Resmi habarlar | TDH
Syýasat habarlary

Resmi habarlar

опубликованно 22.05.2020 // 385 - просмотров
 

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini has-da kämilleşdirmek, körpelere bilim we terbiýe bermegiň hilini ýokarlandyrmak, olaryň irki ýaşdan başlap, beden, akyl we ruhy-ahlak taýdan sazlaşykly ösüşini we mekdebe taýýarlygyny üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020 — 2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň maksatnamasy hem-de şu maksatnamany durmuşa geçirmegiň meýilnamasy tassyklanyldy.

***

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda aýratyn howply ýokanç keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmekde alnyp barylýan toplumlaýyn çäreleri milli derejede güýçlendirmek we meýilnamalaýyn esasda guramak, şeýle hem Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy, onuň ýöriteleşdirilen edaralary hem-de Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy bilen hyzmatdaşlygyny has-da giňeltmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň ýiti ýokanç kesele garşy taýýarlygyny we dessin çäreleriň görülmegini üpjün etmegiň meýilnamasy tassyklanyldy.

***

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, garamagyndaky ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işine gözegçiligi gowşadandygy üçin, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Durdylyýew Şamuhammede berk käýinç yglan edildi.

***

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Abdyýewa Bahargül Gurbanmyradowna berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek oňa soňky gezek duýduryldy.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter