Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşdy | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşdy

опубликованно 09.05.2020 // 440 - просмотров
 

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli guralan dabaralara gatnaşdy.

Näçe ýyl geçse-de, Watan goragyna aýaga galan gahrymanlaryň edermenligi minnetdar nesilleriň hakydasynda we ýüreklerinde hemişelik saklanýar. Olar şöhratly Watan goragçylarynyň batyrlygynyň we gaýduwsyzlygynyň öňünde baş egýärler. Hut şonuň üçin hem weteranlaryň ordenleriniň, medallarynyň jaňňyrdysyndan döreýän owaza beslenen bu ýaz güni şol bir wagtyň özünde hem gussaly, hem nurana.

Gazaply uruş ýyllarynda türkmen halkynyň müňlerçe edermen ogullary doganlyk halklaryň wekilleri bilen egin-egne berip, söweş meýdanlarynda gaýduwsyzlyk görkezdiler hem-de hakyky edermenligiň, durnuklylygyň, şöhratyň we namysyň beýik nusgasyna öwrüldiler. Olaryň hatarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň atasy Berdimuhamet Annaýewiň bardygyny, onuň durmuş ýolunyň täze taryhy eýýamda ösüp barýan ýaş nesiller üçin watansöýüjiligiň, borja wepalylygyň nusgalyk mekdebine öwrülendigini bellemeli.

Bu günki baýramçylyk dabaralary möhüm waka — Aşgabat şäheriniň Halkara howa menziline gymmatly mukaddesligi alyp gelen uçaryň gelip gonmagy bilen alamatlandy. Uçaryň bortunda edermen we gaýduwsyz esger Berdimuhamet Annaýewiň söweşen 206-njy atyjylyk diwiziýasynyň 748-nji atyjylyk polkunyň söweşjeň baýdagy bar.

Uçaryň ýanynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzüldi. Russiýa Federasiýasynyň Ýaragly Güýçleriniň Hormat garawulynyň serkerdesi iki esgeriň ugratmagynda söweşjeň baýdagy uçardan çykarýar we ony Russiýanyň biziň ýurdumyzdaky ilçihanasynyň harby gullukçysyna gowşurdy.

Soňra gymmatly mukaddesligi getirýän awtoulag kerweni «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna tarap ugraýar.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow şanly sene mynasybetli türkmen halkyna iberen Gutlagynda weteranlara Watanymyzyň öňünde bitiren hyzmatlary üçin minnetdarlyk bildirip, merdana watandaşlarymyzyň aldym-berdimli söweşlerdäki gahrymançylygynyň hem-de gaýduwsyzlygynyň häzirki we geljekki nesilleriň ýüreklerinde baky ýaşajakdygyny belledi.

Gutlag hatynda nygtalyşy ýaly, doganlyk halklar bilen birlikde, urşuň agyr synaglaryny başdan geçiren watandaşlarymyzyň müňlerçesi dünýäde parahatçylygyň we azatlygyň hatyrasyna söweş meýdanlarynda edermenligiň, gaýduwsyzlygyň, hakyky watançylygyň hem-de belent adamkärçiligiň deňsiz-taýsyz nusgasyny görkezdiler.

Milli Gahrymanlaryny hatyralamak türkmen halkynyň gadymdan gelýän asylly däpleriniň biri bolup durýar. Mähriban halkymyzyň parahatçylygynyň, bagtyýarlygynyň we abadançylygynyň hatyrasyna baş goýan gaýduwsyz pederlerimiz, 1948-nji ýylyň weýrançylykly Aşgabat ýertitremesi hakyndaky ýatlama paýtagtymyzdaky «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda öz beýanyny tapdy. Onuň düzümine «Baky şöhrat» we «Milletiň ogullary» ýaly 1941 — 1945-nji ýyllaryň urşunda söweş meýdanlarynda baş goýan Watan goragçylarynyň ýadygärlikleri, şeýle hem «Ruhy tagzym» ýadygärligi bar.

Her ýylyň 9-njy maýynda aşgabatlylar hem-de paýtagtymyzyň myhmanlary, dürli ýaşdaky adamlar we milletleriň wekilleri ýürek çagyryşy hem-de kalbyň erki bilen bu ýere gelip, adamzat taryhynda iň gandöküşikli söweş bolan Beýik Watançylyk urşundan gaýdyp gelmedik watandaşlarymyzy hatyralaýarlar.

Jandan geçip, dürli pidalary we heläkçilik çekip gazanylan parahatçylykly durmuş üçin minnetdarlyk duýgusyna beslenen adamlaryň yzy üzülmeýär. Olar ýadygärligiň etegine gül desselerini goýmak maksady bilen, öçmejek halk hakydasyny äşgär edýän «Baky oduň» ýerleşýän ýerindäki binalar toplumyna gelýärler.

Uruş ýyllarynda her bir türkmen maşgalasy öwezini dolup bolmajak ýitgä sezewar boldy. Söweş meýdanlarynda wepat bolan we Ýeňiş bilen öýlerine dolanan türkmen esgerleriniň hemmesiniň atlary «Hatyra» we «Şöhrat» atly köp jiltli neşirlere girizildi. Olarda biziň watandaşlarymyzyň Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda görkezen söweşjeň edermenligi baradaky maglumatlar jemlendi.

Şu gün baýramçylyk dabaralarynyň geçýän ýerinde özboluşly ruhubelentlik emele geldi. Ýaz ýagşy bilen ýuwlan baglar, gök zolaklar, dürli güller ýadygärlik toplumyna getirilýän gül çemenleri, ak saçly weteranlaryň döşündäki ordenleriň, medallaryň öwüşgini bilen bir bitewi sazlaşygy döredýär...

Uzakda galan 1945-nji ýylyň Ýeňiş dabarasyna gatnaşan we Ikinji jahan urşunda biziň bagtyýarlygymyz hem-de abadançylygymyz ugrunda söweşen esgerleriň hatary ýyl-ýyldan azalýar. Ýöne häzirki döwürde biziň aramyzda gezip ýören aksakgal ýaşulular özleriniň uly ýaşyna garamazdan, edil ozalkylary ýaly hatarda bolup, ýurdumyzyň gündelik durmuşyna, ýaş nesilleriň watansöýüjilik we Watana wepalylyk ruhunda terbiýelenmegine işjeň gatnaşýarlar.

«Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna gül goýmak dabarasyna Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

Türkmen halkynyň söweşjeň däplerini, şöhratly pederlerimiziň watansöýüjilik ýörelgelerini dowam etdirijiler bolan Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzüldiler.

Söweşjeň şöhratyň we umumymilli hakydanyň mukaddes künjegi bolan beýik binalaryň üçüsiniň etegine hormatly Prezidentimiz ajaýyp gül desselerini goýýar.

Döwlet Baştutanymyzyň yz ýany bilen Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary hem-de harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary gül goýýarlar.

Olaryň yzysüre jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de Mejlisiň komitetleriniň ýolbaşçylary barýar. Beýik Watançylyk urşunyň weteranlary, ýaşulular we kümüş saçly eneler, tylyň hormatly zähmetkeşleri we urşa gatnaşanlaryň yzynda galan mukaddes ojagy saklan eneler, gül desselerini goýýarlar.

Dabara çagyrylan myhmanlar, şol sanda Russiýa Federasiýasynyň goranmak ministriniň orunbasary, general-polkownik Aleksandr Fomin hem-de onuň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalary hem wepat bolanlary sarpalap, ýadygärligiň etegine ajaýyp gül çemenlerini goýýarlar.

Gül goýmak dabarasyna gatnaşýanlaryň hatarynda daşary ýurtly diplomatlar, Mejlisiň deputatlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri barýarlar.

Milli Gahrymanlaryň edermenliginiň öňünde talyp ýaşlar, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işgärleri, köp sanly aşgabatlylar baş egdiler.

Ýygnananlar uruş we tyl weteranlaryna uly hormat-sarpa bilen ýüzlenip, tüýs ýürekden gutladylar. Wagtyň geçmegi bilen olaryň hatarlary barha azalýar. Ýöne olara berilýän üns, mähirli gatnaşyk biziň jemgyýetimizde has-da belende galýar. Olaryň söweş ody bilen taplanan ýatlamalary, durmuş tejribesi has-da ähmiýetli bolup görünýär.

Tylda zähmet çekenler we söweşe gatnaşan esgerleriň ýanýoldaşlary hem aýratyn alada we minnetdarlyk bilen gurşalandyr. Olar şol gazaply pursatlarda agyr synaglary başdan geçirdiler hem-de öz zähmeti bilen geljekki Ýeňşe uly goşantlaryny goşdular. Uruş ýyllarynda türkmenistanlylaryň Goranmak gaznasyna 7392 kilogram altyn we kümüş bezeg şaý-seplerini tabşyryp, hakyky ynsanperwerligiň hem-de watançylygyň nusgasyny görkezendikleri bellärliklidir.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaşuly nesillere aýratyn üns-alada bilen garaýar we olar üçin ýokary derejeli durmuş şertlerini üpjün edýär. Jemgyýetimizi ruhy taýdan terbiýelemek, halkymyzyň agzybirligini we bitewüligini berkitmek işinde ýaşulularyň durmuşymyzda eýeleýän ornuna örän uly ähmiýet berilýär.

Ýurdumyzda uruş weteranlary döwletimiziň aýratyn üns-aladasy bilen gurşalandyr. Munuň özi türkmen halkynyň asyrlar aşyp gelýän mähriban topragymyzyň gaýduwsyz goragçylaryna bildirýän hormatynyň nyşany bolup durýar. Wepat bolanlaryň edermenligini hatyralamak bilen döwletimiz şol bir wagtyň özünde Ýeňiş bilen mähriban ojagyna dolanan we häzirki günlere çenli ýaş nesiller üçin edermenligiň, gaýduwsyzlygyň, Watana wepaly gulluk etmegiň mekdebine öwrülen gahrymanlaryny hiç wagt ýatdan çykarmaýar.

Uruş weteranlaryna durmuş ýeňillikleri berildi. Olaryň maşgalalaryna hemmetaraplaýyn goldaw berilýär. Her ýylda baýramçylygyň öňüsyrasynda uruş weteranlaryna, tylda zähmet çekenlere we söweş meýdanlarynda wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlaryna hormatly Prezidentimiziň adyndan pul baýraklary we gymmat bahaly sowgatlar gowşurylýar. Şu ýyl hem olaryň hemmesi «1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandylar.

Baky oda baş egmäge gelýän adamlaryň yzy üzülmeýär. Sanlyja pursatda binanyň etegi al-ýaşyl güllerden ybarat haly düşelen ýaly görnüşe eýe boldy.

Giň möçberli baýramçylyk çäreleri Watana bolan söýgini hemme zatdan ileri tutýan türkmen esgerleriniň dabaraly harby ýörişi bilen dowam etdi. Olar häzirki döwürde beýik Garaşsyzlygymyzyň gazananlarynyň, mähriban Watanymyzyň parahatçylygynyň, halkymyzyň abadan we döredijilikli durmuşynyň goragynda bek durup, şöhratly pederlerimiziň watansöýüjilik däplerini mynasyp dowam edýärler.

Şu pursatda ýadygärlikler toplumynyň çägine Aşgabadyň Halkara howa menzilinden 206-njy atyjylyk diwiziýasynyň 748-nji atyjylyk polkunyň gymmatly mukaddeslik bolan söweşjeň baýdagyny alyp gelýän ulaglar girýär.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynyň meýdançasynda, Agzybirlik köçesiniň ugrunda bina edilen syn ediş münberine geçýär.

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň «Göreldeli» harby orkestriniň ýerine ýetirmeginde dabaraly saz ýaňlanýar. Alypbaryjy 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygynyň hormatyna guralan baýramçylyk dabaralarynyň başlanýandygyny yglan etdi.

Şol pursat dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlandy. Onuň çuňňur watançylyga ýugrulan sözlerini bu ýerde dabaraly nyzama düzülen türkmen esgerleri we dabara gatnaşyjy ähli adamlar gaýtalaýarlar.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa söz berilýär.

Döwlet Baştutanymyz türkmen halkyna, uruş we zähmet weteranlaryna ýüzlenip, şu gün ýurdumyzda şöhratly baýram — 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda örän uly kynçylyklar hem-de pidalar çekilip gazanylan mukaddes Ýeňşiň 75 ýyllyk şanly baýramynyň giňden bellenilýändigini aýtdy.

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, bu şöhratly Ýeňiş ozalky Sowet Soýuzynyň doganlyk halklary bilen birlikde, biziň halkymyza-da aňsat düşmedi. Köp sanly pidalary getirdi. Türkmenistan özüniň iň merdana ogul-gyzlarynyň müňlerçesini Watanyň azatlygy hem-de garaşsyzlygy ugrundaky aldym-berdimli gazaply söweşlere iberip, front üçin zerur önümleri tabşyryp, bu örän uly Ýeňşe mynasyp goşant goşdy. Şoňa görä-de, 75 ýyldan soň, bu ölmez-ýitmez Beýik Ýeňiş has hem nurana, has hem röwşen görünýär.

Geçen urşuň ýalynly ýollaryny geçen türkmenistanly esgerler edermenligiň hem-de merdanalygyň, gahrymançylygyň, Watana wepalylygyň belent nusgasyny görkezdiler. Olaryň 70 müňden gowragy orden-medallar bilen sylaglandy. 104-si Gahryman diýen belent ada, 15-si bolsa doly derejeli «Şöhrat» ordenine mynasyp boldy. Olaryň müňlerçesi Watany ýürekden söýüp, mähriban öý-ojagyny gorap, şol gazaply söweşlerde gara başyny gurban etdi diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Tylyň zähmetkeşleri hem gijesini gündiz edip işläp, ata Watana, mähriban topraga wepalylygyny bütin dünýä subut etdiler. Olar galladyr pagta ýetişdirip, frontuň beýleki zerurlyklaryny üpjün edip, Beýik Ýeňşe synmaz ynamyň nusgasyny görkezdiler.

Biziň halkymyz front ýakasyndaky oba-şäherlerden göçürilip getirilen adamlary doganlyk aladasy bilen gurşap aldy. Zawod-fabrikleri çalt gurnap, işe girizip, olarda gije-gündiz diýmän, tutanýerli zähmet çekdiler.

Milli Liderimiz türkmen zenanlarynyň Goranmak gaznasyna Watanyň ar-namysy we azatlygy üçin 7400 kilograma golaý iň gymmatly altyn-kümüş şaý-seplerini tabşyryp, belent ynsanperwerligini, synmaz erkini beýan edendiklerini buýsanç bilen belledi.

Hakyky watançylygy öz durmuş ýollary bilen nusgalyk göreldä öwren ýaşuly nesillerimiz biziň buýsanjymyzdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Olar Ýer ýüzünde parahatçylygy, soňky nesilleriň asuda we bagtyýar geljegini gorap, ölmez-ýitmez şöhrat gazandylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň Permany bilen türkmenistanly weteranlarynyň uruş we tylda zähmet çeken weteranlaryň 4,5 müňden gowragynyň «1941 —1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglanandygyny nygtady.

Biz merdana watandaşlarymyzyň söweşlerde görkezen edermenlikleri, tylda çeken tutanýerli zähmetleri bilen bütin adamzadyň öňünde bitiren beýik işlerine tüýs ýürekden guwanýarys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Urşuň şol gazaply ýyllary alysda galdy. Emma halkymyzyň azat durmuş, erkin ýaşaýyş ugrunda gören görgüleridir çeken pidalary, görkezen edermenligi we gahrymançylygy hiç haçan ýatdan çykmaz. Watançylygyň we merdanalygyň synmaz nyşany bolup, geljek nesilleriň hakydasynda hemişelik galar.

Milli Liderimiz Garaşsyz Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan ugur alyp, häzirki döwürde bütin dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmak, dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmek ugrunda uly tagallalary edýändigini belledi. Ýer ýüzüniň dürli döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek, ynanyşmagy berkitmek üçin zerur işler amala aşyrylýar.

Gaýduwsyz Watan gerçekleriniň ölmez-ýitmez gahrymançylygyny ebedileşdirmek maksady bilen hem-de ösüp gelýän nesillerimizi merdana halkymyzyň buýsançly taryhynyň, ata-babalarymyzyň gahrymançylygynyň ruhunda terbiýelemäge gönükdirilen işleriň netijesinde, «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumy bina edildi.

Bu gün Beýik Ýeňşiň 75 ýyllygynyň hormatyna dabaraly harby ýörişiň şu ýadygärlikler toplumynyň öňünde geçirilmeginiň aýratyn many-mazmuny bardyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu dabaraly çäräniň gahryman ata-babalarymyzyň ýowuz duşmandan üstün çykyp gazanan, bahasyna ýetip bolmajak Beýik Ýeňşine, merdana halkymyzyň şöhrata beslenen durmuş ýoluna, Watan gerçekleriniň asyrlara ýaň saljak gahrymançylykly işlerine her bir türkmeniň kalbynda buýsanç duýgularyny döretjekdigine berk ynam bildirdi.

Milli Liderimiz Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli mähirli gutlap hem-de iň oňat arzuwlaryny aýdyp, bu şan-şöhratly senäni bellemek bilen, ýowuz söweş meýdanlarynda deňsiz-taýsyz edermenlik we gaýduwsyzlyk görkezen umumy gahrymanlarymyzy aýratyn hoşallyk we buýsanç duýgusy bilen ýatlaýandygymyzy, geljekki nesilleriň parahat durmuşda ýaşamagy ugrunda öz ýadawsyz zähmeti bilen Ýeňiş gazanmak ugrunda tagallalaryny gaýgyrmadyk tyl zähmetkeşlerine çuňňur hormat we sarpa goýýandygymyzy nygtady.

Biz olaryň asylly nesilleri edermenlikleriniň we gahrymançylyklarynyň öňünde baş egip: «Size baş egýäris! Siziň beýik Gahrymançylygyňyz asyrlar aşyp, öçmez hem-de biziň hakydamyzda hemişelik galar» diýip aýdýarys.

Döwlet Baştutanymyz şu şanly günde uruş weteranlaryna, tylyň zähmetkeşlerine, ýurdumyzyň ähli raýatlaryna, Arkalaşygyň ýurtlarynyň, beýleki daşary döwletleriň halklaryna tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, parahatçylyk we gülläp ösüş arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşyny: «Hormatly esgerler we serkerdeler! Sizi Beýik Ýeňşiň baýramy bilen gutlaýaryn!» diýen sözler bilen jemledi.

Döwlet Baştutanymyzyň çykyşy tamamlanandan soň, dabaraly ýörişe gatnaşýan esgerleriň «Ura!» sözleri ýaňlanýar.

Soňra Russiýa Federasiýasynyň goranmak ministriniň orunbasary, general-polkownik Aleksandr Fomine söz berildi.

Russiýaly myhman weteranlara, harby gullukçylara we ähli türkmenistanlylara ýüzlenip, şu gün 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň — sowet halkynyň gahrymançylygyny we gaýduwsyzlygyny tutuş dünýä görkezen urşuň tamamlanan gününiň 75 ýyllygyny baýram edýändigimizi belledi. Nygtalyşy ýaly, hut sowet halky tutuş adamzadyň umydyna we daýanjyna öwrülip, ýowuz, mähnet beladan azat etdi.

1945-nji ýylyň 9-njy maýy — biziň hasratly, buýsançly hem-de aýdymda aýdylyşy ýaly, «gözlerdäki begenç ýaşly» günümiz, milletparazlygy derbi-dagyn eden Watan goragçylaryna çäksiz hoşallygymyzyň güni. Bu gün biz elhenç uruşda Beýik Ýeňşi gazanan adamlary hormatlap, öz şirin janlaryny gurban edip, faşistlerden ene topragymyzy goran adamlaryň öňünde başymyzy egýäris.

Olar şu günüň hatyrasyna söweşdiler we zähmet çekdiler, ýowuz synaglardan geçip, söweş meýdanlarynda duşmanlar üçin geçip bolmajak gala öwrüldiler. Olar ähli zada döz geldiler. Berip biljek ähli zatlaryny, şol sanda şirin janlaryny berdiler, emma Ýeňiş gazanmagy başardylar. Söweşenleriň köpüsi urşa göni mekdep partasynyň başyndan gidip, söweş meýdanlarynda hemişelik galdylar, söýginiň şatlygyny we perzent görmek bagtyny duýup bilmediler.

«Ölerin, emma baş egmerin!» diýen sözler häzir hem biziň kalplarymyzda geçmişiň ýaňy bolup eşidilýär. Biz şol adamlaryň edermenligini hem-de başlaryny orta goýandyklaryny, Ýeňiş üçin şirin janlaryny bagyş edendiklerini hiç haçan unutmarys. Biziň ata-babalarymyz, kakalarymyz hem-de agalarymyz egin-egne berip, Watanymyzyň azatlygy we garaşsyzlygy ugrunda mertlerçe söweşdiler.

A.Fominiň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň 300 müňden gowrak esgeri urşuň ähli söweşlerine gatnaşyp, Reýhstagyň diwarlaryna çenli baryp ýetdiler. Olaryň 104-si «Sowet Soýuzynyň Gahrymany» diýen belent ada mynasyp boldular.

Biz «Ähli zat front üçin, ähli zat Ýeňiş üçin!» diýen şygary hemişe hakydamyzda saklarys. Çünki tyl ikinji söweşe öwrülip, onda enelerimiz, gelinlerimiz, hatda çagalarymyz tutanýerli zähmetleri bilen bu röwşen güni ýakynlaşdyrdylar. Türkmenistanyň çäginde senagat kärhanalary we harby hassahanalar gurlup, bu ýere okuw mekdepleri göçürilip getirildi, bu ýerde oba hojalyk önümçiligi ençeme esse artdyryldy.

Doganlyk türkmen halkynyň sowet respublikalaryndan bolan, urşuň oduna ýanan ýetim çagalary mähir we alada bilen kabul etmegi hiç haçan unudylmaz. Munuň özi tutuş ýurduň ýowuz we rehimsiz duşmanyň öňünde jebisliginiň aýdyň mysaly boldy.

Russiýanyň goranmak ministriniň orunbasary, häzir gynansak-da, käbir ýurtlarda milletparazçylyk ideologiýasyny dikeltmek, umumy taryhy ýoýmak, dönükleri beýgeltmek hem-de faşizmiň üstünden gazanylan ýeňişde sowet halkynyň eýeleýän ornuna gaýtadan seretmek synanyşyklarynyň bardygyny belläp, Ýeňiş gazanan gahrymanlaryň nesilleri hökmünde olaryň edermenligi baradaky hakydany aýawly saklamagyň hem-de hakyky gahrymanlary goramagyň biziň wezipämizdigini, ynsabymyzdygyny we jogapkärçiligimizdigini, çünki özümiziň ýaşap ýörendigimiz üçin olara borçly bolup durýandygymyzy aýtdy.

Hormatly myhman taryhy hakydany gorap saklamak üçin doganlyk türkmen halkyna 2-nji Ukrain frontunyň 206-njy atyjylyk diwiziýasynyň 748-nji atyjylyk polkunyň söweşjeň baýdagynyň hemişelik gowşurylýandygyny habar berdi. Ol türkmen halkynyň Ýeňiş gününi ýakynlaşdyrmak üçin gurban eden gymmatyny ýatladyp durar.

Hut şu baýdagyň astynda Türkmenistanyň Prezidenti, hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiçiň atasy Berdimuhamet Annaýew söweşe gatnaşdy.

Ähli weteranlaryň, ýeňijileriň nesliniň öňünde başymyzy egýäris. Biz bu gün asudalykda, hoşniýetli goňşuçylykda we dost-doganlykda ýaşaýarys, şonuň üçin biz ata-babalarymyzyň görkezen edermenligini hiç haçan unutmaly däldiris diýip, A.Fomin aýtdy. Biz, hormatly weteranlar, siziň hemmäňize uly hormat goýup, ählimiz üçin ýeke-täk bolan hem-de şonlugyna-da galjak Ýeňşi şöhratlandyrarys. Size başymyzy egýäris!

Russiýanyň goranmak ministriniň orunbasary, general-polkownik Aleksandr Fomin hemmeleri Ýeňiş güni bilen tüýs ýürekden gutlap, parahatçylyk, berk jan saglyk, abadançylyk we uzak ömür arzuw etmek bilen, öz çykyşyny: «Minnetdar, Gurbanguly aga!» diýen sözler bilen tamamlady.

Dabaraly pursat gelip ýetýär — münberiň öňündäki meýdançada Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň harby gullukçysy hormatly Prezidentimiziň atasy, ýefreýtor Berdimuhamet Annaýewiň söweşen 206-njy atyjylyk diwiziýasynyň 748-nji atyjylyk polkunyň söweşjeň baýdagyny çykarýar we ony türkmen tarapyna gowşurýar.

1943-nji ýylyň sentýabrynda 2-nji Ukrain frontunyň 748-nji atyjylyk polkunyň düzüminde
B.Annaýew ilkinjileriň hatarynda Dnepr derýasyndan geçýär. Şol agyr söweşde polkuň söweşjeň baýdagy uly derýadan geçen esgerleriň deňsiz-taýsyz edermenliginiň we gaýduwsyzlygynyň baş nyşanyna öwrüldi.

Häzirki döwürde batyr esgeriň we gaýduwsyz Watan goragçysynyň parahatçylykly döwürde öz ömrüni mugallymçylyga bagyş eden ynsanyň durmuş hem-de zähmet ýoly ýaş nesiller üçin edermenligiň, ahlaklylygyň, mukaddes harby we raýatlyk borja wepalylygyň nusgalyk mekdebine öwrüldi.

Serkerdäniň ygtyýar bermegi bilen dabaraly harby ýörişiň baýdak göterijileri Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny, Ýeňiş baýdagyny hem-de Russiýa tarapyndan berlen 206-njy atyjylyk diwiziýasynyň 748-nji atyjylyk polkunyň söweşjeň baýdagyny çykarýarlar we meýdançada hatara düzülen şahsy düzümiň öňünden buýsanç bilen göterip geçýärler.

«Gaz M20 Pobeda» ulagynda ýene-de bir mukaddes gymmatlyk bolan, Watan goragynda görkezen şahsy edermenligi, batyrlygy we gaýduwsyzlygy, Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda harby borja wepalylygy üçin edermen esger Berdimuhamet Annaýewe gowşurylan Russiýa Federasiýasynyň «Edermenligi üçin» diýen ýokary döwlet sylagy getirilýär. Baýdak göterijiler hataryň sag ganatynda hatara durýarlar.

Taryhyň ähli döwründe bolşy ýaly, ýurdumyzda mukaddes baýdaga keramatlylyk hökmünde garalýar. Uruş weteranlary ägirt uly tolgunma duýgusyny başdan geçirýärler. Bu gün şu ýerde Ýeňiş baýdagy buýsançly pasyrdaýar. Weteranlar bu gyzyl baýdagyň şöhratly ýoly dowam edýän mynasyp nesilleriň mähriban topragyň parahatçylygyny we abadançylygyny goraýjylaryň mukaddes gymmatlygyna öwrüljekdigine ynanýarlar.

Dabaraly harby ýörişiň şol Ýeňiş günleriniň awtoulagynda goşun bölümlerine aýlanan serkerdesine Aşgabat garnizonynyň şahsy düzüminiň taýýarlygy barada hasabat berilýär.
Hasabaty kabul edip, dabaraly harby ýörişiň serkerdesi Watan goragçylaryny 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygy bilen gutlady we dabaraly harby ýörişi başlamak baradaky buýrugy yglan etdi.

Soňra şöhratly pederlerimiziň nesilleri bolan ýaş türkmen esgerleri dabaraly harby ýörişe başladylar. Özlerine bildirilen hormata mynasyp jogap berýän buýsançly esgerler sazlaşykly gadam urup, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň we dabara gatnaşýan myhmanlaryň öňünden dabaraly ýöriş bilen geçdiler.

Ilki bilen, uruş ýyllarynyň harby lybasyny geýnen harby talyplar geçdiler. Ilkinji harby mekdepleriň Gyzyl Goşunyň harby gullukçylarynyň çagalaryna ilkinji söweşjeň terbiýäni bermek üçin açylandygyny bellemeli. Ýokary watansöýüjilik ruhunda terbiýelenýän ýaşlar söweş ýyllarynyň ähli kynçylyklaryny we agyr pursatlaryny mynasyp ýeňip geçmegi başardylar.

Häzirki döwürde edermen esger Berdimuhamet Annaýewiň adyny göterýän harby mekdebiň okuwçylary şöhratly däpleri mynasyp dowam edýärler. Olar üçin söweşjeň hormatdan belent zat ýok. Söweşjeň hormat bolsa Watana wepaly gulluk etmegiň beýany bolup durýar. Hut şonuň üçin hem bu gün Türkmenistanyň halkynyň hatyralaýan weteranlary Watana wepaly gulluk etdiler.

Soňra söweşjeň batalýonyň esgerleri Beýik Watançylyk urşy ýyllarynyň harby lybasynda dabaraly ýörişi dowam etdiler. Ýokarda bellenilişi ýaly, şol ýyllarda görkezen edermenligi we gaýduwsyzlygy üçin türkmenistanlylaryň 104-si Sowet Soýuzynyň Gahrymany diýen belent derejä mynasyp boldy. 15 adam «Şöhrat» ordeniniň doly eýesi boldy. Munuň özi geljek nesiller üçin gaýduwsyzlygyň, edermenligiň we gahrymançylygyň nusgalyk mekdebine öwrüldi. Her 100 müň adam ilata düşýän Sowet Soýuzynyň Gahrymanlarynyň sany boýunça biziň ýurdumyz öňki soýuz respublikalarynyň arasynda birinji orny eýeleýär.

Soňra eziz Watanymyzyň goragynda sarsmaz gala bolup duran motoatyjy esgerler dabaraly harby ýörişiň hatarlary bilen barýarlar. Olaryň söweşjeň başarnyklary hem-de ýokary harby ussatlygy ýurdumyzyň howpsuzlygynyň berk kepili bolup durýar.

Asmana atyjylar — ýurdumyzyň howa giňişliginiň goragçylary, Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygynyň hormatyna guralýan dabaraly harby ýörişden buýsanç bilen geçýärler. Olar hem beýleki bölümleriň şahsy düzümleri ýaly, öňlerinde goýlan wezipeleri üstünlikli çözýärler.

Münberiň öňünden jebis hatarlar bilen harby deňizçiler geçýärler. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hazar deňzinde Watanymyzyň serhetleriniň goragynda durup, ýurdumyzyň howpsuzlygyny, türkmen halkynyň parahatçylygyny we asudalygyny üpjün edýän Harby-Deňiz Güýçleriniň abraýy ýokary galdy.

Olaryň yzy bilen meýdançadan artilleriýa diwizionynyň şahsy düzümi geçip barýar. Olar ençeme gezek ýokary ussatlyk hem-de nyşanalary ýok etmek başarnyklaryny görkezdiler.

Ýeňiş ýörişini raýat goranyş we halas ediş batalýonynyň harby gullukçylary buýsançly gadamlary bilen bezeýärler. Olar adatdan daşary ýagdaýlarda hem-de şolaryň ýetiren netijelerini aradan aýyrmakdan dessin kömek bermegiň usullaryny ussatlarça ele alýarlar.

Olaryň yzy bilen «Türkmen edermen» ýörite maksatly batalýony geçýär. Ýörite düzümleriň esasy aýratynlyklary söweşjeň, nazaryýet we beden taýýarlygynyň ýokary derejesidir, olaryň işiniň esasy ýörelgesi bolsa söweşjeň wezipeleri çözmekde dessinlikdir, edermenlikdir we gaýduwsyzlykdyr. Bu toparyň nyşanynyň gujurly alabaý bolmagy tötänden däldir. Onda şu häsiýetleriň hemmesi utgaşýar.

Dabaraly ýörişi Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda edermenlik görkezen atly toparyň eginbaşynda türkmen esgerleriniň dowam etdirmegi Ýeňşiň 75 ýyllygyna bagyşlanyp guralýan bu ýörişiň hakyky bezegine öwrüldi. Ady rowaýata öwrülen bedewler türkmenleriň buýsanjydyr we şöhratydyr, halkymyzyň dünýä siwilizasiýasyna goşan uly goşandydyr. Köp asyrlaryň dowamynda ahalteke bedewleri edermen esgerleriň wepadar hemralary boldular.

Mälim bolşy ýaly, Beýik Watançylyk urşunyň başlan döwründe 97-nji we 98-nji türkmen atly diwiziýalary düzülýär. Diwiziýanyň türkmen ýigitleri urşuň iň bir aldym-berdimli ýerlerinde söweşip, türkmen ýigitlerine mahsus bolan gahrymançylyk görkezýärler. Bu diwiziýanyň merdana atçylary Stalingraddan Berline çenli söweş ýoluny geçdiler. Olaryň müňlerçesi söweşjeň ordenlere we medallara mynasyp boldular.

Dabaraly harby ýörişi Beýik Watançylyk urşuna gatnaşan harby tehnikalaryň hatary dowam edýär. Hataryň başynda «Gaz-67B» kysymly ulag geçýär. Bu ulag Beýik Watançylyk urşunda Gyzyl Goşunyň tehniki üpjünçiligine goýberilýär.

Uruş ýyllarynyň esasy ulag serişdeleriniň biri bolan «ZIS-5» kysymly ulaglar dabaraly harby ýörişi dowam edýärler. Ulagyň üstünde «Maksim» hem-de «DŞK» kysymly pulemýotlar bar. «URAL-ZIS» awtoulagyň binýadynda oturdylan, ady rowaýata öwrülen BM-13 «Katýuşa» ýaragy Beýik Watançylyk urşy döwründe sowet artilleriýa goşunlarynyň iň kämil söweşjeň awtoulagy hökmünde ykrar edildi. Häzirki döwürde bu söweşjeň awtoulag dabaraly harby ýörişiň aýrylmaz bölegine öwrüldi.

Dabaraly harby ýörişi T-34 kysymly, uruş ýyllarynyň orta güýçdäki meşhur tanklary dowam edýär. Bu tanklar Gyzyl Goşunyň tehniki kuwwatyna öwrüldi. Tanka garşy söweşmek üçin ulanylan «Su-100» kysymly özi ýöreýän artilleriýa gurnamasy bu ýerde guralan çäräniň ähmiýetini has-da artdyrýar.

Münberiň öňündäki baýramçylyk ýörişini «Hiç kim unudylanok, hiç zat ýatdan çykarylanok» diýen şygary bolan «Baky polk» atly herekete gatnaşyjylar dowam edýärler. Minnetdar nesiller öz merdana ata-babalaryny hormat bilen ýatlaýarlar, wepat bolanlaryň hatyrasyny belent tutup, olaryň edermenlikleriniň we gahrymançylyklarynyň öňünde baş egýärler. Halkymyz şu günki mukaddes günde öz Milli Gahrymanlarynyň atlaryny ebedileşdirip, bu halkara herekete goşulyşýar.

Urşa gatnaşanlaryň we tylda gaýratly zähmet çekenleriň köp sanly fotosuratlarynyň arasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň atasy Berdimuhamet Annaýewiň suraty aýratyn hormat bilen göterilip geçildi. Gahrymanyň uruşdan dolanyp gelmegine onuň ähli maşgalasy sabyrsyzlyk bilen garaşypdy.

Milli Liderimiziň kakasy Mälikguly Berdimuhamedow 1944-nji ýylda 12 ýaşyndaka, «Köp ekeliň dänäni!» diýen örän täsirli goşgusyny ýazdy. Sada ýetginjegiň ýazan bu ýalkymly setirlerinde Ýeňiş gazanmak ugrunda duşmany ýok etmek üçin iň soňuna çenli ähli güýjüňi sarp etmäge çagyryş duýulýar.

Adamzat taryhynda iň ýowuz we gandöküşikli urşuň täsiriniň degmedik maşgalasy ýokdur — türkmen esgerleri Beýik Watançylyk urşunyň söweşlerinde başlaryny goýdular.

Häzirki nesiller halkymyzyň gaýduwsyz ogullarynyň öňünde öwezini dolup bolmajak borçludyr. Şoňa görä-de, biziň mukaddes borjumyz mähriban topragymyzda dabaralanýan parahatçylygy we ylalaşygy gözümiziň göreji ýaly goramakdan, Watanymyzyň abraýly şöhratyny artdyrmakdan ybaratdyr.

75 ýylyň geçendigine garamazdan, şol ýyllaryň gahrymançylykly taryhyny pederleriniň öçmez-ýitmez edermenligine buýsanç duýgularyny ýüreklerinde göterýän watandaşlarymyz hormat bilen hatyralaýarlar.

Beýik Ýeňşiň hormatyna guralýan dabaralar maý aýynyň gelmegi bilen ýurdumyzyň ähli künjeklerinde XX asyryň gazaply söweşlerinde edermenlik görkezen we mähriban ojaklaryna sag-aman dolanyp gelen, şeýle hem tylda zähmet çeken adamlara, söweşde wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlaryna hormat goýmak çäreleri ýaýbaňlandyryldy. Olar gije-gündiz yhlasly zähmet çekdiler.

Şäherleriň we obalaryň ilaty edermen Watan goragçylaryna belent hormatyň nyşany hökmünde Milli Gahrymanlaryň, 1941 — 1945-nji ýyllaryň urşunda mertlerçe wepat bolanlaryň hatyrasyna ýurdumyzyň dürli künjeklerinde dikeldilen ýadygärliklere gül desselerini goýdular. Hemme ýerde şöhratly senäniň hormatyna medeni çäreler, köpöwüşginli aýdym-sazly çykyşlar guraldy.

Şeýlelikde, biz täze taryhy eýýamda — Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Ýeňiş gününiň ýurdumyzda aýratyn dabaraly bellenilýändiginiň, onuň nesilleriň we döwürleriň aýrylmaz baglanyşygy bolýandygynyň, türkmen halkynyň parahatçylygyň, ylalaşygyň, ynsanperwerligiň we döredijiligiň ýörelgesine üýtgewsiz ygrarlydygynyň şaýady bolduk.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durnukly ösüş üçin ählumumy howpsuzlygyň üpjün edilmegine gönükdirilen oňyn parahatçylyk söýüjilik syýasaty halkara jemgyýetçiligiň giň goldawyna eýe boldy hem-de türkmen döwletiniň halkara abraýyny pugtalandyrdy. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesi türkmenistanlylaryň häzirki we geljekki nesilleriniň parahatçylykly, bagtyýar durmuşynyň kepili bolup durýar.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň BMG-niň belent münberinden öňe süren we Milletler Bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolan işjeň başlangyçlary hut şol asylly maksatlara gönükdirilendir. Bu gün Türkmenistan sebitara parahatçylyk dörediji merkez hökmünde ykrar edildi, ýurdumyz häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň oňyn çözgüdini işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşýar hem-de tutuş adamzadyň bähbidine oňyn halkara gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine ýardam berýär.

Häzirki döwürde tutuş ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şöhratly pederlerimiziň beýik ynsanperwerlik we döredijilik däplerine eýerýän döwlet syýasatynyň esasy alamatydyr.

Halkymyzyň gazanýan üstünlikleri öz janyny gaýgyrman, mukaddes Ýeňşi ýakynlaşdyran ähli türkmen esgerlerine bolan uly hormatyň nyşanydyr. Çünki olaryň söweşjeň we zähmet edermenlikleri bu gün biziň bagtyýar durmuşymyzyň, geljege tarap gadam urýan döwletimiziň erkin ösüşiniň kepiline öwrüldi.

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň «Göreldeli» harby orkestri Ýeňiş güni mynasybetli belent ruha beslenen watansöýüjilik aýdymyny ýerine ýetirýär.

Türkmen halkynyň asuda asmanyň astynda bagtyýar durmuş, erkin, garaşsyz döwlet baradaky köpasyrlyk arzuwynyň amala aşandygyny alamatlandyrýan älemgoşar öwüşginli feýerwerk şu günki guralan baýramçylyk dabaralarynyň jemlenmesine öwrüldi.

Milli Gahrymanlara baky hormat we şöhrat bolsun! Olaryň Watana wepalylygynyň, durnuklylygynyň, edermenliginiň hem-de gaýduwsyzlygynyň, biziň bagtyýar durmuşymyz we nurana geljegimiz üçin bitiren hyzmatlarynyň öňünde baş egýäris!

Şeýle hem ýadygärlikler toplumynyň öňündäki meýdançada gurnalan uruş günleriniň sahnalaşdyrylan düşelgesi hem-de uruş günleriniň ýaýbaňlandyrylan meýdan aşhanasy çärä gatnaşyjylar üçin özboluşly sowgat boldy. Şol döwrüň esger egin-eşigini geýnen ýaş Watan goragçylary bu ýere ýygnananlara uruş döwrüniň gaplaryna guýlan esger naharlaryndan datmaga paýladylar.

Şu pursatlarda ýaňlanan aýdymlar, uruş ýyllarynyň äheňleri astynda ýerine ýetirilen tanslar Ýeňiş gününiň şatlygyna hem-de tolgundyryjy duýgularyna beslenen baýramçylyk dabarasyna aýratyn öwüşgin çaýdy, ýowuz günleriň synagyndan geçen hem-de geljekki nesilleriň bagtyýarlygynyň hatyrasyna ähli kynçylyklara döz gelen ruhubelent adamlary şöhratlandyrdy.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter