Müsüriň we Ysraýylyň Prezidentleri türkmen Liderine Oraza aýynyň gelmegi mynasybetli mähirli gutlaglaryny iberdiler | TDH
Syýasat habarlary

Müsüriň we Ysraýylyň Prezidentleri türkmen Liderine Oraza aýynyň gelmegi mynasybetli mähirli gutlaglaryny iberdiler

опубликованно 28.04.2020 // 296 - просмотров
 

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Tutuş dünýäniň musulmanlary üçin mukaddes Oraza aýynyň gelmegi mynasybetli Siziň Alyhezretiňize hem-de dostlukly türkmen halkyna iň gowy arzuwlarymy beýan etmegi özüme uly mertebe hasaplaýaryn.

Mukaddes Oraza aýy doganlyk, raýdaşlyk we hyzmatdaşlyk ýaly beýik yslam gymmatlyklaryny artdyrmak üçin ajaýyp mümkinçilikdir.

Gudraty Güýçli Allatagaladan ähli musulman ymmatyna berk jan saglyk, bagt we rowaçlyk dileg edýärin.

Jenap Prezident, gadyrly doganym, goý, Beýik Biribar biziň sogap işlerimizi kabul etsin, bize rysgal-döwlet eçilsin hem-de biziň kalplarymyzy rahatlyk we sabyr-takatlylyk bilen doldursyn!

Orazaňyz kabul bolsun!

Belent doganlyk hormat-sarpa duýgusy bilen,

Abdul-Fattah Halil As-Sisi,
Müsür Arap Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Siziň Alyhezretiňiz!

Siziň halkyňyz we dünýäniň ähli musulmanlary üçin mukaddes Oraza aýynyň gelmegi mynasybetli Ysraýyl Döwletiniň adyndan iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.

Mukaddes Oraza aýynyň biziň ählimiz üçin rahatlyk, parahatçylyk we iň gowy geljegi getirmegine umyt edýärin.

Siziň Alyhezretiňiz, Size hem-de oraza tutýan ähli raýatlaryňyza tüýs ýürekden çykýan arzuwlarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

Hormatlamak bilen,

Reuwen RIWLIN,
Ysraýyl Döwletiniň Prezidenti.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter