Ýurdumyzyň mekdebe çenli edaralarynyň işi kämilleşdirilýär | TDH
Jemgyýet

Ýurdumyzyň mekdebe çenli edaralarynyň işi kämilleşdirilýär

опубликованно 23.05.2020 // 173 - просмотров
 

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň mejlisler zalynda «Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020 — 2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň maksatnamasyny» durmuşa geçirmek baradaky meselelere bagyşlanan maslahat geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tassyklan maksatnamasy Çaganyň irki ösüşi boýunça milli maksatnamanyň dowamy bolup, ol Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan ÝUNISEF-niň hem-de BMG-niň beýleki ýöriteleşdirilen edaralarynyň ýurdumyzdaky wekilhanalary bilen bilelikde işlenip taýýarlanyldy.

Şu günki çärä Türkmenistanyň bilim ulgamynyň hünärmenleri, mekdebe çenli edaralaryň we mekdepleriň işgärleri, saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatyň gün tertibine öňdebaryjy çemeleşmeleri we innowasion tehnologiýalary okuw işine ornaşdyrmak, çagalar baglarynyň işini döwrebaplaşdyrmak, çagalary mekdebe taýýarlamagyň hem-de olarda durmuş endiklerini ösdürmegiň, sagdyn durmuş ýörelgesini alyp barmagyň usullaryny kämilleşdirmek bilen bagly wezipeler girizildi.

Mekdebe çenli ýaşly çagalary okuwa uzak aralykdan taýýarlamakda ene-atalara usulyýet kömegini bermegiň meselelerine seredildi. Bellenilişi ýaly, işiň bu ugry ÝUNISEF-niň Türkmenistan üçin 2021 — 2025-nji ýyllarda Ýurt boýunça maksatnamasynda öz beýanyny tapar. Lukmançylyk üpjünçiligi hem çaganyň irki ösüşinde uly orun eýeleýär, şunda çagalara sanjym işlerini geçirmek aýratyn ähmiýete eýe bolup durýar.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter