Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideomaslahatlar we duşuşyklar geçirildi | TDH
Syýasat habarlary

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideomaslahatlar we duşuşyklar geçirildi

опубликованно 13.05.2020 // 258 - просмотров
 

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, maýa goýumlar we daşary söwda ministri Sardor Umurzakow bilen onlaýn görnüşinde duşuşyk geçirildi.

Taraplar döwletara gatnaşyklaryň netijeliligini belläp, ýokary derejede yzygiderli geçirilýän gepleşikleriň barşynda gazanylan ylalaşyklaryň muňa gös-göni ýardam edýändigini nygtadylar. Şol gepleşikleriň çäklerinde ýurtlarymyzyň hem-de tutuş sebitiň bähbitlerine kybap gelýän türkmen-özbek hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň esasy ugurlary kesgitlenilýär.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew ýakynda geçirilen telefon arkaly gepleşigiň barşynda koronawirusyň ýaýramagyna bilelikde garşy durmak hem-de şol howply ýokanjyň ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklara ýaramaz täsirini azaltmak boýunça tagallalary işjeňleşdirmegiň möhümdigi barada bir pikire geldiler.

Hyzmatdaşlygy berkitmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmagyň çäklerinde onlaýn duşuşyga gatnaşyjylar iki ýurduň döwlet we telekeçilik düzümleriniň arasynda üstünlikli gatnaşyklar üçin amatly şertleri döretmegiň hem-de Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-özbek toparynyň işini işjeňleşdirmegiň möhümdigine ünsi çekdiler.

Iki döwletiň birek-birege goldaw bermek ýörelgelerinde guralýan köpasyrlyk hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna ygrarly bolmagy bilen baglylykda iberilýän harytlaryň hem-de edilýän hyzmatlaryň görnüşlerini we möçberlerini giňeltmegiň zerurdygy bellenildi.

***

Şeýle hem Daşary işler ministrliginde Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekilhanasynyň wekilleri bilen sanly wideoaragatnaşyk boýunça iş duşuşygy geçirildi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan BMG-niň ynsanperwer düzümleri bilen gatnaşyklara uly ähmiýet berip, raýatsyzlyk meselesini çözmäge hem-de bosgunlary goramaga we goldamaga gönükdirilen çäreleri iş ýüzünde amala aşyrmaga uly goşant goşýar.

2011-nji ýylyň aprelinde Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň müdirliginiň ýerine ýetiriji komitetiniň agzalygyna saýlanylan ýurdumyz BMG-niň bosgunlar hem-de raýatlygy bolmadyk adamlar hakynda konwensiýalarynyň 4-sini hem tassyklady. Türkmenistan Merkezi Aziýada raýatsyzlyk hakynda konwensiýalara goşulan ilkinji hem-de häzire çenli ýeke-täk döwlet bolup durýar. Geçen ýyl hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň görkezmesi boýunça ýurdumyzda Raýatsyzlygy aradan aýyrmak boýunça hereketleriň milli meýilnamasy işlenip taýýarlanyldy.

Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň müdirliginiň wekilleri Türkmenistanyň adam hukuklary, şol sanda raýatlyga bolan hukuk babatda gazananlarynyň dünýä bileleşigi tarapyndan giňden ykrar edilendigini bellemek bilen, hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanmanyň bardygyny aýtdylar.

***

Şu gün Suw hojalygy baradaky döwlet komitetinde «Itochu Corporation» ýapon kompaniýasynyň wekilleri bilen onlaýn maslahat geçirildi.

Duşuşyga gatnaşyjylar dürli ugurlarda köpýyllyk işewür hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesini belläp, netijeli hyzmatdaşlygy, şol sanda ýokary öndürijilikli ýer gazýan tehnikalary getirmek babatda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Geçen ýylyň oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaponiýa amala aşyran iş saparynyň çäklerinde «Itochu Corporation» bilen Baş ylalaşyk baglaşyldy. Täze bilelikdäki ykdysady taslamalary amala aşyrmak babatda pikir alşyldy. Şunda suwarymly ekerançylyga döwrebap suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, suwy arassalamak hem-de akar suwlary täzeden ulanmak, gidrotehniki desgalary gurmak we ulanmak boýunça Ýaponiýanyň baý tejribesi uly gyzyklanma döredýär.

***

Şu gün Daşary işler ministrliginde Ýadro synaglaryny hemmetaraplaýyn gadagan etmek hakynda Şertnama Guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretary Lassina Zerbo bilen wideomaslahat görnüşinde duşuşyk geçirildi.

Bellenilişi ýaly, daşary syýasatyny oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerinde üstünlikli amala aşyrýan Türkmenistan parahatçylygyň we ählumumy howpsuzlygyň bähbidine giň halkara gatnaşyklara hemişe ygrarly bolar. Sebitiň beýleki döwletleri bilen bir hatarda, ýurdumyzyň Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolagy döretmek hakynda Şertnama goşulmagy bu babatda nusga alarlyk bolup durýar.

Lassina Zerbo Türkmenistanyň amala aşyrýan işlerine, hususan-da, ýaragsyzlanmak meseleleri boýunça ähmiýetli halkara-hukuk resminamalara goşulmak babatda görýän çärelerine ýokary baha bermek bilen, häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmek boýunça geljekde hem bilelikde işlemegiň zerurdygyny belledi. Şol meseleleriň hatarynda ählumumy howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmek aýratyn ähmiýetli bolup durýar.

Şeýle duşuşyk şu gün Ylymlar akademiýasynyň Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy institutynda hem geçirildi.

***

Şeýle hem Daşary işler ministrliginde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň hem-de Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda wideomaslahat görnüşinde syýasy geňeşmeler geçirildi, olaryň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de ony ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşyga gatnaşyjylar söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, bank-maliýe, medeni-ynsanperwer ulgamlar ýaly strategik ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek babatda pikir alyşdylar. Şunda işewür gatnaşyklary giňeltmek, maýa goýum işini işjeňleşdirmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.

Dünýä giňişliginde, abraýly halkara guramalaryň hem-de düzümleriň çäklerinde iki döwletiň özara gatnaşyklaryna netijeli çemeleşme mahsusdyr, şunda taraplar sebitiň we dünýäniň gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça garaýyşlarynyň ýakyndygyny we özara düşünişmäniň bardygyny görkezýärler.

Şunuň bilen baglylykda, şu ýyl 25 ýyllygy bellenilýän Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesiniň ähmiýeti, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ählumumy durnukly ösüş üçin şertleriň döredilmegine gönükdirilen döredijilikli başlangyçlarynyň zerurlygy aýratyn bellenildi.

***

Şu gün Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň başlyklyk etmeginde howanyň hapalanmagynyň lukmançylyk-sanitariýa ýagdaýlary boýunça iş toparynyň 23-nji maslahaty geçirildi. Bu topar BMG-niň Howanyň uzak aralyga serhetüsti hapalanmagy baradaky Ýewropa ykdysady komissiýasynyň konwensiýasynyň çäklerinde hereket edýär.

Wideomaslahata Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistanda işleýän ýöriteleşdirilen düzümleriniň, şeýle hem ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň wekilleri gatnaşdylar.

Bilermenler bu ulgamdaky soňky ylmy-barlaglaryň netijelerini hem-de 2020 — 2030-njy ýyllar üçin ileri tutulýan ugurlar kesgitlenilen Konwensiýanyň täzelenen uzakmöhletleýin strategiýasyny durmuşa geçirmek boýunça iş toparynyň işleriniň meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşdylar. Konwensiýa howanyň serhetüsti hapalanmagynyň adamlaryň saglygyna we daşky gurşawa ýetirýän täsiri bilen baglanyşykly zyýana gözegçilik etmek we azaltmak üçin halkara ekologiýa hukugynyň ösdürilmegine uly goşant goşýar.

Nygtalyşy ýaly, ekologiýa ugry hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Şol syýasatda daşky gurşawy goramak, tebigatdan oýlanyşykly peýdalanmak hem-de ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek meselelerine aýratyn üns berilýär. Şol meseleler ilatyň saglygyny goramagyň möhüm ýagdaýlarydyr.

Häzirki wagtda Türkmenistan tebigaty goramak ulgamynda köptaraplaýyn halkara resminamalaryň 20-sine gatnaşýar. Geçen ýyl Howanyň üýtgemegi baradaky milli strategiýanyň täzelenen görnüşi tassyklanyldy. «Ozon gatlagyny goramak hakynda» we «Atmosfera howasyny goramak hakynda» Kanunlara halkara hukugyň degişli kadalary goşuldy.

Ýurdumyzyň ylmy-tehniki kuwwatynyň artdyrylmagy, şol sanda ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynyň, awtoulag we gurluşyk senagatynyň, himiýa senagatynyň, jemagat hojalygynyň giň gerim bilen döwrebaplaşdyrylmagy hem daşky gurşawa ýaramaz tehnogen täsirleriň azaldylmagyna ýardam berýär.

***

BMG-niň Aşgabatdaky wekilhanasynyň binasynda ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň ýolbaşçylarynyň hem-de hünärmenleriniň Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň bilermenleri bilen wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahaty geçirildi.

Onlaýn duşuşygyň esasy meselesi COVID-19 koronawirus keseliniň ýurdumyzyň çäklerine aralaşmagynyň mundan beýläk-de öňüni almak boýunça çäreleriň amala aşyrylyşy, BSGG bilen bilelikde barlaghanalarda degişli anyklaýyş işleriniň geçirilişi baradaky meselelerden ybarat boldy.

Nygtalyşy ýaly, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy bu möhüm ulgamda öz işläp taýýarlamalaryny Türkmenistana bermäge taýýardyr, Türkmen döwleti bolsa öz nobatynda ýurduň çägine ýokanjyň aralaşmagynyň öňüni almak boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça görlen öňüni alyş çäreleri babatda tejribe alyşmaga taýýardyr.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter