Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideomaslahatlar | TDH
Syýasat habarlary

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideomaslahatlar

опубликованно 04.06.2020 // 123 - просмотров
 

Şu gün Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda onlaýn görnüşde geçirilen syýasy geňeşmelerde gün tertibine ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de onuň geljegi baradaky meseleler girizildi.

Duşuşyga gatnaşyjylar özara bähbitli hyzmatdaşlygyň söwda-ykdysady ulgam, ýangyç-energetika, şeýle hem ulag-kommunikasiýa, bank-maliýe ulgamy, medeni-ynsanperwer ýaly strategiki ugurlarda gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmek boýunça pikir alyşdylar. Şunda işewür gatnaşyklary hem-de maýa goýum işlerini işjeňleşdirmek üçin uly mümkinçiligiň bardygy bellenildi.

Russiýa Federasiýasynyň sebitleri hem-de iri senagat we medeni merkezleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek ikitaraplaýyn türkmen-rus gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Munuň aýdyň mysaly hökmünde ýurdumyz bilen Tatarystan Respublikasynyň, Sankt-Peterburgyň, Astrahan oblastynyň we Russiýa Federasiýasynyň beýleki sebitleriniň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygy görkezip bolar.

COVID-19 ýokanjyna hem-de onuň ýetiren zyýanlaryna garşy utgaşykly göreşmekde hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Birleşen Milletler Guramasynyň, GDA-nyň hem-de beýleki halkara düzümleriň çäklerinde iki ýurduň hyzmatdaşlygynyň netijeliligi bellenildi.

Onlaýn-duşuşyň barşynda Türkmenistanyň oňyn bitaraplyk ýörelgelerine esaslanan daşary syýasat ugruna hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýer ýüzünde parahatçylygyň we durnuklylygyň esaslaryny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga, sebitde ynanyşmak ýagdaýynyň kemala getirilmegine hem-de ähli dünýä derejesindäki meseleleriň parahatçylyk döredijilikli diplomatiýasy arkaly çözülmegine gönükdirilen netijeli halkara başlangyçlaryna ýokary baha berildi.

***

Hazar deňzi institutynyň wekilleri «Ýaşyl ykdysadyýet» we COVID-19 pandemiýasy: täze wehimler, dikeltmek we durnuklylyk boýunça çäreler» atly halkara onlaýn maslahata gatnaşdylar.

Bu çäre BMG-niň söwda we ösüş baradaky Konferensiýasy, BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy, BMG-niň okuwlar we barlaglar baradaky instituty tarapyndan Halkara ummanlar instituty bilen bilelikde her ýylyň 8-nji iýunynda bellenilýän Bütindünýä ummanlar gününiň hem-de oňa gabatlanylan dünýä ummanlary hepdeliginiň öň ýanynda guraldy.

Maslahatyň barşynda kenarýaka we ada döwletler üçin ýokanç keseliň ykdysady, ekologiýa we durmuş taýdan täsirlerine baha berildi, çylşyrymly döwürde halkara söwdasyny, deňiz ulaglarynyň logistikasyny, balykçylygy we deňiz önümleriniň önümçiligini, kenarýaka we deňiz arkaly syýahatçylygy, deňizleriň hem-de ummanlaryň serişdelerini peýdalanmak bilen baglanyşykly bolan «ýaşyl ykdysadyýetiň» beýleki möhüm ugurlaryny täzeden dikeltmek we ösdürmek üçin çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hazar sebitiniň barha artýan geosyýasy we geoykdysady kuwwatynyň ulanylmagyna gönükdirilen başlangyçlarynyň wajypdygy nygtaldy. Şol başlangyçlara Hazar meselesine ählumumy wezipeler bolan daşky gurşawy goramak, ykdysady, energetiki we azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, ählumumy howplara garşy netijeli göreşmek bilen baglylykda garalýar.

Bu başlangyçlar deňiz giňişligini hojalyk taýdan özleşdirmek babatda bolşy ýaly, Hazaryň baý tebigy serişdelerini gorap saklamak hem-de oýlanyşykly peýdalanmak, Ýer ýüzüniň bu ajaýyp tebigy merjeniniň ekologiýa taýdan ygtybarly goralmagyny üpjün etmek işinde hem Hazarýaka ýurtlaryň bäşisiniň halkara düzümler, dünýäniň işewür we ylmy toparlarynyň wekilleri bilen netijeli gatnaşyklarynyň maksatnamasy bolup hyzmat edip biler.

***

Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde ykdysady, ylmy, tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda wideomaslahat görnüşinde iş maslahaty geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek, iş toparynyň altynjy mejlisiniň çözgütleriniň durmuşa geçirilişi baradaky meselelere garaldy, şeýle hem ýakyn geljek üçin özara hereket etmegiň ugurlary kesgitlenildi.

COVID-19 ýokanjy bilen baglylykda, dünýä ykdysadyýetinde emele gelen ýagdaýlara aýratyn üns berildi. Şunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça görlen öňüni alyş çäreleriniň hasabyna ýurdumyzyň çäklerine koronawirus ýokanjynyň aralaşmagynyň we ýaýramagynyň öňüni almak babatda Türkmenistanyň oňyn tejribesi bellenildi.

Maslahata gatnaşyjylar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşindäki uly üstünligi nygtadylar hem-de ähli ugurlar boýunça türkmen-rus gatnaşyklaryna oňat itergi berýän özara bähbitli gatnaşyklaryň täze ugurlaryny kesgitlemäge mümkinçilik berýän yzygiderli duşuşyklaryň uly ähmiýetini bellediler.

***

Şu gün nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda Italiýa Respublikasynyň
«ENI» kompaniýasynyň Merkezi Aziýa boýunça ýerine ýetiriji direktory Lukoý Wignati bilen onlaýn duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Ý.Kakaýew gatnaşdy.

Gepleşikleriň barşynda dünýäniň energetika bazarlarynyň ösüşinde häzirki ýagdaýy we ählumumy meýilleri nazara almak bilen, ýangyç-energetika ulgamynda hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şunuň bilen baglylykda, bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän nebitgaz senagatyny döwrebaplaşdyrmagyň strategiýasy öz netijelerini berýär. Ýurtda iri maýa goýum taslamalary amala aşyrylyp, olar ykdysadyýetiň esasy pudagyny ösdürmäge we pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

Şeýle hem gepleşikleriň barşynda «ENI» kompaniýasynyň Türkmenistandaky şahamçasynyň alyp barýan işleriniň oňyn tejribesi bellenildi. Bu kompaniýa öz işlerini «Nebitdag» şertnamalaýyn çäkde Önümleri paýlaşmak hakynda ylalaşygyň çäklerinde amala aşyrýar.

Umuman, bularyň hemmesi italýan hyzmatdaşlary bilen özara gatnaşyklary, şol sanda döwrebap senagat tehnologiýalaryny ornaşdyrmak hem-de hünär derejeli işgärleri taýýarlamak babatda gatnaşyklary has-da giňeltmek üçin uly mümkinçilikleri şertlendirýär.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter