Resmi habarlar | TDH
Syýasat habarlary

Resmi habarlar

опубликованно 29.05.2020 // 326 - просмотров
 

«Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyny ýerine ýetirmek, ygtyýarlylandyrmagyň tertibini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ygtyýarlylandyrmaga degişli işiň aýry-aýry görnüşleri boýunça ygtyýarlylandyryjy edaralaryň sanawy hem-de ygtyýarnamalaryň berilmegi üçin alynýan döwlet pajynyň möçberleri tassyklanyldy.

Maliýe we ykdysadyýet ministrligine işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmagy amala aşyrýan ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, Adalat ministrligi bilen bilelikde şu Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri taýýarlamak hem-de Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

Resminama laýyklykda, şeýle hem «Türkmenistanda ygtyýarlylandyrmak işini guramagy kämilleşdirmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2013-nji ýylyň 23-nji awgustynda çykaran 13180-nji Karary (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň 2013-nji ýyldaky 8-nji ýygyndysynyň 2767-nji maddasy) güýjüni ýitiren diýip ykrar edildi.

* * *

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda amala aşyrylýan özgertmeleri üstünlikli dowam etdirmek, oba hojalyk we azyk önümleriniň öndürilýän möçberlerini yzygiderli artdyrmak hem-de ygtybarly azyk howpsuzlygyny has-da berkitmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine, degişli pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna hem-de welaýatlaryň häkimliklerine oba hojalyk önümçiliginde ekin dolanyşygyny agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, ylmy esasda ýola goýmak bilen, öňdebaryjy tejribeleri önümçilige giňden ornaşdyrmak arkaly güýzlük ýeralmanyň, gök we beýleki oba hojalyk ekinleriniň ekilmegini hem-de olardan bol hasylyň öndürilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Şeýle hem Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine 2020-nji ýylda Türkmenistan boýunça 21 müň gektarda güýzlük ýeralmany, gök we beýleki oba hojalyk ekinlerini ekmek hem-de önümleri öndürmek barada ýerleriň kärendeçileri, peýdalanyjylary we eýeleri bilen bellenen tertipde şertnamalaryň baglaşylmagyny we öndürilen önümleriň şertnamalaýyn bahalar boýunça satyn alynmagyny hem-de önüm öndürijiler bilen wagtynda hasaplaşylmagyny üpjün etmek tabşyryldy.

* * *

Ýurdumyzda halkara ulag-üstaşyr geçelgeleriniň mümkinçiliklerini netijeli ulanmak we kämilleşdirmek, ulag toplumynyň bäsleşige ukyplylygyny has-da ýokarlandyrmak, üstaşyr ýükleriň möçberini artdyrmak, şeýle hem Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, daşary ýurt döwletleriniň Türkmenistana gelýän we onuň çäginden üstaşyr geçýän awtoulag serişdeleriniň we motosiklleriniň eýelerinden alynýan ýygymlaryň hem-de tölegleriň möçberlerini seljermek boýunça Pudagara topar döredildi hem-de onuň düzümi we Düzgünnamasy tassyklanyldy.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter