Halypa çapyksuwarlaryň arasynda bäsleşigiň ýeňijisine döwlet Baştutanynyň adyndan gymmatly sowgat gowşuryldy | TDH
Jemgyýet

Halypa çapyksuwarlaryň arasynda bäsleşigiň ýeňijisine döwlet Baştutanynyň adyndan gymmatly sowgat gowşuryldy

опубликованно 23.04.2020 // 180 - просмотров
 

Lebap atçylyk sport toplumynda ýurdumyzyň halypa çapyksuwarlarynyň arasynda geçirilen ýaryşda Täçmyrat Dowulbaýew Perhat atly bedewde ýeňiş gazandy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Buýrugyna laýyklykda, Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanyp geçirilen uly ýaşly çapyksuwarlaryň arasynda ýaryşyň ýeňijisine gymmatly baýrak – awtomobil gowşuryldy.

Täçmyrat Dowulbaýew we onuň gara dor aty Perhat Daşoguz atçylyk sport toplumyndandyr. Çapyksuwaryň başarjaň, oýlanşykly hereketleri bilen sazlaşykly çapan bedew ýakyn bäsdeşinden birneme öňe saýlanyp ýeňiş gazandy.

At çapyşygy atlary synagdan geçirmegiň hem-de olaryň ýyndamlygyny ösdürmegiň usuly hökmünde ulanylyp gelinýän türkmenlerde şüweleňli atçylyk sportydyr. Aýratynam tejribeli halypalaryň bäsleşigine tomaşa etmek gyzykly, çünki olaryň tejribesi, parasatlylygy çapyksuwarlaryň ýeňişe mümkinçiligini deňleşdirýär. Şeýle bolsa-da, olarda gaýduwsyzlykdyr hyjuw ýaşlaryňkydan pes däl.

Türkmenler hemişe halypa sarpa goýupdyrlar, olar asyrlarboýy at seýislemekde we çapyksuwar taýýarlamakda ata-baba gelýän tejribäni ýaşlara öwredipdirler.

Häzirki wagtda-da, ençeme ýyl mundan ozal bolşy ýaly, halypalar ýüwrük bedewleri çapýarlar. Türkmenabadyň atçylyk sport toplumyna at çapyşygyna tomaşa etmäge gelenler hem muňa göz ýetirendirler.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter