Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti türkmen Liderini ahal-teke bedewleriniň hatyrasyna Baýram bilen gutlady | TDH
Syýasat habarlary

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti türkmen Liderini ahal-teke bedewleriniň hatyrasyna Baýram bilen gutlady

опубликованно 27.04.2020 // 418 - просмотров
 

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Türkmenistanda Türkmen bedewiniň ajaýyp baýramçylygynyň geçirilmegi mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.

Bu baýramçylyk giň meşhurlyga hem-de halkara derejä eýe boldy. Ahalteke bedewleri Siziň gadymy topragyňyzyň baky bezegi bolup, tutuş dünýäde şan-şöhrata eýe boldular. Häzir Türkmenistanda atçylygyň şöhratly däplerini dowam etmek hem-de atçylyk sportuny ösdürmek üçin ähli şertler döredildi.

Bu ajaýyp baýramçylygyň şatlygyny doganlyk türkmen halky bilen paýlaşmaga hemişe şatdyryn. Gynansak-da, bu ýyl men Aşgabatda geçirilen dabaralara gatnaşyp bilmedim. Şonuň üçin Tatarystan Respublikasynyň ýaşaýjylarynyň adyndan doganlyk türkmen halkyny tüýs ýürekden gutlamaga hem-de Siziň parasatly ýolbaşçylygyňyzda öňe gitmegi we gülläp ösmegi arzuw etmäge rugsat ediň!

Pursatdan peýdalanyp, Siziň ýurduňyzyň Tatarystan bilen özara gatnaşyklaryny ösdürmegine uly üns berýändigiňiz üçin çuňňur hoşallygymy beýan etmek isleýärin. Şol gatnaşyklar Russiýa Federasiýasynyň hem-de Türkmenistanyň arasyndaky dostlugy we hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilendir.

Çuňňur hormatlamak bilen,

Rustam Minnihanow,
Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter