GDA ýurtlarynyň habarlar agentlikleri Beýik Ýeňşiň fotosuratlardaky taryhyny görkezdiler | TDH
Jemgyýet

GDA ýurtlarynyň habarlar agentlikleri Beýik Ýeňşiň fotosuratlardaky taryhyny görkezdiler

опубликованно 05.05.2020 // 156 - просмотров
 

Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belorussiýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Moldawiýanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň habarlar agentlikleri Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygynyň öň ýanynda bilelikdäki taslamany – faşizme garşy göreşde ýeňijileriň gahryman nesline bagyşlanan fotosuratlar sergisini görkezýärler.

Sergidäki fotosuratlaryň her biri umumy duşmana garşy göreşen halklaryň başyna düşen agyr külpetleriň, pidalar yzasynyň we Ýeňiş şatlygynyň, tyldaky zähmet gahrymançylygynyň subutnamasydyr.

Beýik Ýeňşe goşant goşanlar ýylsaýyn azalyp barýar. Şonuň üçinem şol agyr döwür, pederlerimiziň mertebe bilen döz gelen kynçylyklary baradaky fotosuratlaryň ähmiýeti has-da gymmatlydyr, parahatçylykly bagtyýar durmuş üçin olara minnetdarlygymyzyň çägi ýokdur, olar hakydamyzda müdimi galar.

Koronawirus pandemiýasy şu ýyl Beýik Ýeňiş baýramyna öz düzedişlerini girizse-de, bizi umumy taryhymyz we hakydamyz birleşdirýär, häzirki fotosuratlar sergisi-de munuň aýdyň subutnamasydyr.

Taslama hakda wideoşekillere şu salgyda syn edip bilersiňiz.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter