Türkmenistanyň we Owganystanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň we Owganystanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy

опубликованно 28.05.2020 // 184 - просмотров
 

Şu gün Türkmenistanyň hem-de Owganystanyň daşary işler ministrleri wideomaslahat görnüşinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň arasynda düýn geçirilen telefon arkaly söhbetdeşlikden gelip çykýan daşary syýasat edaralarynyň hyzmatdaşlygynyň dürli ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Şunuň bilen baglylykda, ulag-üstaşyr geçelgeleri we energetika ulgamlarynda iki ýurduň halklarynyň, şeýle hem tutuş sebitiň bähbitlerine laýyk gelýän özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagynyň möhümdigine aýratyn üns berildi.

Ozal habar berlişi ýaly, iki döwletiň Baştutanlarynyň telefon arkaly söhbetdeşliginiň dowamynda türkmen tarapy gün tertibine Lapis Lazuli ulag geçelgesiniň netijeliliginiň artdyrylmagy boýunça degişli meseleleriň girizilmegi göz öňünde tutulan owgan Lideriniň Türkmenistanyň, Owganystanyň we Azerbaýjanyň Prezidentleriniň arasynda wideokonferensiýa görnüşindäki üçtaraplaýyn duşuşygy geçirmek baradaky teklibini goldady.

Türkmenistanyň hem-de Owganystanyň oňaýly geosyýasy ýerleşişi nukdaýnazaryndan sebitiň ykdysady integrasiýasynyň güýçlendirilmegi we söwdanyň möçberiniň düýpli artdyrylmagy babatynda bu ulag ugrunyň netijeli halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde uly ähmiýete eýedigini nygtadylar.

Sebit hem-de halkara gün tertibi boýunça pikirleri alyşmak bilen, iki ýurduň DIM-niň ýolbaşçylary häzirki döwrüň derwaýys meseleleriniň netijeli çözülmegi, aýratyn hem koronawirusyň täze görnüşiniň pandemiýasy babatynda utgaşdyrylan çözgütleriň işlenilip düzülmeginiň zerurdygyny aýratyn bellediler.

Bu ugurda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň koronawirusyň dünýä derejesinde ýaýramagy ýaly gaýragoýulmasyz wehimlere garşy göreşde ylmy diplomatiýanyň gurallarynyň netijeli ulanylmagy baradaky başlangyçlarynyň aýratyn ähmiýetlidigi we öz wagtynda öňe sürlendigi bellenilip geçildi.

Diplomatlar şeýle-de üznüksiz ýük gatnawlarynyň üpjün edilmegi üçin iki döwletiň serhetlerinde utgaşdyrylan sanitar-karantin çäreleriniň zerurlygyny aýratyn nygtadylar.

Türkmen tarapy telefon arkaly gepleşikleriň barşynda beýan edilen Türkmenistanyň ynsanperwer kömegi hökmünde serhetýaka demir ýol menzillerinde, gözegçilik-geçiriş nokatlarynda hem-de Owganystanyň çägindäki käbir beýleki ýerlerde – demir ýol ulaglaryny we ýüklerini zyýansyzlandyrmak üçin ýurdumyzda gurlan ýörite terminallar ýaly desgalary gurmaga, şeýle hem olary zerur bolan enjamlar bilen üpjün etmäge taýýardygyny ýene-de bir gezek tassyklady.

OYR-nyň daşary işler ministri Mohammad Hanif Atmar, öz nobatynda, aýdylanlar babatynda hoşallyk bildirdi we doganlyk Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan muzdsuz esasda berilýän yzygiderli ynsanperwerlik kömeklerine we hemmetaraplaýyn goldawa owgan halkynyň ýokary baha berýändigini aýratyn belläp geçdi.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter