Resmi habarlar | TDH
Syýasat habarlary

Resmi habarlar

опубликованно 24.04.2020 // 276 - просмотров
 

Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň öňünde durýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny mundan beýläk hem dünýä ýaýmak we atşynaslyk sungatyny ösdürmek hem-de Ýer ýüzünde atşynaslaryň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek, assosiasiýanyň agzalarynyň, şol sanda daşary ýurtly agzalarynyň sanyny artdyrmak maksady bilen, şeýle hem assosiasiýanyň müdiriýetiniň teswirnamasyna laýyklykda, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow degişli Kararlara gol çekdi. Resminamalara laýyklykda, degişli daşary ýurtlaryň hem-de Türkmenistanyň raýatlarynyň birnäçesi Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalygyna kabul edildi.

* * *

Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň öňünde durýan wezipeleri üstünlikli amala aşyrmak, ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak we atşynaslyk sungatyny ösdürmek, bu ugurda öňdebaryjy tejribeleri atçylyk pudagyna giňden ornaşdyrmak hem-de atşynaslaryň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek maksady bilen, şeýle hem assosiasiýanyň müdiriýetiniň teswirnamasyna laýyklykda, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň nobatdaky XI mejlisi 2021-nji ýylyň aprel aýynda Aşgabat şäherinde geçiriler.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter