Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideomaslahatlar | TDH
Syýasat habarlary

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideomaslahatlar

опубликованно 28.05.2020 // 159 - просмотров
 

Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçylarynyň hem-de «Merkezi Aziýa — Koreýa» hyzmatdaşlyk forumynyň sekretariatynyň arasynda guralan wideoduşuşykda özara bähbitli türkmen-koreý gatnaşyklarynyň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary ýurt maýa goýum serişdelerini çekmek, halkara söwda-ykdysady gatnaşyklaryny höweslendirmek üçin amatly şertleri döretmek boýunça öňe sürýän täzeçil başlangyçlary türkmen bazaryna daşary ýurtlardan, şol sanda Koreýa Respublikasyndan gatnaşyklara isleg bildirýän hyzmatdaşlaryň sanynyň artmagyna ýardam edýär.

Taraplar ynanyşmak, deňhukuklylyk hem-de özara bähbitli esasda işewür hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagyna bolan özara gyzyklanmalary beýan edip, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, şol sanda «Merkezi Aziýa — Koreýa» hyzmatdaşlyk forumynyň sekretariatynyň çäklerinde özara gatnaşyklary ösdürmegiň möhüm ugurlaryny hem-de Günorta Koreýanyň kompaniýalarynyň ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň möçberli taslamalara gatnaşmagynyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

***

DIM-de ýurdumyzyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň wekilleriniň gatnaşmagynda Durnukly ösüş maksatlaryny maliýeleşdirmek boýunça halkara okuw-maslahaty geçirildi.

Häzirki döwürde Türkmenistanda ýurdumyzyň ykdysady, durmuş we ekologiýa ulgamlarynda Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin pugta ulgamlaýyn binýat döredildi. BMG we onuň düzümleri bilen ýola goýulýan gatnaşyklar netijeli häsiýete eýe bolýar. Onuň esasy ugurlary «2021 — 2025-nji ýyllarda Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş ulgamynda hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasynda» öz beýanyny tapdy.

Okuw-maslahatyň dowamynda öz döwründe Durnukly ösüş maksatlaryny maliýeleşdirmegiň esasy ugurlaryny kesgitlän we häzirki döwürde COVID-19 ýokanjy zerarly ýüze çykan täze ykdysady şertleri nazara almak bilen gaýtadan seredilmegi zerur bolan «Addis — Abeba hereketleriň» maksatnamasyna möhüm üns berildi.

***

Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara okuw-ylmy merkezinde Ysraýyl Döwleti bilen Türkmenistanyň saglygy goraýyş edaralarynyň hünärmenleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahaty geçirildi.

Onlaýn tertibinde geçirilen duşuşygyň dowamynda saglygy goraýşyň möhüm ugurlary boýunça hyzmatdaşlygyň geljekki ösüşleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Iki ýurtda hem bu ugruň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýär.

Ysraýylyň saglyk ulgamynyň işgärleri Türkmenistanyň häzirki döwürde ýeten derejesine, hususan-da, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda taýýarlanylan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde keselleriň öňüni almak boýunça durmuşa geçirilýän ulgamlaýyn işlere ýokary baha berdiler.

Bellenilişi ýaly, döwletimize dürli keselleriň aradan aýrylmagy hakyndaky birnäçe halkara güwänamalaryň gowşurylmagy hem-de COVID-19 howply ýokanjynyň ýokdugy durmuşa geçirilýän netijeli çäreleriň üstünliklere beslenýändigini alamatlandyrýar. Şunuň bilen baglylykda, taraplar toplanan tejribäni we howply ýokanjyň öňüni almakda, bejermekde ulanylýan usullar hakynda maglumat alyşmak maksady bilen, uzak aralykdan geçirilýän duşuşyklaryň wajypdygyny nygtadylar.

***

Şeýle hem şu gün Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara okuw-ylmy merkezinde Koreýa Respublikasynyň Tegu şäheriniň Könbuk milli uniwersitet klinikasynyň alym-lukmanlary we hünärmenleri bilen göni aragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.

Onlaýn duşuşygyň çäklerinde taraplar iki ýurduň ylym-bilim merkezleriniň we saglygy goraýyş edaralarynyň arasynda ýygjam gatnaşyklary ýola goýmagyň hem-de ilatyň saglygyny goramakda, ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almakda hem-de şolary bejermekde alnyp barylýan işler boýunça tejribe alşylmagynyň derwaýysdygyny nygtadylar.

Şunuň bilen baglylykda, Koreýa Respublikasynyň iri ýokary okuw mekdebiniň hünärmenleri Türkmenistanda tutuş dünýäni gurşap alan koronawirus ýokanjyna garşy alnyp barylýan göreş çärelerine we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara alym-lukmanlaryň Geňeşini döretmek we täze ählumumy wehime garşy bilelikdäki ylalaşykly hereketleri utgaşdyrmak üçin ylmy diplomatiýanyň gurallaryny işjeň herekete girizmek barada öňe sürýän başlangyçlaryna ýokary baha berdiler.

***

Şu gün Ýewropa Bileleşiginiň Daşary syýasat edarasynyň Baş sekretary hanym Helga Şmid bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň onlaýn duşuşygy geçirildi.

Ýewropa ugry türkmen döwletiniň alyp barýan daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Häzirki döwürde Türkmenistan bilen ÝB-niň arasynda deňhukuklylyk, özara peýdaly, milli bähbitlere hem-de halkara kadalara esaslanýan gatnaşyklar hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň netijeli ösdürilmegine kömek edýär.

Duşuşyga gatnaşyjylar ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça täze Strategiýasynyň çäklerinde, ozal gazanylan ylalaşyklaryň amala aşyrylyşyny ara alyp maslahatlaşyp, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, däp bolan we umumy bähbitlere laýyk gelýän syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmäge, şol sanda koronawirus ýokanjyna garşy durmak boýunça bilelikdäki tagallalaryň utgaşdyrylmagyna uly gyzyklanma bildirýändiklerini bellediler.

***

Aziýa ösüş bankynyň institutynyň, Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk institutynyň we Şanhaýyň buhgalterçilik hasabaty boýunça Milli institutynyň bilelikde guramagynda geçiren wideokuw maslahatynda sebitde elektron täjirçiliginiň kadalaşdyryş hukuk binýadyny ösdürmegiň möhüm meselelerine garaldy.

Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde geçirilen maslahata gatnaşyjylar maliýe we söwda hereketlerini özünde jemleýän kompýuter ulgamlarynyň kömegi arkaly dünýä tejribesinde ulanylýan usullar bilen tanyşdyryldy. Şeýle hem söwdanyň we işewürligiň häzirki zamanyň möhüm guraly hasaplanylýan elektron täjirçilik ulgamynda bilelikdäki barlaglaryň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmen tarapy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň maliýe-ykdysady ulgamda milli kadalaşdyryş hukuk binýadynyň kämilleşdirilmegine, onuň halkara ülňülere laýyk gelmegine we dolandyryşyň häzirki zaman usullarynyň ornaşdyrylmagyna gönükdirilen döwlet syýasatynyň esasy ugurlaryny aýan etdiler.

***

Şu gün «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginde wideoaragatnaşyk arkaly maslahat geçirildi. Oňa Halkara deňiz guramasynyň, Halkara zähmet guramasynyň, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň wekilleri gatnaşdylar.

Onlaýn duşuşyk ýiti ýokanç keselleriň ýaýramagyna garşy göreşi utgaşdyrmakda we deňiz pudagynyň işgärleriniň saglygyny goramakda özara gatnaşyklary ösdürmegiň çärelerini durmuşa geçirmek meselelerine garaldy.

Şeýle hem Türkmenistanyň ýurduň çäginde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça deňiz ulaglary arkaly gatnadylýan ýükleriň zyýansyzlandyrylmagyna gözegçiligi güýçlendirmek babatda beren tabşyryklaryna laýyklykda, durmuşa geçirilýän çäreleriň hasabyna COVID-19 ýokanjynyň ýüze çykmagynyň öňüni almak boýunça toplan tejribesiniň netijeli häsiýete eýedigi nygtaldy.

***

Daşary işler ministrliginde BMG-niň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň (UNODC) Owganystan we goňşy döwletleri üçin niýetlenen maksatnamasynyň üçünji tapgyryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde wideomaslahat görnüşindäki iş duşuşygy geçirildi.

Türkmenistanyň Owganystana yzygiderli kömek bermekde eýeleýän ornuna ýokary baha berip, duşuşyga gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň işjeň syýasaty netijesinde ýurdumyzyň Merkezi Aziýada möhüm orun eýeleýändigini we sebitara gatnaşyklary ösdürmekde parahatçylyk döredijilik kuwwatyny görkezýändigini nygtadylar.

Aýratyn-da, howpsuzlyk, neşeleriň dolanyşygyna gözegçilik etmek, bikanun maliýe akymlaryna we jenaýatçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy göreşmek, şeýle hem Owganystany ösdürmek boýunça tagallalara goldaw bermek maksady bilen, ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak meselelerine möhüm üns berildi.

***

Şu gün BMG-niň Aşgabatdaky Wekilhanasynda BMG-niň Çagalar gaznasy bilen bilelikde Türkmenistanyň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin çaganyň irki ösüşi boýunça milli strategiýasyny durmuşa geçirmegiň iş meýilnamasyny taýýarlamak boýunça geňeş maslahaty geçirildi.

BMG-niň Ösüş maksatnamasy we ÝUNISEF bilen ýygjam hyzmatdaşlykda taýýarlanan bu strategiýa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan geçen ýylyň dekabrynda tassyklandy. Ony iş ýüzünde durmuşa geçirmek Türkmenistanyň adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy babatda halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça Pudagara toparynyň üstüne ýüklenildi.

Maslahatyň dowamynda çaganyň irki ösüşi boýunça täze we Türkmenistanyň hökümeti bilen ÝUNISEF-niň arasynda 2021 — 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Ýurt maksatnamasynyň möhüm bölegine öwrülen Milli strategiýasyny durmuşa geçirmegiň netijelerine gözegçiligiň ulgamy ara alnyp maslahatlaşyldy.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter