Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

опубликованно 04.06.2020 // 296 - просмотров
 

Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda

«Kazyýet hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň 54-nji we 56-njy maddalaryna laýyklykda, karar edýärin:

Bazargeldi Ýazmyradowy Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher kazyýetiniň başlygy wezipesine belläp, ony Ahal welaýat kazyýetiniň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatmaly;

Ogultäç Orazaliýewna Ýazmemedowany, ygtyýarlyklarynyň möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşatmaly;

Kakamyrat Muhammetdurdyýewiç Taňrygulyýewi, ygtyýarlyklarynyň möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Ahal welaýatynyň Kaka etrap kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşatmaly;

Bäşim Ataýewi, ygtyýarlyklarynyň möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher kazyýetiniň başlygy wezipesinden boşatmaly;

Nurtäç Hudaýýarowna Mämedýarowany, ygtyýarlyklarynyň möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrap kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşatmaly;

Göwher Akbarowna Aminowany, ygtyýarlyklarynyň möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Mary welaýatynyň Mary şäher kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşatmaly;

Ogulgözel Kakajanowna Akgaýewany, ygtyýarlyklarynyň möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Mary welaýatynyň Mary şäher kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesinden boşatmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti,
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy
Gurbanguly Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri, 2020-nji ýylyň 4-nji iýuny.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter