Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky duşuşyklar | TDH
Syýasat habarlary

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky duşuşyklar

опубликованно 05.06.2020 // 263 - просмотров
 

Daşary işler ministrliginde Sankt-Peterburg şäheriniň hökümetiniň agzasy — Daşary aragatnaşyklar komitetiniň başlygy Ý.Grigorýew bilen onlaýn gepleşikler geçirildi. Duşuşyga şeýle hem senagat we gurluşyk önümçiligi ministri S.Berdimuhamedow gatnaşdy.

Taraplar ýurdumyzyň Russiýa Federasiýasynyň sebitleri bilen hyzmatdaşlygy nukdaýnazaryndan döwletara gatnaşyklaryň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, senagat we gurluşyk önümçiligi ministri S.Berdimuhamedowyň şu ýylyň fewralynda Sankt-Peterburg şäherine bolan iş saparynyň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişine garadylar. Şonda türkmen wekiliýeti sebitiň senagat kärhanalarynyň we gurluşyk kompaniýalarynyň birnäçesiniň işi bilen tanyşdy hem-de ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi.

Şol aýda Aşgabada Sankt-Peterburg şäheriniň gubernatory A.Beglowyň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli topary geldi we geçirilen gepleşikleriň jemleri boýunça Türkmenistanyň we Sankt-Peterburg şäheriniň hökümetleriniň arasynda 2020 — 2025-nji ýyllar üçin söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni ulgamlarda hyzmatdaşlyk boýunça «Ýol kartasy» tassyklanyldy. Bu resminama özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki ugurlaryny kesgitleýär.

Häzirki wagtda Sankt-Peterburgyň kompaniýalary Türkmenistanda ýol-ulag düzüminiň, şol sanda sile garşy desgalaryň taslamasyny düzmek we gurmak ýaly ähmiýetli ugurlarda netijeli işleýärler, senagat, gämi gurluşygy, tehnologiýalar we innowasiýalar ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň täze mümkinçilikleri açylýar. Şu gezekki duşuşygyň barşynda taraplar ulag, gurluşyk we gurluşyk önümçiligi ulgamynda hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegi boýunça takyk hereketleri kesgitlediler.

Dünýä derejesindäki çylşyrymly ýagdaýlar bilen baglylykda, söhbetdeşler pandemiýanyň garşysyna göreşmekde halkara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmeginiň zerurlygyny nygtadylar we bu ugurda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylmy diplomatiýanyň netijeli gurallarynyň hemmetaraplaýyn ilerledilmegi ugrunda alym-lukmanlaryň geňeşini döretmek baradaky başlangyjynyň aýratyn ähmiýeti bellenilip geçildi.

Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň ylmy edaralarynyň arasynda ynsanperwer häsiýetli gatnaşyklar sazlaşykly alnyp barylýar. Türkmenistanda Sankt-Peterburg şäheriniň medeniýet we sungat ussatlarynyň gatnaşmaklarynda dürli çäreler yzygiderli geçirilýär.

* * *

Şeýle hem Daşary işler ministrliginde sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Türkmenistanyň we Fransiýa Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky geňeşmeleriň dördünji tapgyry geçirildi.

Syýasy-diplomatik we söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Diplomatlar halkara guramalaryň we birleşikleriň, hususan-da, BMG-niň, ÝB-niň we ÝHHG-niň çäklerinde iki ýurduň oňyn hyzmatdaşlygyny belläp geçdiler. Fransuz tarapy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlarynyň, hususan-da, sebitde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy saklamak boýunça başlangyçlarynyň wajypdygyny belledi.

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-fransuz toparynyň mejlisleriniň yzygiderli geçirilmeginiň möhümdigi, şol sanda iş toparlarynyň işiniň işjeňleşdirilmegi barada bellenip geçildi. Ikitaraplaýyn şertnama-hukuk binýadyny ösdürmek babatdaky meseleler boýunça aýratyn pikir alşyldy.

Medeni-ynsanperwer ulgamdaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşi barada aýdyp, taraplar ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hem-de arheologiýa pudagyndaky hyzmatdaşlyga ünsi çekdiler. Mundan başga-da, taraplar kosmos we suw ulgamlaryndaky, şeýle-de Türkmenistanda fransuz dilini ýaýbaňlandyrmak ugrundaky hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.

* * *

Türkmenistanyň ýiti ýokanç kesele (COVID-19) garşy taýýarlygyny we dessin çäreleriň görülmegini üpjün etmegiň meýilnamasynyň durmuşa geçirilmegi boýunça ýurdumyzyň DIM-nde şu gün geçirilen brifinge ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzda işleýän diplomatik missiýalaryň hem-de halkara guramalaryň wekilhanalarynyň baştutanlary, ýerli we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň žurnalistleri gatnaşdylar.

Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň ýiti ýokanç kesele garşy taýýarlygyny we dessin çäreleriň görülmegini üpjün etmegiň meýilnamasynyň durmuşa geçirilmegi boýunça ýurdumyzda alnyp barylýan işler bilen tanyşdyryldy.

Bellenilişi ýaly, bu resminama Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň berýän maslahatlaryna berk laýyklykda işlenilip taýýarlanyldy hem-de koronawirusyň täze görnüşiniň pandemiýasyna garşy bilelikde göreş alyp barmakda aýratyn ähmiýete eýedir. Bu resminamada kesgitlenilen maksatlaryň we çäreleriň ýerine ýetirilmegine, olaryň guramaçylyk hem-de maddy-tehniki taýdan üpjünçiligine gözegçilik etmek boýunça yzygiderli geňeşmeleriň geçirilmegine-de aýratyn üns çekildi.

Şu ýylyň 29-njy maýynda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň baş direktory Tedros Gebreýesus tarapyndan öňe sürlen COVID-19-a garşy tehnologiýalaryň ygtyýarlyk Platformasynyň döredilmegine üns çekildi.

Türkmenistanyň bu Platforma goşulýandygyny resmi taýdan mälim edip, ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy bu meýilleriň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan alym-lukmanlaryň halkara geňeşiniň döredilmegi bilen birlikde ylmy diplomatiýanyň netijeli gurallarynyň ilerledilmegi barada öňe süren oňyn başlangyçlary bilen sazlaşykly utgaşýandygyny hem aýratyn belledi.

Brifingde HHR-iň, Ýaponiýanyň diplomatik wekilhanalarynyň baştutanlary, Aziýa ösüş bankynyň, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy, ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň baştutany çykyş etdiler.

Olar Türkmenistan tarapyndan ýiti ýokanç keselleriň öňüniň alynmagy boýunça alnyp barylýan hereketlere, şonuň ýaly-da türkmen tarapynyň pandemiýa garşy göreş babatynda halkara meýdançalarda öňe sürülýän we bu ugurda raýdaşlygyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen bilelikdäki meýilnamalaryň, maksatnamalaryň we gurallaryň durmuşa geçirilmegine ygrarlydygyna ýokary baha berdiler.

Çykyş edenler Türkmenistanda koronawirus ýokanjynyň bellige alynmandygyny hem-de ýurtda amatly epidemiologiýa ýagdaýynyň saklanylýandygyny belläp, bütin dünýäde bu pandemiýanyň durmuş-ykdysady ýagdaýa täsirini ýetirjekdigi baradaky pikiri beýan etdiler. Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistanyň ýiti ýokanç kesele (COVID-19) garşy taýýarlygyny we dessin çäreleriň görülmegini üpjün etmegiň meýilnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Brifingiň ahyrynda sowal — jogap görnüşinde sessiýa geçirildi.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter