Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň bagtyýar çagalaryna hem-de halkyna | TDH
Syýasat habarlary

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň bagtyýar çagalaryna hem-de halkyna

опубликованно 01.06.2020 // 247 - просмотров
 

Mähriban halkym!
Berkarar döwletimiziň bagtyýar körpeleri!

Sizi jana şypaly tomus paslynyň nurana günlerinde dabaraly bellenýän Çagalary goramagyň halkara güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzyň gül-gunçalary bolan körpe nesillerimiz baradaky aladalar biziň beýik geljegimize tarap ädýän buýsançly ädimlerimizdir. Şoňa görä-de, bu halkara baýramyň şanyna geçiriljek aýdym-sazly dabaralaryň ähli halkymyzyň, aýratyn hem şadyýan körpelerimiziň kalbynda berkarar Watanymyza buýsanjy has-da pugtalandyrjakdygyna berk ynanýaryn!

Ýurdumyzda Çagalary goramagyň halkara gününiň giňden bellenmegi Türkmenistan döwletimiziň sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy, bagtyýar çagalygyň mekany hökmünde abraýyny dünýä ýaýýar. Paýtagtymyz Aşgabat şäherinde, Gökderede, welaýat merkezlerinde, ähli şäherdir obalarymyzda ýürekleri joşgunly, köňülleri ganatly çagalarymyzyň dostlugy, parahatçylygy we bagtyýarlygy wasp edýän ajaýyp sungat eserleri — şirin aýdymlar, joşgunly sazlar, ajaýyp sahnalar bilen çykyş etmegi, döredijilik we sport bäsleşikleri, belentden ýaňlanýan şadyýan gülküleri biziň iň gymmatly baýlygymyzdyr.

Garaşsyz döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllyk şanly baýramynyň giňden bellenýän ýylynda Çagalary goramagyň halkara gününiň jemgyýetçilik durmuşynda tutýan ornuny giňden dabaralandyrmak hem-de mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini has-da gowulandyrmak maksady bilen, biz «Ýurdumyzda çaganyň irki ösüşini we olaryň mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020 — 2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasyny» kabul etdik. Munuň özi ýurdumyzda amala aşyrýan her bir işimiziň, belent tutumlarymyzyň köňüllerimiziň guwanjy bolan şadyýan çagalarymyzyň bagtly geljegine gönükdirilendigini aýdyň tassyklaýar.

Eziz körpeler!

Çagalarymyzyň bagtyýarlygy Watanymyzyň kuwwatydyr. Şoňa görä-de, «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgämizden ugur alyp, geljegimiz bolan ýaş nesillerimiziň akyl, beden we ruhy taýdan kadaly ösüşini üpjün etmek, yhlasly okamaklary, döredijilik işleri we sport bilen meşgullanmaklary üçin zerur şertleri döredýäris. Bu ugurda ýöredýän durmuş syýasatymyz, ähli ykdysady we medeni özgertmelerimiz, ilkinji nobatda, eneleriň we çagalaryň saglygyny goramaga, sagdyn durmuşda ýaşamagyna, hemmetaraplaýyn we sazlaşykly ösmegine, sport we döredijilik bilen meşgullanmagyna, milli we umumadamzat ruhy gymmatlyklary esasynda terbiýelenmegine gönükdirilendir.

Şoňa görä-de, biz gysga döwrüň içinde paýtagtymyz Aşgabat şäherinde we welaýatlarda, ýurdumyzyň jana şypaly künjekleri bolan Köpetdagyň sergin jülgelerinde, Hazaryň merjen kenarynda çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerini, döwrebap çagalar baglaryny we orta mekdepleri, «Ene mähri» saglyk merkezlerini gurduk. «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşi boýunça 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýa» laýyklykda çaganyň irki ösüşi üçin zerur bolan ýokary hilli saglyk hyzmatlary, iýmitleniş, mekdepden öňki bilim bilen üpjün edilmegi ugrundaky işlerimizi hem üstünlikli dowam edýäris.

Mähriban halkym!

Biz dünýä döwletleri, iri halkara we sebit guramalary bilen dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge, Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasy bilen ählumumy tagallalary birleşdirmäge çalyşýarys. Çagalaryň ýaşaýşyny, goraglylygyny we ösüşini üpjün etmek boýunça Bütindünýä Jarnamasyna, Birleşen Milletler Guramasynyň Çaganyň hukuklary hakyndaky Konwensiýasyna, Çagalaryň halkara derejede ogurlanmagynyň raýat jähetleri boýunça Gaaga Konwensiýasyna goşulmagy hem Türkmenistanyň öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirmäge örän jogapkärli çemeleşýändigini tassyklaýar.

Birleşen Milletler Guramasynyň Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy hem-de Çagalar gaznasy bilen hyzmatdaşlykda ýurdumyzda bilelikdäki okuw maslahatlaryny we duşuşyklary geçirmekde, aýratyn hem duzy ýod, uny demir we foliý turşusy bilen baýlaşdyrmakda netijeli işler amala aşyryldy. Ýurdumyzyň 2018 — 2020-nji ýyllar üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň, 2018 — 2022-nji ýyllar üçin Zenanlaryň statusy boýunça komissiýasynyň agzalygyna saýlanmagy Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygymyzyň üstünlikli alnyp barylýandygyny aýdyň görkezýär.

Garaşsyz Watanymyzyň röwşen geljegi bolan çagalarymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagyny gazanmak, döwrebap bilim almagyny üpjün etmek, olary watansöýüjilik we ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemek biziň belent maksadymyz, eziz Diýarymyzyň kuwwatynyň hem-de gülläp ösmeginiň berk kepili bolup durýar.

Mähriban halkym!
Berkarar döwletimiziň bagtyýar körpeleri!

Sizi Çagalary goramagyň halkara güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Goý, bagtyýar nesillerimiziň şatlyk-şowhuny, şadyýan gülki sesleri has-da belentden ýaňlansyn!

Siziň ähliňize berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, asuda we bagtyýar durmuş, berkarar döwletimiziň gülläp ösmeginiň hatyrasyna uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter