GDA-nyň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisi | TDH
Syýasat habarlary

GDA-nyň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisi

опубликованно 12.05.2020 // 231 - просмотров
 

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň wideomaslahat görnüşinde geçirilen şu günki nobatdaky mejlisiniň gün tertibine GDA-nyň işiniň esasy ugurlary boýunça netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklary çuňlaşdyrmak bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Özüniň Bitaraplyk derejesine laýyklykda, Türkmenistan GDA-nyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, Arkalaşygyň çäklerindäki däp bolan dostlukly gatnaşyklara ygrarlydygyny görkezýär. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan we köpasyrlyk sebitara hem-de halkara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegini, oňa täze itergi bermegi esasy ugur edinýän daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugurlaryna laýyk gelýär.

Häzirki döwürde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy umumy abadançylygyň bähbidine laýyk gelýän deňhukukly netijeli hyzmatdaşlyk üçin ähmiýetli gurama bolup durýar.

Milli Liderimiziň öňe süren anyk başlangyçlary, şol sanda Arkalaşyga agza döwletleriň strategik ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Jarnamany taýýarlamak babatda başlangyjy, geljegi nazarlaýan özara bähbitli gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilmegini üpjün edýär. Mälim bolşy ýaly, bu wajyp resminama döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda geçen ýylyň oktýabr aýynda GDA-nyň Aşgabatda geçirilen sammitiniň jemleri boýunça kabul edildi.

Durnukly ösüşiň wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilmegi bilen halkara işlere işjeň gatnaşmagy utgaşdyrýan ýurdumyz GDA döwletleri bilen özara gatnaşyklara daşary syýasatynyň möhüm ugry hökmünde garaýar.

Döwrüň wezipelerine laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygyň berkidilmegini esasy ugur edinýän Türkmenistan milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ähli bähbitleri özara nazara almak, uzak möhletleýin we ygtybarly hyzmatdaşlyk, medeni gatnaşyklar esaslaryna daýanýan döwletara we köptaraply hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna iň gowy tejribeleriň we oňyn ýörelgeleriň alşylmagyna möhüm ähmiýet berýär.

BMG-niň maksatlaryna laýyk gelýän ýörelgeler pugta dostluk köprüleriniň gurulmagyny, goňşy ýurtlar, şeýle hem dünýäniň beýleki sebitlerinde ýerleşen döwletler bilen özara düşünişmek we ynanyşmak gatnaşyklaryny üpjün edýär.

Şu ýyl biziň Watanymyz üçin hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 25 ýyllyk şanly senesi hökmünde ähmiýetlidir. Bitaraplygyň döredijilik we parahatçylyk söýüji esaslaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek ugrunda ähli tagallalary edýän Türkmenistan sebitleýin we ählumumy möçberde syýasy, ykdysady we medeni ösüşiň üpjün edilmegine hemmetaraplaýyn goldaw berýär.

Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň GDA-nyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, şeýle hem Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň Başlygy — Ýerine ýetiriji sekretary S.Lebedewiň gatnaşmagynda geçirilen şu günki mejlisiniň dowamynda häzirki ýagdaýlary nazara almak bilen, Arkalaşygyň çäklerindäki sebit we halkara meseleleriň we hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy, hyzmatdaşlygyň şertnamalaýyn hukuk binýadyna garaldy.

Duşuşygyň gün tertibine dürli pudaklardaky netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge gönükdirilen resminamalaryň taslamalary hödürlenildi.

Hususan-da, GDA-nyň çäklerinde 2019-njy ýyl üçin Daşary işler ministrlikleriniň köptapgyrly geňeşmeleriniň Meýilnamasynyň ýerine ýetirilişi hem-de 2020-nji ýyl üçin şeýle Meýilnamany tassyklamak baradaky meselä garaldy. Bu Meýilnama BMG agzalygyň çäklerinde Arkalaşygyň döwletleriniň alyp barýan işini utgaşdyrmak, beýleki halkara guramalar bilen maglumat ulgamyndaky hyzmatdaşlyk, täze wehimlere we howplara garşy durmak ýaly ugurlar girizildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Arkalaşygyň ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklary berkitmek maksady bilen, Türkmenistan bilelikdäki işe maksatlaýyn bähbitli hem-de ulgamlaýyn häsiýet bermäge mümkinçilik berýän netijeli guralyň döredilmegini teklip edýär.

Munuň özi GDA döwletleriniň halkara giňişlikde has ýygjam hem-de ylalaşykly hereketlerini üpjün eder. Onda ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi berkitmegiň bähbidine tagallalary utgaşdyrmak esasy ugur hökmünde kesgitlener. Arkalaşygyň ýurtlarynyň hyzmatdaşlygyna yklymlaýyn durnuklylygyň möhüm şerti we oňa häzirki döwürde bolup geçýän ýagdaýa oňyn täsir edýän gural hökmünde garalmalydyr.

GDA-nyň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň bu gezekki mejlisiniň gün tertibine ýene-de birnäçe resminamalaryň taslamalary girizildi. Şolar Arkalaşygyň ýokary edaralarynyň garamagyna hödürlener. Şunda duşuşyga gatnaşyjylar ykdysadyýet, energetika, ynsanperwerlik ulgamlarynda, şol sanda ylym we bilim, ýaşlar syýasaty, şeýle hem halk hojalygynyň esasy pudaklary üçin innowasiýalary we öňdebaryjy tehnologiýalary işläp taýýarlamak hem-de ornaşdyrmak boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhümdigini tassykladylar.

Şeýle hem Arkalaşygyň döwletleriniň medeni ulgamda däp bolan gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge meýillidikleri mälim edildi. Şunuň bilen baglylykda, GDA-nyň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisiniň gün tertibine 2022-nji ýylda “Arkalaşygyň medeni paýtagty” Döwletara maksatnamasyny durmuşa geçirmek meselesi girizildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ýurtlaryň we halklaryň ýakynlaşmagynyň möhüm şerti bolmak bilen, Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir.

Şunlukda, 2019-njy ýylyň maý aýynda Aşgabatda geçirilen GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XIV forumynyň üstünlikli geçendigini bellemeli. Onuň dürli ugurlarda we birnäçe görnüşde geçirilen işleriniň netijeleri kabul edilen Kararnamada öz beýanyny tapdy. Ol birnäçe täze döredijilik taslamalarynyň amala aşyrylmagyna itergi berdi. Onda Arkalaşygyň ýurtlarynyň çäklerinde umumy bilim giňişligini ösdürmek, «elektron bilim», ylym we innowasiýalar ulgamynda özara gatnaşyklar ýaly wezipelere möhüm orun degişlidir.

Milli Liderimiziň başlangyjy we goldaw bermegi boýunça GDA-nyň çäklerinde medeni-ynsanperwer ulgamda köp sanly iri çäreler guraldy we geçirildi. Munuň özi Arkalaşygyň halklaryny we döwletlerini birleşdirýän gadymy dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk babatda taryhy gatnaşyklaryň berkidilmegine mynasyp goşant bolup durýar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ösdürilmegine uly üns berilýän sport ulgamy GDA-nyň çäklerindäki gatnaşyklaryň wajyp ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, mejlisde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň 2021 — 2030-njy ýyllar üçin bedenterbiýe we sport babatynda hyzmatdaşlygynyň ösüşiniň Strategiýasynyň taslamasy hakyndaky meselelere garaldy. Ol Arkalaşygyň çäklerinde ugurdaş düzümleriň arasyndaky özara gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga we hyzmatdaşlygyň ugurlaryny giňeltmäge gönükdirilendir.

Bu strategiýanyň kabul edilmegi ilatyň beden taýdan terbiýelenmegi boýunça milli ugurlary kämilleşdirmäge, ýokary derejeli sporty ösdürmäge we türgenleri taýýarlamaga, degişli düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmaga tagallalaryň birleşdirilmegine we bu ugurda tejribe alşylmagyna ýardam berer.

Bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň we sportuň ösdürilmegini döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitlän Türkmenistan bu ugry ulgamlaýyn esasda ösdürmegi öňe sürýär.

GDA ýurtlarynyň ägirt uly mümkinçiliklerini nazara almak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugurdaky gatnaşyklaryň mümkinçiliklerine täzeden garamagyň hem-de bu ugurdaky bilelikdäki işlere täze itergi bermegiň maksadalaýyk boljakdygyny belleýär.

Mejlisiň dowamynda şeýle hem dünýäde emele gelen epidemiologiýa ýagdaý bilen baglylykda Arkalaşygyň döwletleriniň bilelikdäki hereketleri ara alyp maslahatlaşyldy. Şunda koronawirus pandemiýasyna we onuň netijelerini aradan aýyrmak boýunça göreşde hyzmatdaşlygyň netijeli gurallaryny işläp taýýarlamagyň hem-de tagallalary birleşdirmegiň zerurdygy nygtaldy.

Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapy alym-lukmanlaryň, tejribe geçýän lukmanlaryň arasynda gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň meselesine seredilmeginiň maksadalaýyk bolup durýandygyny nygtady. Mälim bolşy ýaly, bilelikdäki işe ýokary hünär derejesinde şeýle ulgamlaýyn çemeleşmäniň zerurdygy Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan Goşulyşmazlyk hereketiniň 4-nji maýda geçirilen ýokary derejedäki duşuşygynyň barşynda öňe sürüldi.

Mejlisiň jemleri boýunça birnäçe resminamalara, şol sanda «Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde 2019-njy ýyl üçin Daşary işler ministrlikleriniň köptapgyrly geňeşmeleriniň Meýilnamasynyň ýerine ýetirilişi hem-de 2020-nji ýyl üçin Meýilnamasy hakynda», «Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriniň 2021 — 2030-njy ýyllar üçin bedenterbiýe we sport babatynda hyzmatdaşlygynyň ösüşiniň Strategiýasy hakynda», «Arkalaşygyň medeni paýtagty» Döwletara maksatnamasynyň 2022-nji ýylda Gyrgyz Respublikasynda (Karakol ş.) amala aşyrylmagy hakynda» Çözgütlere gol çekildi.

Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň mejlisiniň ahyrynda GDA ýurtlarynyň Arkalaşygyň halklarynyň we döwletleriniň uzak möhletleýin bähbitlerine bolşy ýaly, ählumumy abadançylyk we ösüş maksatlaryna laýyk gelýän işjeň özara peýdaly hyzmatdaşlyga ygrarlydygy tassyklandy.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter