durmuşa geçirilýändigine Täjigistanda tüýs ýürekden guwanýarlar.

Belent mertebeli myhman türkmen Lideri tarapyndan Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýlip yglan edilen 2015-nji ýylyň Türkmenistan üçin aýratyn ýyldygyny nygtady hem-de şu ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky” ýörite kararnamasynyň kabul edilmeginiň 20 ýyllygy bilen baglanyşyklydygyny belledi. Täjik Lideri pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimize bu waka mynasybetli guraljak çärelere gatnaşmaga çakylyk üçin hoşallyk bildirdi.

Prezident Emomali Rahmon häzirki wagtda gatnaşyklarymyzyň täze many-mazmun, şol sanda syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer häsiýetli mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny belläp, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmekde hem-de çuňlaşdyrmakda Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki täjik-türkmen hökümetara toparynyň möhüm orun eýeleýändigini nygtady.

Belent mertebeli myhman döwletara gatnaşyklarynyň şertnamalaýyn-hukuk binýady gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalaryň 70-e golaýyndan ybaratdyr diýip, sözüni dowam etdi hem-de iki ýurduň hojalyk edaralarynyň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmak, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek, türkmen nebit önümlerini Täjigistanyň bazarlaryna ibermek we ýerlemek ulgamynda bilelikdäki kärhanalary döretmek arkaly söwda, energetika, senagat, ulag, oba hojalygy ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.

Täjik Lideriniň belleýşi ýaly, medeni-ynsanperwer ulgamda gatnaşyklar işjeň ösdürilýär. Belent mertebeli myhman Täjigistanda we Türkmenistanda Medeniýet günlerini geçirmegiň ajaýyp däbe öwrülendigini aýdyp, ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde uly ösüşiň hem-de ýokary netijeleriň gazanylandygyna garamazdan, entek Täjigistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky köp ugurly hyzmatdaşlygyň kuwwatyndan doly peýdalanylmaýandygyny belledi.

Prezident Emomali Rahmon söwda-ykdysady gatnaşyklar meselesi baradaky gürrüňi dowam edip, bu babatda ulanylmaýan uly kuwwatyň bardygyny nygtady. Şol kuwwatdan netijeli peýdalanylmagy bolsa gatnaşyklary has-da ösdürmek üçin uly mümkinçilikleri açýar. Ykdysady we söwda gatnaşyklaryny ösdürmek üçin Täjigistanyň hem-de Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekilleriniň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmak maksadalaýyk bolar. Täjik Lideri şu babatda Täjik-türkmen işewürler geňeşiniň döredilmeginiň, Täjigistanda we Türkmenistanda Söwda öýleriniň açylmagynyň, ýurtlarymyzyň ykdysadyýetleriniň birnäçe pudaklarynda bilelikdäki kärhanalaryň döredilmeginiň hem-de olaryň işiniň guralmagynyň oňat mysal bolup biljekdigini aýtdy.

Täjik Lideri ykdysady hyzmatdaşlygy ýokary depginler bilen ösdürmegiň wajypdygyny belläp, döwletara ylalaşyklarynyň ýerine ýetirilmeginiň, soňra bolsa gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmeginiň iki ýurduň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklary okgunly ösdürmäge kuwwatly itergi berjekdigini nygtady.

Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek barada durup geçip, bilelikdäki Hökümetara toparynyň teswirnamasyna laýyklykda, şu ýylyň aprel aýynda bu ulgamda hyzmatdaşlygy ösdürmek barada çözgüdiň kabul edilendigini kanagatlanmak bilen belledi. Täjik Lideri taraplar mundan beýläk-de tejribe alyşmak üçin saglygy goraýyş we bilim edaralarynyň arasynda özara gatnaşyklaryň başyny başlandygyny aýdyp, şu gün degişli ylalaşyga gol çekilmegi bilen, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň berk hukuk binýadyna eýe boljakdygyna ynam bildirdi.

Belent mertebeli myhman bilim ulgamyny döwletara gatnaşyklarynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezdi. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Emomali Rahmon bu ulgamda ýola goýlan netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga meýillidigini aýtdy.

Dostlukly ýurduň Baştutany halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde ysnyşykly hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň tutuş toplumynda möhüm meseleleriň hatarynda görkezdi. Bellenilişi ýaly, biziň ýurtlarymyz BMG, ÝHHG, GDA, UNESKO, YHG, TRASEKA, ÝB+ Merkezi Aziýa, Ýaponiýa+Merkezi Aziýa ýaly halkara hem-de sebit guramalarynyň çäklerinde birek-biregiň başlangyçlaryny goldap, wajyp halkara meseleleriniň ençemesi, şol sanda owgan meselesi boýunça bitewi garaýyşdan çykyş edýärler.

Sözüniň ahyrynda Prezident Emomali Rahmon gadymdan gelýän dostluk ýörelgelerine esaslanýan täjik-türkmen gatnaşyklarynyň mundan beýläk hem okgunly ösdüriljekdigine, täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdi. Belent mertebeli myhman pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň ýollaryny kesgitlemek üçin Täjigistan Respublikasyna resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy.

Giňişleýin düzümde gepleşikler tamamlanandan soň, Ruhyýet köşgüniň “Şat” otagynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Kitaphanaçylyk işi babatda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy bilen Täjigistan Respublikasynyň Milli kitaphanasynyň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň ýanyndaky Telewideniýe we radio baradaky komitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşyga, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Täjigistan Respublikasynyň Saglygy goraýyş we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň arasynda saglygy goraýyş babatda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşyga, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2016-2017-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasyna gol çekilýär.

Ýygnananlaryň el çarpyşmasy astynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon Bilelikdäki beýannama gol çekýärler.

Ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soňra, iki döwletiň Baştutanlary “Habar” otagyna barýarlar, şol ýerde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.

Hormatly Prezidentimiz ýokary derejedäki duşuşygyň netijelerini teswirläp, Täjigistan Respublikasynyň Prezidentine we dostlukly ýurduň wekiliýetiniň agzalaryna geçirilen oňyn gepleşikler üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Şol gepleşikleriň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýagdaýy we geljegi, özara gyzyklanma bildirilýän sebit hem-de halkara syýasatynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, geljekki gatnaşyklaryň anyk ugurlary kesgitlenildi.

Duşuşygyň barşynda ähli ugurlar boýunça—syýasatda, ykdysadyýetde we medeni-ynsanperwer ulgamlarda döwletara gatnaşyklarynyň häzirki derejesine ýokary baha berildi. Döwlet Baştutanymyz ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk hem-de özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda okgunly we yzygiderli ösdürilýändigini kanagatlanmak bilen belledi.

Milli Liderimiz Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistanyň sebitdäki möhüm we ygtybarly hyzmatdaşydygyny aýdyp, biziň ýurtlarymyzyň Merkezi Aziýada parahatçylygy, durnuklylygy hem-de howpsuzlygy üpjün etmek, sebit hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek üçin amatly şertleri döretmek işinde işjeň gatnaşyk edýändigini nygtady. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň we Täjigistanyň hyzmatdaşlygynyň häzirki wagtda Merkezi Aziýa giňişliginde hem-de oňa ýanaşyk zolaklarda durnuklylygyň hem-de ösüşiň möhüm şerti bolup durýandygyny aýtdy. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, ýurtlaryň ikisi hem bu sebiti gapma-garşylyklardan azat zolaga, yklymda uzakmöhletleýin durnuklylygyň ygtybarly bölegine, giň halkara hyzmatdaşlyk merkezine öwürmek ugrunda çykyş edýär.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Owganystandaky ýagdaýy kadalaşdyrmagyň ýollary babatda ýurtlarymyzyň arasynda özara düşünişmek ýagdaýynyň bardygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň hem, Täjigistanyň hem owgan meselesiniň parahatçylyk, syýasy-diplomatiki serişdeler arkaly, Birleşen Milletler Guramasynyň we onuň ýöriteleşdirilen düzümleriniň, hususan-da, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasynyň sebit merkeziniň işjeň goşulyşmagynda çözülmegi ugrunda çykyş edýändigini aýtdy.

Häzirki wagtda Owganystanyň durmuş-ykdysady düzümini çalt dikeltmek, bu ýurduň sebit we dünýä hojalyk gatnaşyklar ulgamyna goşulyşmagyna gönükdirilen möhüm taslamalary amala aşyrmak örän wajypdyr diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi hem-de şundan ugur almak bilen, Türkmenistanyň dostlukly Owganystanyň gatnaşmagynda iri energetika we ulag taslamalaryny durmuşa geçirmäge aýratyn ähmiýet berýändigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda täze energiýa kuwwatlyklarynyň işe girizilmegini nazara almak bilen, goňşy ýurda iberilýän elektrik energiýasynyň möçberlerini birnäçe esse artdyrmaga taýýardygyna ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow taraplaryň halkara bileleşigi tarapyndan Owganystanyň hökümetine syýasy we ynsanperwer goldawynyň berilmelidigi barada aýdandygyny nygtady.

Türkmen döwletiniň Baştutany ählumumy gün tertibiniň bütin dünýäde parahatçylygy we durnuklylygy gorap saklamak, halkara terrorçylygynyň, ekstrezmiň howplaryna, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek, ýaragsyzlanmak ýaly möhüm meseleleri boýunça iki ýurduň çemeleşmeleriniň umumylygyny kanagatlanmak bilen belledi. Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Ylalaşyga gatnaşýan ýurtlar hökmünde Türkmenistan we Täjigistan mundan beýläk hem sebitde ýaragsyzlanmak işine ýardam bererler diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Hormatly Prezidentimiz bu babatda biziň ýurtlarymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň, Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň we beýleki düzümleriň çäklerinde degişli halkara guramalary bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyga taýýardyklaryny beýan edýärler diýdi.

Nygtalyşy ýaly, gepleşikleriň barşynda Merkezi Aziýada suw-energetika meselelerine aýratyn üns berildi. Taraplaryň pikirine görä, şol meseleler halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalary, birek-birege hormat goýmak hem-de sebitiň ähli döwletleriniň bähbitlerini nazara almak esasynda we halkara guramalarynyň gatnaşmagynda çözülmelidir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ekologiýa ulgamynda türkmen-täjik gatnaşyklarynyň meseleleri barada durup geçip, Türkmenistanyň Merkezi Aziýa sebitinde tebigaty goraýyş ulgamynda hemişelik esasda ýöriteleşdirilen düzümleri döretmek boýunça işleri işjeňleşdirmegi hem-de anyklaşdyrmagy teklip edýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz BMG-niň howandarlygynda hem-de işjeň gatnaşmagynda howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça Sebit merkezini döretmegiň möhümdigini aýtdy we bu teklibiň täjik tarapynyň goldawyna mynasyp boljakdygyna ynam bildirdi.

Türkmen Lideri Türkmenistanyň we Täjigistanyň ykdysady hem-de söwda ulgamyndaky hyzmatdaşlygy barada durup geçip, özara haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak, senagat, hyzmatlar ulgamynda we obasenagat toplumynda bilelikdäki giň möçberli taslamalara çykmak üçin maýa goýum syýasatyny işjeňleşdirmek barada ylalaşylandygyny aýtdy. Milli Liderimiz şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň işewür toparlarynyň ugry boýunça hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň möhüm orun eýelemelidigini nygtady.

Energetika we ulag ulgamlary türkmen-täjik hyzmatdaşlygynyň strategiki ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, biziň ýurtlarymyz Türkmenistan-Özbegistan-Täjigistan-Gyrgyzystan-Hytaý gaz geçirijisini gurmak baradaky taslamany durmuşa geçirmäge uly ähmiýet berýärler.

Milli Liderimiz halkara ulag geçelgeleriniň taslamalarynyň durmuşa geçirilmegini nazara almak bilen, ulag-üstaşyr ulgamda ysnyşykly hyzmatdaşlygyň wajypdygyna aýratyn ünsi çekdi. Munuň özi iki ýurduň geografiki taýdan amatly ýerleşmegi bilen şertlendirilendir.

Döwlet Baştutanymyz çykyşyny dowam edip, gepleşikleriň barşynda iki ýurduň arasynda giň medeni-ynsanperwer, ylym-bilim we sport ulgamlaryndaky gatnaşyklary has-da ösdürmäge ýardam bermek we höweslendirmek barada ylalaşylandygyny nygtady.

Milli Liderimiz şu günki duşuşygyň netijelerine ýokary baha berip, gepleşikleriň oňyn we netijeli häsiýetini aýratyn belledi. Bu gepleşikler iki ýurduň gatnaşyklaryna mahsus bolan özara ynanyşmak we açyklyk ýagdaýynda geçdi. Hormatly Prezidentimiz gepleşikleriň netijeleri boýunça syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsaperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça resminamalaryň birnäçesine gol çekilendigini kanagatlanmak bilen belledi.

Döwlet Baştutanymyz ýurtlarymyzy we halklarymyzy hoşniýetli goňşuçylygyň köp asyrlyk däpleriniň, taryhyň, medeniýetiň, ruhy gymmatlyklaryň umumylygynyň baglanyşdyrýandygyny aýdyp, Täjigistan bilen gatnaşyklary pugtalandyrmaga möhüm ähmiýet berilýändigini belledi. Milli Liderimiz: “Biz bu gymmatlyklary aýawly saklaýarys, häzirki döwrüň ruhuna laýyklykda olary täze many-mazmun bilen baýlaşdyrýarys” diýip aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ähli ugurlar boýunça okgunly ösdüriljekdigine ynam bildirip, munuň iki ýurduň we halklaryň uzakmöhletleýin bähbitlerine laýyk gelýändigini, halkara prosesleriniň oňyn ösmeginiň, Merkezi Aziýada parahatçylygy we durnuklylygy saklamagyň hem-de pugtalandyrmagyň, onuň ykdysady ösüşiniň möhüm şerti bolup durýandygyny nygtady.

Türkmen Lideri ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmakda Täjigistanyň Baştutanynyň şahsy goşandyny aýratyn belläp, Prezident Emomali Rahmona Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk meselelerine yzygiderli üns berýändigi üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz sözüniň ahyrynda doganlyk täjik halkyna parahatçylyk we gülläp ösüş, döredijilikli zähmetde uly üstünlikler arzuw etdi.

Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Aşgabatda geçirilen ýokary derejedäki duşuşygyň netijelerini beýan edip, ýurtlarymyzy we halklarymyzy has-da ýakynlaşdyrmaga ýardam etjek şu saparyň netijelerine kanagatlanma bildirdi. Täjik Lideri geçirilen gepleşikleriň netijeleriniň üstünlikli gatnaşyklar üçin goşmaça şertleri döredip, soňky onýyllykda bu gatnaşyklaryň ýylsaýyn täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny aýtdy.

Prezident Emomali Rahmon häzirki wagtda Türkmenistanyň Täjigistanyň daşary syýasat strategiýasynda möhüm orunlaryň birini eýeleýändigini nygtap, täjik-türkmen hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna hem-de özara bähbitlilik esasynda ösdürilmegine gyzyklanma bildirýändigini tassyklady. Belent mertebeli myhmanyň belleýşi ýaly, hut şu meseleler Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen geçirilen gepleşikleriň barşynda ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu gepleşikler bolsa ikitaraplaýyn, sebit we halkara meseleleriniň ençemesini öz içine aldy.

Täjik Lideri bar bolan döwletara şertnamalaýyn--hukuk binýadynyň, ýurtlarymyzyň arasyndaky özara ynanyşmak ýagdaýynyň bilelikdäki döredijilikli meýilnamalary durmuşa geçirmek üçin ygtybarly esas bolup hyzmat edýändigini nygtady.

Täjigistan Respublikasynyň Baştutany söwda-ykdysady ulgamda hyzmatdaşlyk barada aýdyp, ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň möçberlerini ep-esli artdyrmak we harytlaryň sanawynyň düzümini kämilleşdirmek üçin köp ugurlar boýunça özara gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň wajypdygyny nygtady. Belent mertebeli myhman bilelikdäki kärhanalary, Söwda öýlerini açmagy möhüm çäreleriň hatarynda görkezip, ulag ulgamynda has ysnyşykly hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagynyň, işewür toparlaryň saparlarynyň tertibini ýeňilleşdirmegiň hem-de bilelikdäki Hökümetara toparynyň işini goldamagyň möhümdigini belledi.

Prezident Emomali Rahmon Täjigistanyň söwda-ykdysady gatnaşyklary çalt depginler bilen ösdürmegi wajyp hasaplaýandygyny, munuň beýleki ugurlar boýunça gatnaşyklary giňeltmek üçin oňaýly şertleri döredýändigini belledi. Belent mertebeli myhman türkmen-täjik gatnaşyklarynyň şertnamalaýyn-hukuk binýadynyň 70-e golaý resminamadan ybaratdygyny aýdyp, gazanylan ylalaşyklary takyk ýerine ýetirmegiň we gol çekilen döwletara resminamalarynyň durmuşa geçirilmeginiň wajypdygyny belledi. Täjik Lideri munuň bu ulgamda ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge kuwwatly itergi bermelidigini aýtdy.

Çykyşynyň dowamynda Prezident Emomali Rahmon Täjigistanyň, Owganystanyň we Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň soňky ýyllarda okgunly ösýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, ulag-üstaşyr düzümiň döredilmeginiň önümçiligiň dürli pudaklarynyň ösdürilmegine ýardam etjekdigi nygtaldy.

Belent mertebeli myhmanyň belleýşi ýaly, gepleşikleriň barşynda täjik tarapy Türkmenistanyň çägi boýunça öz ýolagçylarynyň gatnadylmagyny, ýükleriň daşalmagyny ýeňilleşdirmek babatdaky meýlini tassyklady. Täjigistan Respublikasynyň iki ýurduň paýtagtlarynyň arasynda göni howa we demir ýol ýolagçy gatnawlarynyň ýola goýulmagynyň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň kuwwatly şerti bolup biljekdigini aýtdy.

Dostlukly ýurduň Baştutany özara gatnaşyklaryň ynsanperwer ugruny ösdürmek meseleleri barada durup geçip, medeniýet we sungat ulgamynda hyzmatdaşlygyň ikitaraplaýyn maksatnamasyny durmuşa geçirmäge kuwwatly itergi bermegiň möhümdigini nygtady. Prezident Emomali Rahmon ýurtlarymyzyň Medeniýet günleriniň, türkmen we täjik filmleriniň hepdelikleriniň geçirilmeginiň, gürrüňsiz, ruhy taýdan ýakyn bolan halklarymyzyň arasyndaky dostluk, hyzmatdaşlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam etjekdiginiň ikuçsyzdygyny aýtdy. Prezident Emomali Rahmonyň nygtaýşy ýaly, Täjigistan öz tarapyndan iki halkyň abadançylygynyň bähbidine döwletara gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmak üçin ähli tagallalary eder.

Täjik Lideri sözüniň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýlip yglan edilmegi bilen baglanyşykly çärelere gatnaşmaga çakylyk üçin hoşallyk bildirdi. Prezident Emomali Rahmon Türkmenistanyň Baştutanyny türkmen-täjik hyzmatdaşlygyny has-da giňeltmek we gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň ýollaryny kesgitlemek meselelerini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, özi üçin islendik amatly wagtda Täjigistan Respublikasyna resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy.

Günüň ikinji ýarymynda Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna geldi.

Gül goýmak dabarasy tamamlanandan soň, dostlukly ýurduň Lideri “Watan mukaddesligi” muzeýine bardy. Bu muzeý özüne uzak ýyllaryň materiallaryny, arhiw suratlaryny, köpsanly neşirleri, täsin gymmatlyklary we türkmen ussatlarynyň sungat eserlerini birleşdirýär. Muzeý bilen tanyşlykdan soň, Prezident Emomali Rahmon Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.

Soňra belent mertebeli myhman Mejlisler merkezine we Söwda-senagat edarasynyň binasyna bardy. Täjik Lideri paýtagtymyzyň täze desgalary we bu ýerde iri resmi çäreleri, işewür duşuşyklary hem-de medeni we döredijilik çärelerini geçirmek üçin döredilen şertler bilen tanşyp, bu binalaryň özboluşlydygyny belledi. Olarda häzirki zaman binagärliginiň we inžener-tehniki pikiriň milli binagärligiň iň gowy däpleri bilen sazlaşykly utgaşýar.

Soňra täjik Lideri Olimpiýa şäherine baryp gördi we şol ýerde bu iri toplumyň sport desgalary bilen tanyşdy. Mälim bolşy ýaly, 2017-nji ýylda Olimpiýa şäherjiginiň desgalarynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary geçiriler. Häzirki wagtda bu ýerde gurluşyk işleri ýokary depginde alnyp barylýar, türgenler, tälimçiler hem-de bu halkara ähmiýetli waka gatnaşjak beýleki adamlar üçin oňaýly şertler döredilýär.

Agşam hormatly Prezidentimiz Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň hormatyna resmi agşamlyk naharyny berdi, onda iki ýurduň Liderleri geçirilen gepleşikleriň netijelerine doly kanagatlanma bildirdiler.

Soňra täjik Lideri paýtagtymyzyň Halkara howa menziline bardy we şol ýerden Watanyna ugrady.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter