Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň metjidinde agzaçar sadakasyny berdi | TDH
Jemgyýet

Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň metjidinde agzaçar sadakasyny berdi

опубликованно 24.04.2020 // 460 - просмотров
 

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň Parahat-7 ýaşaýyş toplumynda ýerleşýän metjidinde mukaddes Oraza aýynyň birinji gününde agzaçar sadakasyny berdi.

Bu çäräniň mukaddes Oraza aýynyň birinji gününde geçirilmeginiň çuňňur manysy bardyr. Mälim bolşy ýaly, şol günde Gudraty Güýçli Allatagala keramatly Gurhanyň ilkinji sürelerini gönderipdir. Şu mukaddes aýda ynsan diňe bir beden taýdan däl, eýsem, ahlak, ruhy taýdan päklenýär, onuň sogap işlere bolan ynamy artýar.

Asyrlaryň dowamynda bu dessur köp halklaryň, şol sanda türkmenleriň belent ahlak gymmatlyklary, olaryň däp-dessurlary, ynanç-ygtykatlary, asylly ýörelgeleri bilen baýlaşdyrylýar hem-de kämilleşdirilýär. Şöhratly taryhy ýoly geçen halkymyz gadymy döwürlerden bäri ahlak arassalygynyň, ynsanperwerligiň hem-de rehim-şepagatlylygyň dabaralanmagy hökmünde mukaddes Oraza aýyna aýratyn sarpa goýup gelipdir.

Oraza aýynda agyz beklenýär, agzaçar sadakasy berilýär, tarawa namazy okalýar, aýat-töwir edilýär. Bu gadymy dessuryň çuňňur manysy bardyr. Onda milletiň ruhy gymmatlyklary, onuň päk niýetleri we ýörelgeleri öz beýanyny tapýar...

...Döwlet Baştutanymyzyň awtoulagy metjidiň golaýyna gelýär.

Bu metjit 2018-nji ýylyň sentýabrynda açyldy. Umumy meýdany 13 müň inedördül metrden gowrak bolan metjidiň binagärlik keşbi milli binagärligiň iň gowy däplerine hem-de bu ulgamda häzirki zaman ýörelgelerine laýyk gelýär.

Metjidiň gurluşygynda iň täze tehnologiýalar hem-de ýokary hilli gurluşyk we timarlaýyş serişdeleri ulanyldy. Binanyň täsin we köpöwüşginli yşyklandyrylyşy agşamlaryna onuň görküni has-da artdyrýar.

Bu ýerde, Aşgabadyň şähergurluşyk toplumy bilen aýratyn sazlaşyk döredýän metjidiň çäginde döwlet Baştutanymyz hormatly ýaşulular bilen gürrüňdeş bolup, olara jemgyýetimiziň hem-de döwletimiziň durmuşynda ägirt uly ähmiýete eýe bolan çärelere, şeýle hem şu günlerde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilýän baýramçylyk dabaralaryna işjeň gatnaşýandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi.

Hormatly ýaşulular milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa mähriban halkymyzyň abadançylygy we rowaçlygy, onuň baý medeni we ruhy mirasyny aýawly saklamak barada yzygiderli alada edýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür hem-de eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan asylly işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdiler.

Söhbetdeşlik tamamlanandan soň, döwlet Baştutanymyz ýaşulular bilen bilelikde metjide tarap ugrady. Milli Liderimiz ýolugra metjidi synlady. Bu ajaýyp binany binagärligiň dürdäneleriniň biri diýip atlandyrmak bolar.

Metjidiň içinde Beýik Biribardan türkmen topragyna parahatçylyk we asudalyk, halkymyza agzybirlik we jebislik, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa berk jan saglyk we uzak ömür, köpugurly işinde täze uly üstünlikler dileg edilip, aýat-töwir okaldy.

Metjitde ýörite aýna gapda mukaddes teperrik ýerleşdirilipdir. Mälim bolşy ýaly, ol ýurdumyzyň ähli metjitlerinde goýuldy. Dindarlar teperrigi ýüzüne syldylar. Tepperik hormatly Prezidentimize Mekgä haç parzyny amala aşyran mahalynda çuňňur hormat-sarpanyň nyşany hökmünde sowgat berildi.

Şol ýerde keramatly örtük hem goýlupdyr. Bu örtük milli Liderimize dünýäniň musulmanlarynyň mukaddes şäheri bolan Mekgeden sowgat hökmünde iberildi.

Çärä gatnaşyjylar teperrigi we örtügi ýüzlerine sylyp, Hajy Arkadagymyzyň ähli asylly işleriniň üstünlige eýe bolmagyny Beýik Biribardan dileg etdiler.

Soňra metjidiň ymamy hormatly Prezidentimizi metjidiň aýratynlyklary, çeperçilik bezegi bilen tanyşdyrdy hem-de ondaky keramatly ýazgylaryň ähmiýeti barada gürrüň berdi.

Metjidiň minarasynyň 63, merkezi we kiçi gümmezleriniň ölçegleriniň 40 we 23 metre deň bolmagynyň aýratyn mana eýedigini bellemek gerek. Bu sanlaryň her biri Muhammet pygamberiň ady bilen baglanyşykly bolup, pygamberiň ýaşan ömrüni, pygamberlik berlen ýaşyny hem-de pygamberlik döwrüni alamatlandyrýar.

Metjit toplumynyň düzümine sadaka bermek we beýleki däp-dessurlary geçirmek üçin ýörite bina, awtoduralga girýär. Metjidiň ajaýyp binasy diňe bir binagärlik görnüşinde däl-de, ýanaşyk çäkleriniň aňrybaş derejede abadanlaşdyrylmagy bilen hem haýran galdyrýar.

Metjidiň içki bezegi hem özboluşlylygy we täsinligi bilen tapawutlanýar. Binanyň içki bezeginde diňe naýbaşy serişdeler — mermer, granit, gymmat bahaly agaçlar ulanyldy. Gurhanyň süreleri şekillendirilen täsin ýazgylar metjidiň bezeginde aýratyn orun eýeleýär. Metjidiň namaz okalýan jaýy birbada 2 müň adamyň namaz okamagyna niýetlenendir.

Soňra döwlet Baştutanymyz sadaka berilýän jaýa barýar. Bu ýerde milli Liderimiz Türkmenistan, onuň gadymy taryhy, özboluşly däpleri we häzirki güni barada döreden ajaýyp eserlerinden düşen galam haklarynyň hasabyna sadaka berdi.

Hormatly Prezidentimiz sadakanyň öňüsyrasynda ýygnananlara ýüzlendi.

Şu gün mübärek Oraza aýynyň birinji güni diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we siziň tutýan orazalaryňyz, edýän doga-dilegleriňiz, okaýan tarawa namazlaryňyz Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun diýip arzuw etdi.

Siziň bilşiňiz ýaly, biz ata-babalarymyzyň gadymdan gelýän däplerine uly sarpa goýup, ruhy baýlyklarymyzy gorap saklaýarys. Mähriban halkymyzyň milli däp-dessurlarymyzy berjaý etmegi, mukaddes we keramatly ýerlerimize zyýarat etmegi üçin ähli şertleri döredýäris diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Welaýatlarda we paýtagtymyz Aşgabatda metjitleriň gurulmagy bolsa, ata-babalarymyzdan gelýän adatlarymyzyň dowam etdirilýändigini aýdyň görkezýär.

Biz ýakynda Lebap, Mary we Daşoguz welaýatlarynda täze gurlan metjitlere baryp gördük. Ine, bu gün bolsa, paýtagtymyzyň Hezreti Omar metjidinde ata Watanymyzyň rowaçlygy, il-günümiziň abadançylygy we asudalygy üçin sadaka berýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz ykdysadyýetimiziň ähli ugurlary boýunça uly ösüşleri gazanyp, dünýäde ýokary depginler bilen ösýän ýurtlaryň birine öwrülýär. Döwletimiziň gazanýan üstünliklerine ýurdumyzyň ähli welaýatlary, şeýle hem paýtagtymyz Aşgabat şäheri hem saldamly goşant goşýar. Ak mermerli paýtagtymyz ähli ugurlar boýunça ýokary netijeleri gazanýar.

Gözel şäherimiz barha gülläp ösýär we özgerýär diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Bu ýerde önümçilik hem-de medeni-durmuş maksatly binalar we desgalar yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilýär. Ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş toplumlary, mekdeplerdir çagalar baglary, sport desgalary, aýna ýaly köçeler paýtagtymyza görk berýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we aşgabatlylaryň yhlas bilen zähmet çekip, geljekde hem ata Watanymyzyň ösüşine uly goşant goşjakdygyna berk ynam bildirdi.

Biz alyp barýan işlerimizi mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda halal zähmetiniň hözirini görüp ýaşamagy üçin edýäris. Geljekde hem şeýle syýasaty yzygiderli alyp bararys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we il-günümiziň abadançylygy we bagtyýarlygy üçin ähli şertleriň dörediljekdigini belledi.

Şu ýyl ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny alanyna 25 ýyl dolýar. Şoňa bagyşlap, 2020-nji ýyly «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýyly diýip yglan etdik. Bu şanly sene mynasybetli Türkmenistanda we daşary ýurtlarda köp sanly möhüm çäreleri geçirmegi göz öňünde tutýarys.

Bitaraplyk dost-doganlyk diýmekdir, hoşniýetli goňşuçylyk, asuda we abadan durmuşdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. Biz Berkarar döwletimiziň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan ugur alyp, Ýer ýüzüniň ýurtlary bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürýäris. Parahatçylyk we ynsanperwerlik syýasatyny alyp barýarys.

Türkmen halky hemişe dinini, däp-dessuryny gorap, milliligini saklap gelýän halk. Şundan ugur alyp, döwletimiz raýatlarymyzyň islän dinine uýmagy, däp-dessurlarymyzy erkin berjaý etmegi, halal zähmet çekip, eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşamagy üçin ähli şertleri döredýär diýip, milli Liderimiz nygtady.

Oraza tutup, agyz beklemek hem şol mümkinçilikleriň biridir.

Oraza, ýagny Remezan aýy sogaply, şol bir wagtyň özünde-de ynsan saglygyny berkitmekde haýyrly aýlaryň biri hasaplanýar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň: «Remezan diýerler aýyň ýagşysyn» diýen sözlerini mysal getirdi.

Halkymyzyň arasynda oraza tutulyp, agyz açylanda iýip-içmeli nygmatlar barada ýörelge bolupdyr. Bu ýörelge her ýere görä az-kem tapawutlanypdyr. Şoňa görä-de, türkmenler suw, nabatly suw, käbir ýerlerde bolsa kişmiş, erik kişdesi, gawun kaky ýaly süýji tagamlar bilen agyz açypdyr.

Sebäbi, şolar ýaly süýji tagamlar oraza tutýan adamyň güýç-kuwwatyny artdyryp, orazasyna ýardam beripdir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Biz hem agyz açylanda şu ýörelgeden ugur alsak, haýyrly bolar diýip pikir edýärin diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Soňra Türkmenistanyň müftüsi tebärek çykdy. Şondan soňra nahar çekildi. Nahardan soň, aýat-töwir okaldy we hormatly Prezidentimiziň mukaddes Oraza aýynyň birinji gününde beren agzaçar sadakasynyň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagy dileg edildi.

Sadakanyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oňa gatnaşyjylara we watandaşlarymyzyň ählisine:

Goý, berlen sadaka, edilen doga-dilegler hem-de aýat-töwirler Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun!

Goý, türkmen topragynda hemişe parahatçylyk, agzybirlik we asudalyk bolsun! Kabul bolsun!” — diýip ýüzlendi.

Döwlet Baştutanymyzyň adyndan paýtagtymyzyň Hezreti Omar metjidine awtoulag sowgat berildi.

Soňra milli Liderimiz ýygnananlar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter