Birža täzelikleri | TDH
Ykdysadyýet

Birža täzelikleri

опубликованно 26.04.2020 // 249 - просмотров
 

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 16-sy hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Azerbaýjandan we Gyrgyzystandan gelen telekeçiler jemi bahasy ABŞ-nyň 562 müň dollaryndan gowrak bolan nah ýüplügi satyn aldylar.

Jemi 5 million 316 müň manatdan gowrak baha satyn alnan nah ýüplük Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Gonkongdan gelen telekeçileriň geleşikleriniň manat serişdeleriniň esasyny düzdi.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 30 million 723 müň manatdan gowrak «Türkmengaz» döwlet konserninde öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietileni we polipropileni satyn aldylar.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter