Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň goranmak ministriniň orunbasaryny kabul etdi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň goranmak ministriniň orunbasaryny kabul etdi

опубликованно 09.05.2020 // 301 - просмотров
 

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň goranmak ministriniň orunbasary, general-polkownik Aleksandr Fomini kabul etdi.

Myhman hormatly wezipäni ýerine ýetirmek — 1941 —1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli geçirilýän dabaralara gatnaşmak hem-de 206-njy atyjylyk diwiziýasynyň 748-nji atyjylyk polkunyň söweşjeň baýdagyny gowşurmak üçin paýtagtymyza geldi. Şol polkda döwlet Baştutanymyzyň atasy, watançy we edermen esger Berdimuhamet Annaýew söweşdi.

Şeýle hem uruş ýoluny doly geçen hem-de öýüne Ýeňiş bilen gaýdyp gelen şöhratly esgeriň — Berdimuhamet Annaýewiň şahsy maglumaty getirildi.

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň şanly sene mynasybetli iberen gutlaglaryny ýetirmek bilen, A.Fomin 206-njy atyjylyk diwiziýasynyň 748-nji atyjylyk polkunyň esgerleriniň gahrymançylygyny we edermenligini belledi. Olar 1943-1944-nji ýyllarda harby ýolbaşçylygyň adyndan minnetdarlyk hatlarynyň 250-sini aldylar hem-de ordenleriň we medallaryň 2,5 müňe golaýyna mynasyp boldular.

Russiýa Federasiýasynyň goranmak ministriniň orunbasary 12 ýaşly Mälikguly Berdimuhamedowyň 1944-nji ýylda ýazan «Köp ekeliň dänäni!» atly watançylyk goşgusynyň uly täsir galdyrandygyny aýtdy. Goşgynyň ýazylan wagty onuň kakasy Berdimuhamet Annaýewiň gandöküşikli söweşleriň birinde agyr ýaralanan wagtyna gabat gelip, bu goşgy setirleri perzendiň öz pederine bolan ýürek duýgusyndan habar berýär.

Döwlet Baştutanymyz türkmen halkynyň adyndan hem-de öz adyndan Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti W.Putine hoşallyk sözlerini beýan edip, röwşen baýramçylyk mynasybetli gutlaglaryny iberdi.

Bellenilişi ýaly, ozal Berdimuhamet Annaýewe gowşurylan Russiýanyň döwlet sylagy — «Edermenligi üçin» atly medal ýaly, harby nyşanyň gowşurylmagyny ýurdumyzda beýleki halklar bilen egin-egne berip, Beýik Watançylyk urşunda duşman bilen gaýduwsyz göreşen hem-de umumy Ýeňşe mynasyp goşandyny goşan türkmenistanly esgerlere çuňňur hormatyň, şeýle hem Türkmenistanyň we Russiýanyň arasyndaky ynamly, dostlukly gatnaşyklaryň alamaty hökmünde kabul edýärler.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmenistanlylaryň edermenligine ýokary baha berilmeginiň öz gahryman ata-babalarynyň şöhratly däplerini dowam edýän ýaş nesli has uly üstünliklere ruhlandyrjakdygyny belläp, A.Fomini şanly dabaralara bagyşlanyp geçirilýän harby ýörişe hormatly myhman hökmünde gatnaşmaga çagyrdy.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter