Türkmenistan — BMG: çaganyň hukuklaryny goramak ulgamynda hyzmatdaşlyk | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistan — BMG: çaganyň hukuklaryny goramak ulgamynda hyzmatdaşlyk

опубликованно 01.06.2020 // 127 - просмотров
 

BMG Türkmenistanyň Hökümetiniň, Mejlisiň hem-de Adalatçynyň Diwanynyň adam hukuklary ulgamynda däp bolan hyzmatdaşydyr. ÝUNISEF bilen bilelikde alnyp barylýan işler çaganyň hukuklaryny goramagyň ileri tutulýan ulgamlarynda bu hyzmatdaşlygyň örän möhüm ugry bolup durýar. Çagalary goramagyň halkara gününde bu ugurda tagallalary birleşdirmegiň, hyzmatdaşlygyň wezipeleriniň we mümkinçilikleriniň netijeleri barada Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekili hem-de ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekili gürrüň berýärler.

Adalatçy Ýazdursun GURBANNAZAROWA:

— Biz çagalarymyzy örän söýýäris hem-de olara buýsanýarys, çagalar biziň geljekki neslimiz, jemgyýetimiziň we tutuşlygyna döwletimiziň geljegi olara bagly. Şol sebäpli hem her bir körpäniň çagalygy jemgyýetiň we döwletiň aýratyn goragynda bolmalydyr. Biz çagalaryň oňat terbiýe, bilim almagy hem-de jemgyýetiň durmuşynda mynasyp orun eýelemegi üçin ähli tagallalary etmelidiris.

Biziň medeniýetimizde çagalary maşgala gymmatlyklary hem-de milli ýörelgeler esasynda terbiýelemek ene-atalaryň we jemgyýetiň esasy wezipesi bolup durýar. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, biziň halkymyz berk bedenli, asylly, bilimli, zehinli ýaş nesli terbiýelemegiň bahasyna ýetip bolmajak kadalaryny we maşgala gymmatlyklaryny döretdi. Ösüp gelýän nesillerimize eziz Watanymyzyň gülläp ösmegine geljekde uly goşant goşmak wezipesi garaşýar.

Häzirki wagtda ýurdumyzda çagalaryň mynasyp durmuşy üçin ähli şertler döredildi. Olaryň abadançylygyny we bagtyýarlygyny üpjün etmek, şahsyýet hökmünde kemala gelmegi hem-de öz mümkinçiliklerini doly açmagy üçin ähli şertleri, şeýle hem her bir çaganyň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek üçin goşmaça şertleri döretmek wezipesi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň derejesine çykaryldy.

Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistanda çaganyň hukuklarynyň goralmagyny hem-de durmuşa geçirilmegini kadalaşdyrýan ygtybarly milli hukuk binýady döredildi, ol halkara resminamalara daýanýar. Çagalaryň hukuklaryny üpjün etmegiň kepillikleri berkidilen esasy hukuk binýady ýurdumyzyň Konstitusiýasynda hem-de «Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda» Kanunda öz beýanyny tapýar.

Kanunçylyk ugurlaryndan başga-da, ýurdumyzda şeýle hem çagalaryň hukuklarynyň üpjün edilmegine hem-de ilerledilmegine gönükdirilen uzak möhletleýin maksatnamalaryň we strategiýalaryň onlarçasy üstünlikli amala aşyryldy. Hereket edýän meýilnamalaryň we strategiýalaryň hatarynda «Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2018 — 2022-nji ýyllar üçin hereketleriň Milli meýilnamasy» hem-de «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşi boýunça 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýany» görkezmek bolar.

Şeýle hem ýaňy-ýakynda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020 — 2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasyny» tassyklady.

Munuň özi Türkmenistanyň BMG-niň yglan eden Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge hem-de çagalaryň ählumumy abadançylygyny üpjün etmek wezipelerini çözmäge üýtgewsiz ygrarlydygynyň ýene bir subutnamasydyr.

Garaşsyz döwletimiz umumy ykrar edilen halkara kadalary ornaşdyrmak bilen baglylykda, birnäçe esas goýujy halkara-hukuk namalaryna, şol sanda çaganyň hukuklary hakynda BMG-niň Konwensiýasyna goşuldy.

Çaganyň hukuklary hakynda Konwensiýa — munuň özi hökmany standartlaryň we borçnamalaryň halkara derejede ylalaşylan toplumydyr, onda hemmelere deň derejede degişli bolan çagalaryň esasy hukuklary beýan edilýär. Bu halkara resminama diňe bir ykdysady, durmuş hem-de medeni hukuklar däl-de, raýat we syýasy hukuklar has doly beýan edilen ilkinji resminama bolup durýar.

Biziň ýurdumyz Çaganyň hukuklary hakynda Konwensiýanyň we onuň iki fakultatiw teswirnamasyna gatnaşyjy bolmak bilen, öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirmek boýunça yzygiderli hem-de utgaşykly işleri alyp barýar, şeýle hem bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar.

BMG-niň agentlikleri, hususan-da, BMG-niň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) bilen hyzmatdaşlykda çaganyň hukuklarynyň goraglylygyny, onuň ösüşini hem-de saglygyny üpjün etmek boýunça yzygiderli işler geçirilýär. Amala aşyrylan uly ähmiýetli taslamalar, şeýle hem Türkmenistanyň 2018 — 2020-nji ýyllar üçin BMG-niň Çagalar gaznasynyň ýerine ýetiriji Geňeşiniň agzalygyna saýlanmagy munuň subutnamasydyr.

Çaganyň hukuklarynyň goraglylygyny üpjün etmek hem-de olaryň bozulan hukuklarynyň dikeldilmegine ýardam bermek Adalatçynyň işiniň ileri tutulýan ugrudyr. Bu ugurda Adalatçynyň Diwany BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy bilen hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýär. Bu hyzmatdaşlyk Türkmenistanda Adalatçynyň diwany döredilenden bäri alnyp barylýar, muňa 2018 — 2019-njy ýyllar üçin üstünlikli amala aşyrylan Iş meýilnamasy hem şaýatlyk edýär.

Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň başynda «Çaganyň hukuklarynyň goragy we ilerledilmegi» atly 2020-nji ýyl üçin ýene bir ýyllyk Iş meýilnamasyna gol çekilendigini bellemek gerek, bu resminama durmuşa geçirilen meýilnamanyň dowamydyr hem-de onda çaganyň hukuklary boýunça BMG-niň Komitetiniň maslahatlary beýan edilendir.

Bilelikdäki meýilnamalaryň çäklerinde Adalatçynyň Diwany ÝUNISEF bilen hyzmatdaşlykda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda çagalaryň hukuk barada düşünjeliligini ýokarlandyrmak boýunça okuw maslahatlaryny geçirýärler. Olarda BMG-niň «Çaganyň hukuklary hakynda» Konwensiýasynyň kadalaryna, bu kadalar utgaşdyrylan milli kanunçylygyň düzgünlerine düşündiriş işleri geçirilýär.

Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistanyň bu kadalary ýerine ýetirmek boýunça milli statistikasy, bu ugurda alnyp barylýan işleri kämilleşdirmek boýunça degişli edaralaryň teklipleri, şeýle hem ýurdumyzda çagalyk bilen baglanyşykly kanunçylygy öwrenmek we ony iş ýüzünde durmuşa geçirmek babatda döwlet derejesinde alnyp barylýan işler bilen tanyşýarlar.

2020-nji ýyl üçin gol çekilen Ýyllyk iş meýilnamasyna laýyklykda, Adalatçynyň diwany ÝUNISEF bilen bilelikde birnäçe ulgamlaýyn çäreleri ýerine ýetirmegi meýilleşdirdi. Olaryň hatarynda «tegelek stollar», ilatyň bu barada giňişleýin maglumat almagyna gönükdirilen maslahatlar, şeýle hem häkimlikleriň, bilim bölümleriniň, saglygy goraýyş, durmuş taýdan goramak ulgamynyň jogapkär işgärleriniň çaganyň hukuklary we raýatlygy bolmadyk çagalaryň hukuklary hakynda çykyşlary bar.

Çagalary goramagyň halkara güni Türkmenistanda giňden bellenilýär. Bagtyýar çagalaryň şat durmuşy ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ynsanperwerlik däplerine we BMG-niň çagalaryň hukugy we bähbitleri bilen baglanyşykly ýörelgelerine doly laýyk gelýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekili Kristin WEÝGAND:

— Adalatçynyň Diwany islendik ýurduň ähli düzümlerinde çagalary goramak boýunça ähmiýetli edara bolup durýar. Ol çaganyň hukugyna gözegçilik etmek, adam hukuklary bilen baglanyşykly meseleler boýunça ilatyň düşünjeliligini ýokarlandyrmak, ahyrky netijede bolsa çagalaryň hukuklarynyň bozulýan ýagdaýlaryny ýüze çykarmaga goldaw bermek üçin möhüm edara bolup durýar.

ÝUNISEF Adalatçynyň Diwany bilen ýygjam hyzmatdaşlyk edýändigine buýsanýar. Türkmenistanda onuň edara hökmünde döredilen pursadyndan, ýagny 2017-nji ýyldan bäri bu düzüm adam hukuklaryna gözegçiligi amala aşyrýar we çaganyň hukugyna gözegçilik etmekde möhüm hyzmatdaş bolup durýar.

2018-nji ýylda Türkmenistan bilen ÝUNISEF-niň arasynda 2016 — 2020-nji ýyllarda hyzmatdaşlyk etmek baradaky Maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Adalatçysynyň Diwanynyň we ÝUNISEF-niň 2018 — 2019-njy ýyllar üçin ilkinji bilelikdäki iş meýilnamasyna gol çekildi. Ol BMG-niň çaganyň hukuklary boýunça Komitetiniň we BMG-niň maýyplaryň hukuklary boýunça komitetiniň tekliplerini beýan etmek maksady bilen işlenip taýýarlanyldy.

Bu meýilnamanyň çäklerinde ÝUNISEF Adalatçynyň Diwanyna çaganyň hukuklaryny ýerine ýetirmek we täze edara hökmünde Adalatçynyň Diwanynyň mandaty bilen baglanyşykly meseleler boýunça ýerli häkimiýet edaralarynyň wekilleri bilen welaýatlarda maslahatlary we geňeşmeleri geçirmäge ýardam berdi.

Çaganyň hukuklary boýunça maslahatlar ähli welaýatlarda ýerli häkimiýet edaralarynyň düşünjelilik derejesiniň ýokarlanmagyna gönükdirildi hem-de Çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2018 — 2022-nji ýyllar üçin hereketleriň Milli meýilnamasyny, Çaganyň hukuklary boýunça Komitetiň çaganyň hukuklary bilen baglanyşykly tekliplerini tanyşdyrmagy öz içine aldy.

Mundan başga-da, Adalatçynyň Diwanynyň wekili çagalar we ýetginjekler babatda Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde edilýän işlere gözegçilik üçin tehniki we usulyýet mümkinçilikleriniň berkidilmegine bagyşlanan sebitleýin maslahatlara gatnaşdy.

Adalatçynyň Diwanynyň we ÝUNISEF-niň 2020-nji ýyl üçin bilelikdäki täze Iş meýilnamasynyň çäklerinde biz çaganyň hukuklarynyň berjaý edilişine we bu ugurda maglumatlaryň toplanyşyna gözegçilik institutlaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmagy maksat edinýäris. Şol sanda çaganyň hukuklary hakynda welaýat derejesindäki düşünjeliligi ýokarlandyrmak; Içeri işler ministrliginiň degişli wezipedäki işgärleri we Çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2018 — 2022-nji ýyllar üçin hereketleriň Milli meýilnamasyna laýyklykda, kanun bilen gapma-garşylykda bolan çagalary aklamak boýunça hyzmatlaryň ornaşdyrylmagyna jogapkär işgärler üçin maslahatlary geçirmek; “Çagalaryň kanunçylygy bozmagy babatynda” Hereketleriň milli meýilnamasynda 5,2,1 bölümleriniň ýerine ýetirilişine garaşsyz gözegçiligi amala aşyrmak, hususan-da, çagalar üçin degişli edaralarda terbiýeçilik-dikeldiş hyzmatlaryna goldaw bermek çärelerine gözegçilik etmek göz öňünde tutulýar.

Şu ýyl Adalatçynyň Diwanynyň wekili ÝUNISEF-niň kanunyň adalata bolan gatnaşygyna çagalaryň elýeterliligi mowzugy boýunça ÝUNISEF-niň sebitleýin maslahatyna gatnaşdy.

ÝUNISEF Türkmenistan bilen Garaşsyzlygyň ilkinji günlerinden başlap, çaganyň hukugyny pugtalandyrmak, syýasy binýady berkitmek we milli kanunçylygy adam hukuklary boýunça esasy konwensiýalara, şol sanda çaganyň hukuklary hakynda Konwensiýa laýyk getirmek boýunça alnyp barylýan işlere buýsanýar.

Biz çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda Kanuny, ýaşlaryň zähmet çekmäge bolan hukugynyň kepillendirmesi hakynda Kanuny, ene süýdi bilen iýmitlendirmegi wagyz etmek we goldamak hem-de beýlekiler hakyndaky Kanunlaryň taýýarlanmagyna goldaw berdik. Şeýle hem Türkmenistan saglygy goraýyş, sagdyn iýmitlenmek we bilim babatda birnäçe strategiýalary we hereketleriň meýilnamalaryny kabul etdi. Olar çagalaryň abadançylygy we sazlaşykly ösüşi üçin möhüm ähmiýete eýedir.

Şu ýyl Türkmenistan çaganyň hukuklary baradaky Komitete özüniň nobatdaky döwürleýin çykyşyny hödürlär. Adalatçynyň Diwany, şeýle hem beýleki hyzmatdaşlar Türkmenistanyň çaganyň hukuklary boýunça gün tertibini öňe ilerletmekde gazanan ösüşlerini beýan etmekde, şeýlelikde, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetilmegini tizleşdirmekde möhüm orny eýeleýär.

2020 — 2030-njy ýyllaryň aralygynda Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekdäki ösüşleri tizleşdirmek üçin “Hereketleriň onýyllygyna” gadam goýýarys. Şunlukda, çaganyň hukuklarynyň we Durnukly ösüş maksatlarynyň tutuş dünýäde ähli çagalar üçin anyk ýagdaýa öwrülmegine gönükdirilen ähli tagallalarymyzy işjeňleşdirmek üçin birleşmegimiz zerur bolup durýar.

Biz 2021 — 2025-nji ýyllarda Türkmenistan bilen ÝUNISEF-niň arasynda täze ýurt boýunça maksatnamamyzyň çäklerindäki hyzmatdaşlygy berkitmäge we çaganyň abadançylygy, has takygy, saglygy goraýyş, iýmitlenmek we çaganyň irki ösüşi, çagalaryň durmuş goraglylygy, şeýle hem inklýuziw bilim ýaly möhüm ugurlarda ähli hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýäris.

Onuň çäklerinde biz Adalatçynyň Diwany bilen çagalary goramak ulgamynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdüriljekdigine bil baglaýarys. Biz bu ulgamda bilelikdäki işiň dowam etmegine Adalatçynyň Diwanynyň möhüm ugur boýunça mundan beýläk-de goldaw bermegine sabyrsyzlyk bilen garaşýarys.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter