Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen duşuşyklar we wideokonferensiýalar geçirildi | TDH
Syýasat habarlary

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen duşuşyklar we wideokonferensiýalar geçirildi

опубликованно 27.04.2020 // 359 - просмотров
 

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Daşary işler ministrliginde Birleşen Milletler Guramasynyň ýurdumyzda işleýän agentlikleriniň hem-de ýöriteleşdirilen edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşyga BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy, BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy, ÝUNISEF-niň, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň baştutanlary gatnaşdylar.

Bilelikdäki meýilnamalary we maksatnamalary durmuşa geçirmekde özara gatnaşyklaryň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň hatarynda boldy. BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Ýelena Panowa hyzmatdaşlygyň strategik häsiýetini belläp, türkmen tarapynyň yzygiderli berýän goldawy üçin hoşallyk sözlerini beýan etdi.

Bellenilişi ýaly, BMG biziň ýurdumyzyň dürli ugurlarda netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşýan goşandyna ýokary baha bermek bilen, Türkmenistanyň Baştutanynyň öňe süren döredijilikli başlangyçlaryny doly goldaýar. BMG-niň Baş Assambleýasynyň kabul eden käbir Rezolýusiýalary munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

22-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen bolan telefon arkaly söhbetdeşliginiň barşynda dünýä bileleşiginde biynjalyk döredýän koronawirusyň pandemiýasy baradaky mesele gozgaldy. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz täze halkara hukuk gurallaryny döretmegiň mümkinçiliklerine seretmegi teklip etdi.

Hormatly Prezidentimiz koronawirus ýokanjyna garşy göreşe taýýar bolmak we bu ugurda degişli işleri geçirmek baradaky milli meýilnamalary taýýarlamak hakynda öňe süren teklibi üçin BMG-niň Baş sekretaryna tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Şu gün DIM-de geçirilen duşuşykda döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanda ýurdumyza howply ýokanç keselleriniň aralaşmagynyň öňüni almak boýunça zerur bolan çäreleriň görülýändigi aýratyn bellenildi. Degişli işler Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň maslahatlaryna laýyklykda hem-de milli kanunçylygy nazara almak bilen geçirilýär.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan saglyk hem-de keselleriň öňüni almak meselelerinde ilatyň bilim derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen aň-bilim işlerini alyp barýar, munuň özi epidemiologik gözegçiligiň möhüm bölegi bolup durýar.

Biziň ýurdumyzda ýokanç keselleriň birnäçesiniň ýok edilendigi hakynda halkara güwänamalar ilatyň saglygyny goramak boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan öňde goýlan wezipeleri çözmekde Türkmenistanyň üstünlikleriniň ykrar edilmegi bolup durýar. Bu ulgamda türkmen lukmanlarynyň toplan tejribesi Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebitindäki döwletlerinde ýaýratmak üçin maslahat berildi.

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň ýurt boýunça wekilhanasynyň ýolbaşçysy Paulina Karwowska Türkmenistanyň BSGG-niň epidemiologik gözegçilik hem-de jogap çärelerini görmek boýunça ählumumy ulgamynyň ýörelgelerine ygrarlydygyny görkezýändigini aýdyp, halkyň saglygyny goramak babatda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň dowam etdiriljekdigine ynam bildirdi.

Ýurdumyz ýokanç keselleri azaltmak hem-de ählumumy sanjym işleriniň maksatnamasyny amala aşyrmak baradaky meselelere uly üns berýär. Soňky ýyllarda sanjymlaryň milli senenamasyna täze waksinalaryň birnäçesi girizildi. Şol toplumlaýyn işler Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň maslahatlaryna laýyklykda amala aşyrylýar hem-de olaryň makullamagyna eýe boldy.

Ýokarda agzalan ýokanjyň ýurdumyza aralaşmagyna ýol bermezlik maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça, Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek boýunça adatdan daşary toparyň dolandyryş merkezleri döredildi. Iş meýilnamasyna laýyklykda amala aşyrylýan çärelere gözegçilik we seljerme işleri geçirilýär.

Duşuşyga gatnaşyjylar bu meselä jogapkärli çemeleşýändigi üçin türkmen tarapyna hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

***

Şu gün DIM-de ÝB-niň ýurdumyzdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Diego Ruiz Alonso bilen geçirilen duşuşygyň çäklerinde Türkmenistanyň hem-de Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygyň ýagdaýyna we geljegine garaldy. Adatdan daşary ýagdaýlarda durnukly we ygtybarly halkara ýük daşamalaryny üpjün etmek boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň teklibi ara alnyp maslahatlaşylan esasy meseleleriň biri boldy.

Bellenilişi ýaly, Ýewropa Bileleşigi türkmen Lideriniň öňe sürýän, tutuş dünýä bileleşiginde howsala döredýän derwaýys meseleleriň sazlaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamaga, şeýle hem sebit we dünýä derejesinde durnukly ösüş üçin amatly şertleriň döredilmegine gönükdirilen halkara başlangyçlaryna ýokary baha berýär we doly goldaýar.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň oňyn häsiýete eýe bolmagy bilen baglylykda, duşuşyga gatnaşyjylar dürli ugurlarda amala aşyrylýan bilelikdäki taslamalary we maksatnamalary durmuşa geçirmek boýunça hem pikir alyşdylar. Häzir dünýäniň ösüş meýillerini nazara almak bilen, energetika we ynsanperwer ulgamlary hem hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde netijeli gatnaşyklar üçin döwletimiziň alyp barýan açyklyk syýasatyna ýokary baha bermek bilen, Diego Ruiz Alonso Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa üçin ÝB-niň Täze strategiýasynyň maksatlarynyň hem-de wezipeleriniň çäklerinde Türkmenistan bilen has-da netijeli hyzmatdaşlyga umyt bildirýändigini aýtdy.

***

Şeýle hem şu gün DIM-de ýurdumyzdaky BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) wekilhanasynyň baştutany hanym Kristin Weýgand bilen duşuşyk geçirildi, duşuşygyň barşynda ýurdumyz bilen ÝUNISEF-niň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Häzirki döwürde däp bolan bu gepleşikleriň hil taýdan täze mazmuna eýe boldy. Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasy bilen hyzmatdaşlyk 2030-njy ýyla çenli BMG-niň Gün tertibini durmuşa geçirmek bilen baglylykda, Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutýan ugurlarynyň biri bolup durýar.

Şu ýylyň ýanwar aýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen «Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahatyň çäklerinde ýurdumyzyň döwlet edaralary we düzümleri hem-de ÝUNISEF tarapyndan kabul edilen bilelikdäki Ýyllyk iş meýilnamalarynyň birnäçesine gol çekilendigi guwançly ýagdaýdyr.

Türkmenistan iş ýüzünde ösüp gelýän nesliň sazlaşykly kemala gelmegi üçin aňrybaş amatly şertleriň üpjün edilmegine jogapkärli çemeleşmäni görkezýär, olaryň saglygy we abadançylygy baradaky alada döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar. Ýurdumyzyň bu ulgamda ýeten sepgitleri BMG-niň Çagalar gaznasynyň ýokary bahasyna mynasyp bolýar.

Duşuşygyň barşynda şeýle hem bilimiň, saglygy goraýyş, durmuş goraglylygy we adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk ulgamlarynyň sanlylaşdyrylmagy boýunça pikir alşyldy. Ýurdumyzyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ýolunda çaganyň hukuklaryny üpjün etmek we durmuşa geçirmek babatynda alyp barýan işleri ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň biri boldy.

***

Şu gün Döwlet daşary ykdysady iş bankynda wideokonferensiýa görnüşinde Ýaponiýanyň Döwlet eksport-karz agentliginiň (Nippon Export and Investment Insurance (NEXI) wekilleri bilen gepleşikler geçirildi.

Duşuşygyň çäklerinde maliýe-maýa goýum gatnaşyklary babatda bar bolan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişiniň barşy hem-de bu ulgamda hyzmatdaşlyk etmegiň geljegi barada giňişleýin pikir alşyldy.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň ýurdumyzy senagatlaşdyrmaga we milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmaga, bäsdeşlige ukyply taýýar önümleri çykarmaga gönükdirilen ýokary tehnologiýaly ylmy önümçilikleri döretmäge tarap alan ugry dürli pudaklarda özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmek, haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak üçin uly mümkinçilikleri şertlendirýär, göni işewür gatnaşyklara täze depgin bermäge, maýa goýum işjeňligini höweslendirmäge ýardam edýär.

Iki ýurduň işewür toparlarynyň wekilleriniň hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezilen himiýa senagaty, nebiti we gazy gaýtadan işleýän senagat, elektroenergetika, ulag-kommunikasiýa ulgamy, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, oba hojalygy babatda tagallalaryň birleşdirilmegi has möhümdir.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň hem-de Ýaponiýanyň dürli ugurlarda bilelikdäki düzümleýin taslamalary amala aşyrmakda üstünlikli tejribä eýedigi bellenildi. Şol ugurlar boýunça NEXI tarapyndan ätiýaçlandyryş hyzmatlary ýerine ýetirildi.

Munuň mysaly hökmünde, Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň (JBIC) arasyndaky karz ylalaşyklaryny agzap bolar. Bu resminamalara soňky ýyllarda nebitgaz toplumynyň, elektroenergetika we himiýa senagatynyň ýokary tehnologiýaly desgalarynyň gurluşygyny maliýeleşdirmek maksady bilen gol çekildi.

Häzirki wagtda NEXI-niň gatnaşmagynda «Türkmenhimiýa» we «Türkmengaz» döwlet konsernleri tarapyndan umumy bahasy ABŞ-nyň 3,63 milliard dollaryna barabar bolan taslamalaryň bäşisi durmuşa geçirildi. Häzir Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň buýurmasy boýunça ýapon kompaniýalary Lebap welaýatynda kuwwaty 432 megawatt bolan gazturbina elektrik bekediniň gurluşygyny alyp barýarlar.

Onlaýn pikir alyşmanyň barşynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan «Açyk gapylar» syýasaty bilen baglylykda mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmek boýunça anyk teklipler aýdyldy.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter