Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideomaslahat | TDH
Syýasat habarlary

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideomaslahat

 

Şu gün BMG-niň Aşgabatdaky wekilhanasynyň binasynda onlaýn görnüşde BSGG-niň Ýewropa sebiti boýunça edarasynyň hemişelik komitetiniň 4-nji mejlisi geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça wideoforuma ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň wekilleri gatnaşdylar.

Bellenilişi ýaly, milli saglygy goraýyş boýunça maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirýän Türkmenistanyň tejribesi Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy tarapyndan nusgalyk diýip ykrar edildi hem-de öwrenmek üçin beýleki ýurtlara teklip edildi.

Milli Liderimiz tarapyndan işlenilip taýýarlanylan «Saglyk» Döwlet maksatnamasy, onuň yzygiderli durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň raýatlarynyň saglygyny goraýyş ulgamyny halkara ülňüleriniň derejesine çykardy. Saglygy goraýyş ulgamynda toplumlaýyn özgertmeleri amala aşyrmagyň çäklerinde Türkmenistan lukmançylyk işgärlerini we ylmy işgärleri taýýarlaýyş ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek bilen, saglygy goraýyş ulgamynda tejribe alşylmagyna ýardam berýän halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly üns berýär.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen görülýän anyk çäreleriň hatarynda öňüni alyş işleriniň güýçlendirilmegi, döwrebap lukmançylyk tehnologiýalarynyň we enjamlarynyň, jemgyýetimize sagdyn durmuş ýörelgeleriniň işjeň ornaşdyrylmagy, aýratyn-da ýaşlaryň arasynda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň wagyz edilmegi ýaly çäreler bar.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter