Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideomaslahatlar | TDH
Syýasat habarlary

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideomaslahatlar

опубликованно 22.05.2020 // 172 - просмотров
 

Şu gün «Türkmenhimiýa» we «Türkmengaz» döwlet konsernlerinde wideoaragatnaşyk arkaly Ýaponiýanyň «Mitsubishi Corporation» kompaniýasynyň wekilleri bilen gepleşikler geçirildi. Onuň dowamynda ozal gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň meseleleri hem-de himiýa we nebitgaz senagatynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maslahatda Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň bu pudaklarda oňyn tejribe toplandygy bellenildi. Sebitde iri «Garabogazkarbamid» zawodynyň işe girizilmegi we onuň öndürýän azot dökünleriniň dünýä bazarlarynda uly islege eýe bolmagy munuň nobatdaky subutnamasydyr.

Geçen ýylyň oktýabr aýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaponiýa bolan iş saparynyň çäklerinde resminamalar toplumyna, şol sanda «Mitsubishi Corporation» kompaniýasynyň gatnaşmagynda Türkmenistanda ammiak we karbamid önümçiligi boýunça täze zawodyň gurluşygynyň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly resminama gol çekilmegi netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine kuwwatly itergi berdi.

Nebitgaz senagatynda özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikler bar. Pudagy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, “mawy ýangyjy” eksport etmegiň köpşahaly düzümini we tebigy gazy gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilen, polimer hem-de beýleki gazhimiýa önümleriniň önümçiligi boýunça innowasion senagat toplumyny döretmek onuň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.

«Türkmengaz» döwlet konserninde geçirilen onlaýn duşuşygynda ýylda 10 milliard kub metr harytlyk gazy öndürmek boýunça kärhananyň deslapky tehniki taslamasyny taýýarlamak meselelerine garaldy. Bu desgany gurmak “Galkynyş” gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň nobatdaky tapgyrynyň çäklerinde meýilleşdirilýär.

***

Şu gün «Türkmenaragatnaşyk» agentliginde «Türkmentelekom» elektroaragatnaşyk kompaniýasynyň we «Azertelekom» jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýetiň wekilleriniň arasynda wideomaslahat geçirildi. Onuň dowamynda pudaklaýyn türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljekki ösüşiniň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Onlaýn duşuşygynda Hazar deňziniň düýbi boýunça Türkmenistan — Azerbaýjan ugry boýunça optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny bilelikde gurmak hakyndaky taslamany durmuşa geçirmegiň meseleleri boýunça pikir alyşmalar boldy.

Gadymy döwürlerde Beýik Ýüpek ýolunyň geçen ugruny öz içine alýan bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi bilen Türkmenbaşy we Siýazan şäherleriniň baglanyşjakdygy hem-de Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda aragatnaşygyň telekommunikasion ugurlaryny kämilleşdirilmegi ugur edinýän hyzmatdaşlygy berkitjekdigi bellenildi.

Türkmen tarapy döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň telekommunikasiýa ulgamy boýunça işjeň strategiýasyndan ugur alyp, bu taslamany durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly teklipleri taýýarlady. Ol ykdysady, tehniki we beýleki degişli ugurlar boýunça garamak hem-de ylalaşmak üçin hödürlenildi.

Şeýle hem taraplar telekommunikasiýa pudagyna maýa goýum serişdelerini çekmek meselelerine üns berdiler we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny bilelikde gurmagyň, ulanmagyň, hyzmat etmegiň we goramagyň şertlerini ara alyp maslahatlaşdylar.

***

Saglygy goraýyş ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de adamzat üçin çynlakaý howpa eýe bolan COVID-19 koronawirus ýokanjyna garşy durmak boýunça meseleler şu gün geçirilen wideomaslahatyň gün tertibine girizildi, oňa Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň ugurdaş edaralarynyň we ylmy düzümleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Mälim bolşy ýaly, koronawirus pandemiýasy howpunyň ýüze çykan ilkinji günlerinden başlap, ýurdumyz täze görnüşli koronawirusyň ýaýramagyna garşy göreşde ylalaşykly hereketleri işläp taýýarlamagyň hem-de umumy tagallalary jemlemegiň tarapdary hökmünde çykyş etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistan bu ugurda durmuşa geçirýän anyk çäreleri, hususan-da, ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça toplanylan oňyn tejribe Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň hem-de tutuşlygyna dünýä bileleşiginiň ýokary bahasyna mynasyp boldy.

Onlaýn görnüşinde geçirilen duşuşygyň barşynda howply ýokanç keseliň ýaýramagynyň öňüni almak, şol sanda netijeli derman serişdeleri boýunça ýörite barlaglary geçirmek hem-de olary işläp taýýarlamak, tejribe alyşmak we bu ulgamda özara peýdaly halkara gatnaşyklaryny pugtalandyrmak boýunça toplumlaýyn çäreler gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşylmagynyň meselesi boldy.

Wideomaslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň ylmy institutlarynyň hem-de saglygy goraýyş edaralarynyň arasynda häzirki zaman lukmançylygynyň möhüm ugurlary, şeýle hem ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak ugry boýunça netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.

***

Şu gün ýurdumyzyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň ýolbaşçylary bilen Gazagystan Respublikasynyň medeniýet we sport wise-ministri S.Musaýbekowyň arasynda onlaýn duşuşygy geçirildi.

Gepleşige Gazagystanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň we iki ýurduň Milli olimpiýa komitetleriniň ýolbaşçylary çagyryldy. Onda sport ulgamynda döwletara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň geljekki ugurlaryna hem-de Tokioda geçiriljek Tomusky Olimpiýa oýunlaryna taýýarlygyň meselelerine garaldy.

Wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen duşuşyga gatnaşyjylar iki ýurduň ýokary derejedäki halkara sport bäsleşiklerini geçirmekde hem-de Aşgabatda 2017-nji ýylda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň çäklerinde toplan tejribelerine ýokary baha berdiler.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli tagallasy netijesinde, ýurdumyzda ýokary derejeli türgenleri taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Halkara ölçeglerine gabat gelýän döwrebap köpugurly stadionlaryň we beýleki möhüm sport desgalarynyň gurluşygy boýunça ähmiýetli taslamalar durmuşa geçirilýär.

Taraplar däp bolan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny belläp, sportuň olimpiýa görnüşleri boýunça tejribe alyşmagyň, iki dostlukly ýurduň degişli düzümleriniň arasynda ýygjam gatnaşyklary ýola goýmagyň zerurdygyny nygtadylar.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter