Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideomaslahatlar | TDH
Syýasat habarlary

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideomaslahatlar

опубликованно 09.06.2020 // 235 - просмотров
 

Şu gün Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň (ÝHHG PA) Merkezi Aziýa döwletleriniň parlamentleriniň wekilleri bilen geçiren wideoduşuşygyna gatnaşdylar.

Assambleýanyň başlygy Georgiý Sereteli we ÝHHG-niň bu wekilçilikli düzüminiň Baş sekretary Roberto Montella parlamentara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň hem-de ösdürmegiň wajypdygyny nygtap, Merkezi Aziýa ýurtlaryndan bolan öz kärdeşlerine ýakyn wagtlarda guraljak çäreler barada habar berdiler.

Duşuşykda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde, ÝHHG-niň ýokary derejeli forumlarynda eden resmi çykyşlarynda beýan edilen Türkmenistanyň halkara durmuşynyň giň meseleleri boýunça taglymatlaýyn çemeleşmeleri ýurdumyzyň durnukly ösüş ýolunda ÝHHG-niň Parlament Assambleýasy bilen ýola goýlan gatnaşyklary hemmetaraplaýyn çuňlaşdyrmaga açykdygyny görkezýär.

Parlamentariler COVID-19 pandemiýasyna garşy göreşmek we ählumumy ykdysadyýeti dikeltmek boýunça çäreleri amala aşyrmagyň meselelerine garadylar. ÝHHG-niň Sekretariatynyň we institutlarynyň, bu düzümiň ýerlerdäki wekilleri öz teswirnamalaryny beýan etdiler.

***

Milli Mejlisiň deputatlary Türkmenistanyň durmuşa geçirýän, giň halkara hyzmatdaşlyga gönükdirilen syýasaty bilen baglylykda parlamentariler üçin niýetlenen maslahatlar tapgyrynyň çäklerinde birinji wideoduşuşyga hem gatnaşdylar. Şol maslahatlar COVID — 19-a garşy durmak hem-de Durnukly ösüş maksatlaryna bagyşlanýar.

Ählumumy onlaýn maslahaty tutuş dünýäden halkara bilermenleri hem-de parlamentarileri çekmek arkaly BMG-niň Parlamentara birleşigi hem-de durnukly ösüş ulgamynda meseleleri çözmek baradaky ulgam tarapyndan “Parlamentariler ählumumy maksatlara ýetmek ugrunda” atly täze başlangyç bilen bilelikde geçirilýär.

Köptaraplaýyn duşuşyga gatnaşyjylar pandemiýa koronawirusyna garşy göreşmegiň öňdebaryjy usullaryny, şol sanda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň onuň netijelerini aradan aýyrmagyň hem-de BMG tarapyndan kabul edilen Durnukly ösüş maksatlaryna laýyklykda, dünýä ykdysadyýetini dikeltmek boýunça öňe süren başlangyçlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

***

Wideoaragatnaşyk arkaly ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylarynyň Fransiýa Respublikasynyň «Medef International» telekeçiler assosiasiýasynyň baş sekretary hanym Žeraldin Lemble we bu guramanyň agzalary bilen duşuşygy boldy.

«Medef Internationalyň» ýolbaşçysy iri fransuz kompaniýalarynyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň işewürligini ösdürmäge berýän ägirt uly goldawyny nazarda tutup, türkmen hyzmatdaşlary bilen göni we netijeli gatnaşyklary giňeltmäge gyzyklanma bildirýändiklerini nygtady.

Söhbetdeşligiň barşynda iki dostlukly ýurduň döwlet we hususy düzümleriniň gatnaşmagynda onlaýn görnüşinde bilelikdäki türkmen-fransuz işewürler maslahatyny geçirmegiň mümkinçiligine garaldy we umumy bähbitlere laýyklykda özara peýdaly hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirildi.

***

Şu gün Döwlet gümrük gullugynda onlaýn görnüşinde BMG-niň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdiriýetiniň wekilleri bilen nobatdaky iş duşuşygy geçirildi. Duşuşyga ýurdumyzyň hukuk goraýjy edaralarynyň birnäçesiniň işgärleri çagyryldy. Onda ara alnyp maslahatlaşylan esasy mesele degişli düzümleriň wirusly ýokançlaryň ýaýramagyna garşy göreşmekde özara gatnaşyklarynyň çäreleri bilen bagly boldy.

Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda aýratyn ýokanç kesellere, hususan-da, koronawirus pandemiýasyna garşy göreşmek boýunça amala aşyrylýan öňüni alyş çäreleriniň giň gerimliligini hem-de netijeliligini belläp, ählumumy howpsuzlygyň bähbidine bilelikdäki hereketleri utgaşdyrmagyň wajypdygyny nygtadylar.

***

Paýtagtymyzda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň magistraturasynyň «Sanly dolandyryş» synag okuwynyň diňleýjilerine Hormat hatlaryny gowşurmak dabarasy boldy. BMG-niň Ösüş maksatnamasy (UNDP) bilen bilelikdäki taslamanyň çäklerinde işlenip taýýarlanylan hem-de ornaşdyrylan gysga möhletli täze okuw maksatnamasy şu ýylyň mart aýynda badalga aldy. Türkmenistanyň dürli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hünärmenleriniň 20-si okuwlaryň ilkinji diňleýjileri boldular.

Özüne 10 dersi birleşdirýän täze okuw tapgyry diňleýjilere sanly ulgamy ösdürmek şertlerinde döwlet dolandyryş edaralarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin döwrebap maglumat tehnologiýalaryny özleşdirmäge ýardam eder.

Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça işlenip taýýarlanylan Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna doly laýyk gelýär. Şol Konsepsiýa bolsa IT — tehnologiýalaryny giňden ulanmagyň hasabyna halk hojalyk toplumynyň ähli pudaklarynyň netijeli işlemegine gönükdirilendir.

BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde Döwlet gullugy akademiýasyny ösdürmegiň strategiýasy işlenip taýýarlanyldy. Soňky ýyllarda bu akademiýa daşary ýurtly kärdeşleri bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýdy.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter