Ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli maslahat | TDH
Jemgyýet

Ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli maslahat

опубликованно 17.05.2020 // 168 - просмотров
 

Şu gün, ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününiň öň ýanynda, ýurdumyzyň Mejlisi Daşary işler ministrligi bilen bilelikde ylmy-amaly maslahat geçirdi.

Maslahata Milli Parlamentiň deputatlary, hökümet agzalary, partiýa we jemgyýetçilik işgärleri, alymlar we syýasatşynaslar, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň, şeýle hem dürli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, türkmen we daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde geçirilen «Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Türkmenistanyň Döwlet baýdagy: döwletlilik, adalatlylyk, parahatçylyk we ösüş» atly maslahat şu ýyl giňden bellenilýän şanly senä — Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlandy.

Maslahata gatnaşyjylaryň çykyşlarynda bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň mundan 28 ýyl ozal kabul edilen Konstitusiýasy diňe bir Garaşsyzlygyň gazananlaryny berkitmek bilen çäklenmän, türkmen jemgyýetiniň ösüşiniň esasy ugurlaryny kesgitledi. Döwletimiziň mizemez hukuk binýady bolmak bilen, Konstitusiýa halkymyzyň agzybirlik, demokratiýa, ynsanperwerlik, watançylyk hem-de adalatlylyk baradaky arzuwlarynyň beýany bolup durýar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda türkmen halky taryhy ösüşiň häzirki tapgyrynda geçmişiň we häzirki döwrüň üýtgewsiz baglanyşygyna daýanmak bilen, röwşen geljege tarap öz ýoluny saýlap aldy, ähli ýurtlaryň hem-de halklaryň ösüşiniň bähbidine oňyn başlangyçlary ynamly öňe sürýär hem-de durmuşa geçirýär, häzirki zamanyň möhüm meseleleriniň çözgüdine täzeçil çemeleşmäni görkezýär.

Ýurdumyzyň Esasy Kanuny döwlet gurluşynyň iň gowy milli we dünýä tejribesini, umumadamzat gymmatlyklarynyň ýörelgelerini özünde jemläp, öz esasy aýratynlyklaryny saklamak bilen bir hatarda, çeýe hukuk guraly bolup durýar, döwrüň talaplaryny hem-de halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryny hasaba almak bilen yzygiderli kämilleşdirilýär.

Häzirki wagtda «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Konstitusion kanunyň taslamasynyň ählihalk tarapyndan ara alnyp maslahatlaşylmagy dowam edýär. Şeýle goşmaçalar Milli Parlamentiň iki palataly ulgama geçirilmegi hem-de Halk Maslahatynyň hukuk derejesiniň üýtgedilmegi bilen baglanyşyklydyr.

Çykyşlarda Esasy Kanunymyzyň bilim ulgamyny ösdürmekde, döwlet taglymatyny, syýasy köpdürlüligi hem-de köppartiýalylygy kemala getirmekde eýeleýän orny, şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän durmuş-ykdysady strategiýanyň we ylmy-tehniki syýasatyň esasy ugurlary beýan edildi.

Bellenilişi ýaly, milli Liderimiziň başlangyjy bilen amala aşyrylýan jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ulgamlaryny öz içine alan düýpli we giň gerimli özgertmeler Türkmenistanyň geosyýasy, ykdysady, serişdeler we adam mümkinçiliklerini doly açmaga hem-de peýdalanmaga gönüden-göni ýardam berýär. Milli ykdysadyýetimiziň döwrebaplaşdyrylmagyna, sanlylaşdyrylmagyna we diwersifikasiýalaşdyrylmagyna, sebitleriň innowasiýa esasynda senagatlaşdyrylmagyna, telekeçiligiň hemmetaraplaýyn goldanylmagyna gönükdirilen çäreler üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Şol bir wagtyň özünde, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürýän ýokary tehnologiýaly pudaklaryň ösdürilmegi, ösen ulag we maglumat-kommunikasiýa düzümleriniň kemala getirilmegi bilen bir hatarda, ylym we bilim ulgamyna uly maýa goýum serişdeleri goýberilýär, bu ulgam ösüşiň hereketlendiriji güýjüdir. Saglygy goraýyş, medeniýet we sport ulgamlary durmuş häsiýetli bolup, döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolmak bilen, milletimiziň ruhy we beden taýdan kämilleşmegine gönüden-göni täsir edýär.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasatynyň esasy ýörelgesini äşgär açyp görkezýän «Döwlet adam üçindir!» şygar doly derejede berkidilendir. Adamy goramak we goldamak, oňa hyzmat etmek döwlet häkimiýet edaralarynyň möhüm wezipeleridir.

Bu örän möhüm konstitusion kada öz wagtynda Konstitusiýanyň Türkmenistanda adamyň we raýatyň hukuklary, azatlyklary we borçlary baradaky bölümine üýtgetmeleri girizmegiň binýady bolup hyzmat etdi. Esasy Kanunymyzyň bu bölümine ýurdumyzyň gatnaşýan adam hukuklary babatynda halkara konwensiýalaryň kadalaryny hasaba almak bilen täze maddalar girizildi.

Hususan-da, adamyň we raýatyň hukuklarynyň hem-de azatlyklarynyň döwlet goraglylygyny kepillendirmegini, döwlet häkimiýet, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary we wezipeli adamlar tarapyndan adamyň we raýatyň hukuklarynyň berjaý edilmegini we olara hormat goýulmagyny üpjün etmek maksady bilen, Ombudsmeniň — Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliň wezipesi döredildi. Ombudsmeniň hukuklaryny, borçlaryny, onuň işiniň esasy ugurlaryny we kepilliklerini, şeýle hem ygtyýarlyklaryny kesgitleýän degişli kanun kabul edildi.

Maslahatyň dowamynda BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň baştutany N.German, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Ý.Panowa, Owganystan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi N.Alihil dagy çykyş edip, ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň durmuşa geçirilişine ýokary baha berdiler.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynda beýan edilen parahatçylykly ýaşaşmagyň, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgeleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary syýasatynyň esasyny düzmek bilen, Garaşsyz, Bitarap döwlet hökmünde Türkmenistanyň abraýyny belende götermäge hem-de onuň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilmegini üpjün etmäge mümkinçilik berdi.

Ýurdumyzyň Esasy Kanunynda döwletimiziň özygtyýarlylygynyň, BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary bilen ykrar edilen we tassyklanylan hemişelik Bitaraplyk derejesiniň anyk beýan edilmegine aýratyn üns berildi.

Hormatly Prezidentimiziň «Parahatçylygyň we ösüşiň bähbidine hyzmatdaşlyk» taglymatyna laýyk gelýän halkara başlangyçlarynyň taryhy-syýasy ähmiýeti nygtaldy. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň teklibi boýunça 2021-nji ýyly BMG-niň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip yglan etmegi şol başlangyçlaryň möhüm ähmiýete eýediginiň we gyzyklanma döredýändiginiň subutnamasydyr.

Şeýle hem türkmen Bitaraplygynyň syýasy, ykdysady we ynsanperwer ugurlary seljerildi, ýurdumyzyň BMG-niň esasy düzümleri bilen alyp barýan köpugurly işleri, Türkmenistanyň energetika, ulag we suw diplomatiýasy barada aýdyldy.

Duşuşyga gatnaşyjylaryň belleýişleri ýaly, Türkmenistanyň Döwlet baýdagy häzirki wagtda Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň esasy nyşany bolmak bilen, bütin dünýäde tanalýar. Ol BMG-niň edara binasynyň baýdak sütüninde buýsançly pasyrdaýar we özygtyýarly Bitarap Türkmenistanyň alyp barýan parahatçylyk, dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we oňyn hyzmatdaşlyk syýasatynyň esasy ýörelgelerini beýan edýär.

Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde geçirilen maslahat bu şanly senäniň — ýurdumyzyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününiň ägirt uly ähmiýetini, Watanymyzyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Garaşsyzlyk ýyllarynda ýeten sepgitlerini, Garaşsyzlyk we hemişelik Bitaraplyk, parahatçylyk we agzybirlik, demokratiýa hem-de kanunyň rüstemligi ýaly döwletiň esas goýujy ýörelgelerini aýdyň görkezdi.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter