Türkmenistan — BMG: hoşniýetli hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistan — BMG: hoşniýetli hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar

опубликованно 11.05.2020 // 198 - просмотров
 

Şu gün BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezinde geçirilen iş duşuşygynda Zorlukly ekstremizmiň öňüni almak we terrorçylyga garşy hereket etmek boýunça Türkmenistanyň Milli strategiýasyny ýerine ýetirmek boýunça 2020 — 2024-nji ýyllar üçin Hereketleriň Milli meýilnamasynyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bu çärä DIM-niň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, BMG-niň ýurdumyzda işleýän düzümleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Bellenilişi ýaly, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýardam etmeginde Türkmenistanyň başlangyjy bilen işlenip taýýarlanylan Milli strategiýa Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2019-njy ýylyň 6-njy dekabrynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde gol çeken Karary bilen tassyklanyldy.

Bu resminama öňdebaryjy dünýä tejribesini, şol sanda BMG-niň Global terrorçylyga garşy strategiýasynda beýan edilen esasy ýörelgeleri, şeýle hem BMG-niň Terrorçylyga garşy göreş boýunça Komitetiniň Ýerine ýetiriji Direktoratynyň maslahatlaryny nazara almak bilen taýýarlanyldy.

Çykyş edenler sebitde howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde döwletimiziň ornuny bellemek bilen, Türkmenistanyň Merkezi Aziýada häzirki döwrüň şol wehimlerine garşy göreşmäge gönükdirilen Milli strategiýasyny kabul eden ilkinji ýurt bolup durýandygyny nygtadylar. Biziň ýurdumyz parahatçylyk we howpsuzlyk syýasatyny işjeň goldamak bilen, oňyn bitaraplyk nukdaýnazaryndan çykyş edýär. Bu ugurdaky hyzmatdaşlyk sebit, şeýle hem dünýä derejesinde yzygiderli amala aşyrylýar. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe süren, dünýä bileleşiginiň bähbitlerine kybap gelýän netijeli başlangyçlary munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar. BMG-niň yglan eden hem-de ýurdumyzyň Konstitusiýasynda berkidilen halkara kadalary goldanmak bilen, Türkmenistan BMG-niň degişli Konwensiýalarynyň, Ylalaşyklarynyň hem-de Maksatnamalarynyň düzgünlerine takyk eýerýär.

Duşuşygyň barşynda seredilen Hereketleriň Milli meýilnamasynyň taslamasy orta möhletleýin strategiýadan gelip çykýan möhüm wezipeleri iş ýüzünde amala aşyrmak üçin anyk ädimleri kesgitlemek maksady bilen taýýarlanyldy. Resminamada migrasiýa, serhet gözegçiligi, internet, terrorçylygy maliýeleşdirmek, durmuş-ykdysady we syýasy, şeýle hem adam hukuklary we kanunyň hökmürowanlygy ýaly derwaýys ugurlar beýan edildi.

Ýygnananlar duşuşygyň ahyrynda degişli milli düzümleriň hem-de halkara guramalaryň arasyndaky netijeli gatnaşyklary has-da giňeltmek ugrunda çykyş etdiler.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter