Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideomaslahatlar | TDH
Syýasat habarlary

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideomaslahatlar

опубликованно 20.05.2020 // 156 - просмотров
 

Şu gün «Ýyldyz» myhmanhanasynda Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda Durnukly ösüş maksadynda hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek bilen bagly döredilen ýokary maglumat tehnologiýalary we ösüşiň monitoringi boýunça iş toparynyň nobatdaky onlaýn tertibindäki duşuşygy geçirildi.

Onuň dowamynda ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen ählumumy Durnukly ösüş maksatlaryna laýyk gelýän milli özgertmeleriň durmuşa geçirilmegine gönükdirilen maksatnamalarynyň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Halk hojalygynyň ähli pudaklaryna elektron resminama dolanyşygynyň, häzirki zaman maglumat tehnologiýalarynyň we sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy bilen baglanyşykly meselelere üns berildi. Şeýle hem döwlet dolandyrylyşy, saglygy goraýyş, bilim, hukuk, maliýe we durmuş ulgamy, daşky gurşawy goramak, medeniýet hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ýaly möhüm pudaklaryň işiniň kämilleşdirilmegi barada aýdyldy.

Bellenilişi ýaly, şunuň ýaly giň möçberli işler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanda ähli ugurlary öz içine alýan sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda alnyp barylýar.

BMG ÖM, ÝUNISEF, ÝUNFPA we BSGG hem-de BMG-niň beýleki agentlikleriniň goldaw bermeklerinde dünýäniň öňdebaryjy tejribesini we halkara hyzmatdaşlygynyň tekliplerini peýdalanmak arkaly «2030-yň Gün tertibinde» kesgitlenen umumy wezipeleriň çözgüdine gönükdirilen taslamalar üstünlikli amala aşyrylýar.

* * *

Energetika ministrliginde Ýaponiýanyň «Sumitomo Corporation» kompaniýasynyň wekilleri bilen wideomaslahat görnüşdäki duşuşyk geçirildi. Onda garalan meseleleriň hatarynda ykdysady taslamalar babatda özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek we onuň geljegi ýaly ugurlar boldy.

Iki ýurduň işewür toparlarynyň wekilleri elektroenergetika, ulag-kommunikasiýa, oba hojalygy we beýleki pudaklarda tagallalary utgaşdyrmagyň has netijeli boljakdygyny nygtadylar.

Duşuşygyň dowamynda ýapon tarapynyň wekilleri maýa goýum, öňdebaryjy tehnologiýalary we önümçiligiň täze usullaryny ornaşdyrmak babatda gatnaşyklary ösdürmek ugrunda toplumlaýyn başlangyçlary öňe sürdüler. Olaryň pikirine görä, bu taslamalaryň durmuşa geçirilmegi Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda tehnologik hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýardam berer.

Şunuň bilen baglylykda, «Sumitomo Corporation» kompaniýasynyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Açyk gapylar» syýasaty netijesinde işewür gatnaşyklar üçin ähli zerur şertler döredilen we geljegi uly türkmen bazarynda öz ornuny mundan beýläk-de giňeltmäge gyzyklanmalary beýan edildi.

* * *

Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde onlaýn tertibinde BMG-niň Aziýa we Ýuwaş umman sebitleri boýunça Ykdysady we durmuş komissiýasynyň (UNESCAP) agzalan sebitler üçin 7-nji Durnukly ösüş forumy boýunça teleköpri geçirildi.

Ozalky mejlisden bäri döwürde ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş babatda Gün tertibini amala aşyrmagyň möhüm ugurlaryny kesgitlemek ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Sebitiň agza döwletleriniň bilelikdäki işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga täze çemeleşmeler teklip edildi.

COVID-19 ýokanjyna garşy göreşmekde we çylşyrymly ekologiýa meselelerini çözmekde ylmyň, tehnologiýanyň we innowasiýanyň wajyp orny eýeleýändigi nygtaldy. UNESCAP-na agza döwletleriň arasynda sebitde ylmy hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň zerurdygy bellenildi.

Foruma gatnaşyjylar Türkmenistanyň dünýä giňişliginde eýeleýän işjeň ornuna ýokary baha berip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň açyklyk, birek-birege ynanyşmak we hyzmatdaş ýurtlaryň bähbitlerini nazara almak arkaly ýola goýýan hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gönükdirilen başlangyçlarynyň ähmiýetlidigini nygtadylar.

21-nji maýda Türkmenistanyň wekilleri Aziýa we Ýuwaş umman sebitleri boýunça Ykdysady we durmuş komissiýasynyň 76-njy sessiýasyna gatnaşar. Onda 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş bähbidine gönükdirilen ykdysady, durmuş we ekologiýa hyzmatdaşlygyna ýardam bermegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar.

* * *

Daşary işler ministrliginde Türkmenistan bilen Şweýsariýa Konfederasiýasynyň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly syýasy geňeşmeler geçirildi. Onuň çäklerinde döwletara hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki ugurlary ara alyp maslahatlaşyldy.

Daşary syýasat edaralarynyň söwda-ykdysady pudakda ägirt uly kuwwatyň bardygyny nygtap, wekiller özara bähbitli işewür gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmegiň we diwersifikasiýa etmegiň mümkinçilikleri boýunça pikir alyşdylar. Maliýe-bank ulgamy, lukmançylyk, ylym we bilim, ýokary tehnologiýalar, ulag-kommunikasiýa toplumy, syýahatçylyk möhüm ugurlaryň hatarynda görkezildi.

Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň Birleşen Milletler Guramasynyň, Ýewropa Bileleşiginiň we beýleki halkara düzümleriň çäklerindäki özara gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigi bellenildi. Türkmenistanyň oňyn bitaraplyk daşary syýasatyna we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň dünýäde parahatçylygyň hem-de durnuklylygyň esaslarynyň hemmetaraplaýyn berkidilmegine, sebitde özara ynanyşmak ýagdaýynyň döredilmegine we dünýä döredijilik diplomatiýasy nukdaýnazaryndan ählumumy wajyp meseleleriň çözgüdine gönükdirilen işjeň halkara başlangyçlara ýokary baha berildi.

* * *

Goşulyşmazlyk Hereketiniň agza ýurtlarynyň saglygy goraýyş ministrleriniň wideoaragatnaşyk arkaly şu gün geçirilen duşuşygynda koronawirus ýokanjyna garşy bilelikdäki göreşiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşyga gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 4-nji maýynda COVID-19 ýokanjyna garşy göreş meselelerine bagyşlanan onlaýn duşuşygynda hyzmatdaş topar görnüşindäki Goşulyşmazlyk Hereketiniň ýokary derejedäki duşuşygynyň çäklerinde öňe süren başlangyçlaryna ýokary baha berdiler.

Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyz bu abraýly guramanyň çäklerinde agza döwletleriň koronawirus ýokanjyna garşy göreşde ylalaşykly işiniň esasy ugurlaryny özünde jemleýän maksatnamalaýyn resminamany taýýarlamagy we kabul etmegi hem-de alym-lukmanlar Geňeşini döretmegi we ylmy diplomatiýanyň guralyny doly güýjünde işe girizmegi teklip etdi.

Goşulyşmazlyk Hereketiniň agza ýurtlarynyň saglygy goraýyş ulgamynyň ýolbaşçylary milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlaryny doly goldap, howply ýokanç keselleri bejermegiň we onuň öňüni almagyň usullary boýunça yzygiderli tejribe hem-de bilim alyşmalaryň, netijeli lukmançylyk serişdeleri we şahsy gorag işleri babatda maglumat alyşmagyň zerurdygyny nygtadylar.

* * *

Şu gün BMG-niň Aşgabatdaky binasynda Russiýa Federasiýasynyň hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň saglygy goraýyş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda onlaýn tertibinde gepleşikler geçirildi.

Taraplar BSGG-niň Ýewropa sebiti boýunça edarasy bilen bilelikde geçirilen duşuşygyň dowamynda häzirki döwürde tutuş adamzada wehim salýan COVID-19 ýokanjyna garşy utgaşykly göreşde özara gatnaşyklar bilen baglanyşykly birnäçe wajyp meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşyga gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça bu howply keseliň aralaşmagynyň öňüni almaga mümkinçilik beren toplumlaýyn çäreleriň netijeli häsiýete eýedigini belläp, türkmen tarapynyň oňyn tejribesini öwrenmegiň we koronawirus ýokanjynyň ählumumy möçberde ýaýramagyna garşy göreş üçin tagallalary birleşdirmegiň zerurdygyny nygtadylar.

Bellenilişi ýaly, bilelikdäki köptaraplaýyn işler köpýyllyk taryhynda ýokanç kesellere garşy göreşmekde oňyn tejribe toplan Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy bilen hyzmatdaşlykda amala aşyrylmalydyr.

* * *

Şu gün BMG-niň Aşgabatdaky wekilhanasynda göni wideoaragatnaşyk arkaly ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň wekilleri bilen BSGG-niň hünärmenleriniň arasynda geçirilen iş maslahatynda koronawirus ýokanjynyň ýaýramagyna garşy netijeli göreş çärelerini işläp taýýarlamak meselelerine garaldy.

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň bilermenleri ýurdumyzyň COVID-19 ýokanjynyň töwekgelçiliginiň öňüniň alynmagyna gönükdirilen meýilnamalaýyn giň möçberli işleriniň netijelerine oňyn baha berip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça işlenilip taýýarlanylan Türkmenistanyň ýiti ýokanç kesele garşy taýýarlygyny hem-de dessin çäreleriň geçirilmegini üpjün etmegiň Meýilnamasynyň wajypdygyny we onuň öz wagtynda kabul edilendigini hem-de gyssagly hereket çärelerini görmek çözgüdiniň ähmiýetlidigini nygtadylar.

Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň wekilleri geçirilýän çäreleriň dowamynda saglygy goraýyş ulgamynyň edaralarynyň zerur lukmançylyk enjamlary, şahsy gorag serişdeleri, test-ulgamlary hem-de keselleriň ýaýramagyna garşy serişdeleri doly üpjün edilendigi nygtaldy.

* * *

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň (Türkmenistan), Azerbaýjan Respublikasynyň Baku Halkara deňiz söwda portunyň hem-de Gazagystan Respublikasynyň Aktau Halkara deňiz söwda we Kurik deňiz portlarynyň wekilleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen maslahatda häzirki ýagdaýlar nazara alnyp, hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Onlaýn duşuşyga gatnaşyjylar COVID-19 ýokanjyna garşy durmak boýunça portlarda amala aşyrylýan öňüni alyş çärelerine aýratyn üns berdiler. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, özara peýdaly gatnaşyklary berkitmegiň hem-de tejribe alyşmagyň wajypdygy nygtaldy.

Şeýle hem Hazarýaka portlaryň arasynda elektron maglumat alşylmagyny ýola goýmagyň meselelerine garaldy, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, munuň özi bar bolan ugurdaş düzümleriň we ulag-üstaşyr geçelgeleriniň kuwwatyny netijeli peýdalanmaga mümkinçilik berer.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter