Owganystanyň Farýab welaýatynyň ilaty türkmen Liderine ynsanperwer kömegi üçin hoşallyk bildirdi | TDH
Syýasat habarlary

Owganystanyň Farýab welaýatynyň ilaty türkmen Liderine ynsanperwer kömegi üçin hoşallyk bildirdi

опубликованно 08.05.2020 // 165 - просмотров
 

Onuň Alyhezreti,
doganlyk we dostlukly Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedowa

Farýab welaýatynyň häkimliginiň we parahatçylyk söýüji, hoşniýetli ilatynyň adyndan Siziň Alyhezretiňize birnäçe ýyllaryň dowamynda Owganystanyň halkyna, aýratyn-da, biziň welaýatymyza dürli ulgamlarda köp ýyllaryň dowamynda berýän ynsanperwer kömegiňiz üçin hoşallyk bildirýäris hem-de bu goldawyň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigine ynanýarys.

Şeýle hem mukaddes Oraza aýy mynasybetli iberen ynsanperwer kömegiňiz üçin Size ägirt uly hoşallyk bildirýäris.

Siziň owgan halkyna bolan hoşniýetli gatnaşyklaryňyzyň iki ýurduň arasynda halklaryň bähbidine ýola goýulýan dost-doganlyk hyzmatdaşlygy has-da berkitjekdigine ynanýarys.

Beýik Biribardan Siziň Alyhezretiňize uzak ömür, berk jan saglyk, alyp barýan işleriňizde üstünlik eçilmegini dileg edýäris.

Hormatlamak bilen,
Nakybullah Faýyk,
Owganystan Yslam Respublikasynyň Farýab welaýatynyň häkimi.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter