Hökümetara türkmen-özbek toparynyň mejlisi | TDH
Syýasat habarlary

Hökümetara türkmen-özbek toparynyň mejlisi

 

Aşgabat, 19-njy awgust (TDH). Şu gün türkmen pagtagtynda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň nobatdaky, 11-nji mejlisi boldy. Oňa döwlet düzümleriniň birnäçesiniň, şol sanda iki ýurduň pudaklaýyn ministrlikleriniň hem-de edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.

Mejlise gatnaşmak üçin Özbegistan Respublikasynyň daşary ykdysady gatnaşyklar, maýa goýumlary we söwda ministri E.Ganiýewiň ýolbaşçylygynda goňşy döwletiň wekilçilikli topary Aşgabada geldi.

Mejlisiň barşynda türkmen-özbek gatnaşyklarynyň okgunly ösýän döwründe şu duşuşygyň ähmiýeti nygtaldy, şol hyzmatdaşlyga bolsa taraplaryň bilelikdäki tagallalary bilen kuwwatly itergi berildi. Yzygiderli geçiirlýän ýokary derejedäki duşuşyklar we gepleşikler, şeýle hem ähli ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlygy güýçlendirmäge gönüden-göni ýardam berýän dürli derejedäki wekilleriň işjeň gatnaşyklary muňa şaýatlyk edýär.

Öz hyzmatdaşlary bilen köpugurly işjeň gatnaşyklary ösdürmäge we pugtalandyrmaga taraplaryň meýillerini tassyklap, türkmen we özbek wekiliýetleriniň agzalary Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Yslam Karimowa türkmen-özbek gatnaşyklaryň meselelerine uly üns berýändikleri, ýokary guramaçylyk derejesi we bilelikde işlemäge ajaýyp şertleriň döredilendigi üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdiler. Myhmanlar öz çykyşlarynda iki goňşy, doganlyk döwletleriň we halklaryň bähbitleri üçin ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy güýçlendirmäge giň mümkinçilikleriň bardygyny nygtadylar.

Mejlise gatnaşanlaryň belleýşi ýaly, soňky birnäçe ýylda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň anyk ýollaryny kesgitleýän täze ikitaraplaýyn resminamalar bilen türkmen-özbek gatnaşyklarynyň şertnama-hukuk esasynyň üsti ýetirildi.

Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeniýet ugurlarynda hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň nobatdaky mejlisiniň gün tertibine ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary bolan ulag- aragatnaşyk toplumy we üstaşyr geçirmek, söwda we beýleki pudaklaryň birnäçesi boýunça dürli meseleler girizildi.

Söwda-ykdysady pudagy boýunça ikitaraplaýyn amatly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmak bilen bilelikde, toparlaryň agzalary, döwletara gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolan, iki goňşy halklaryň taryhy, ruhy-medeni umumylyklary bilen şertlendirilen, däbe öwrülen ynsanperwer gatnaşyklara aýratyn üns berdiler.

Bilelikde ýerine ýetirilmeli işleriň möhüm ugurlaryny kesgitlemäge müikinçilik berýän, yzygiderli geçirilýän hökümetara maslahatlaryň wajyplygyny nygtap, mejlise gatnaşanlar, toparyň işiniň mundan beýläk-de taraplaryň ýagşy erk-islegine esaslanýan türkmen-özbek işjeň gatnaşyklarynyň giňelmegine we pugtalanmagyna, iki tarapa hem bähbitli bolan hyzmatdaşlygyň ägirt uly mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmaga iki goňşy ýurduň meýilleriniň amala aşyrylmagyna hemmetaraplaýyn ýardam berjekdigine ynam bildirdiler.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter