Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara döwlet Baştutanynyň adyndan süýji tagamly sowgatlar gowşuryldy | TDH
Jemgyýet

Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara döwlet Baştutanynyň adyndan süýji tagamly sowgatlar gowşuryldy

опубликованно 18.05.2020 // 208 - просмотров
 

Döwletliler köşgünde baýramçylyk çäresi geçirildi, onuň barşynda bu ýerde terbiýelenýän çagalara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan süýji tagamly sowgatlar gowşuryldy. Milli parlamentiň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň we ýurduň jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleri çagalaryňka myhmançylyga geldiler.

Milli parlamentiň başlygynyň orunbasary Kasymguly Babaýew, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy Ata Serdarow we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ýolbaşçysy Ýazberdi Öwezberdiýew dagy Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler. Türkmenistanlylaryň ösüp gelýän nesli hakda hemmetaraplaýyn aladanyň, çagalaryň sazlaşykly ösmegi, olaryň şahsy ukybyny açmagy üçin şertleriň döredilmeginiň türkmen Lideriniň durmuş syýasatynyň ileri tutulýan ugrudygy bellenildi.

Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa atalyk aladasy üçin hoşallyk sözlerini aýtdylar. Dabara çagalar döredijilik toparlarynyň taýýarlan baýramçylyk konserti bilen dowam etdi.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter