Türkmenistan — BMG: söwda we ösüş ulgamynda bilelikdäki taslama | TDH
Ykdysadyýet

Türkmenistan — BMG: söwda we ösüş ulgamynda bilelikdäki taslama

опубликованно 22.04.2020 // 151 - просмотров
 

Şu gün Daşary işler ministrliginiň, Döwlet gümrük gullugynyň hem-de BMG-niň Söwda we ösüş boýunça Konferensiýasynyň (UNÑTAD) arasynda wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen maslahatyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maslahatda 2020 — 2023-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň ikinji tapgyryny uýgunlaşdyrmak bilen baglylykda, Döwlet gümrük gullugy — UNÑTAD — BMGÖM «Halkara hyzmatdaşlyk üçin Türkmenistanyň «Bir penjire» toruny ornaşdyrmak» atly bilelikdäki taslamany durmuşa geçirmek meselelerine esasy üns berildi.

Öňdebaryjy tehnologiýalaryna daýanmak bilen, dünýä iş tejribesinde giňden ulanylýan utgaşdyrylan maglumat ulgamynyň döredilmegi we ýola goýulmagy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen hyzmatdaşlykda durmuşa geçirilýän möhüm taslamalaryň biridir.

Häzirki wagtda dünýäniň 195 ýurdunyň goşulyşan UNÑTAD-nyň alyp barýan işleri halkara söwdanyň hem-de deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň, şol sanda degişli maksatnamalary durmuşa geçirmegiň hasabyna gatnaşyklaryň ösdürilmegine hemmetaraplaýyn goldaw bermäge gönükdirilendir.

Geçen ýyl Döwlet gümrük gullugy we UNÑTAD «ASYÑUDA World» utgaşdyrylan maglumat ulgamyny ornaşdyrmak boýunça Tehniki hyzmatdaşlyk hakynda taslama ylalaşygyna gol çekdiler, bu ulgam arkaly «Bir penjire» tory Türkmenistanyň ähli gümrük barlag-geçiriş nokatlarynda ornaşdyrylar.

Döwrebap maksatnama üpjünçiligi jarnamalaryň elektron usulyny ýola goýmaga resminamalary bellige almak we resmileşdirmek düzgünlerini kämilleşdirmäge hem-de ýönekeýleşdirmäge ýardam berer.

Öz netijeliligini görkezen şeýle ulgamyň ornaşdyrylmagy döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda işlenip taýýarlanylan Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin maksatnamasynda anyk kesgitlenilen möhüm wezipeleriň biri bolup durýar, maksatnama 2019-njy ýylyň 6-njy dekabrynda döwlet Baştutanymyzyň degişli Karary bilen tassyklanyldy.

Netijeli pudagara hyzmatdaşlygyň hem-de dessin maglumat alyşmagyň ösen düzümleriniň kemala getirilmegi täze mümkinçilikleri açýar. Şolaryň hatarynda uzak aralykdan maglumatlary geçirmek hem-de olara gözegçiligi ýola goýmak, resminamalary resmileşdirmek üçin zerur resminamalaryň sanyny azaltmak, iň esasy zat bolsa, arzany bermekden başlap, ýerine ýetiriji ýa-da beýleki edaranyň çözgüdiniň netijelerini ylalaşmaga hem-de ony bermäge çenli islendik hyzmatlary bir ýerde jemlemek mümkinçilikleri bar.

Çaklanylyşy ýaly, sanly ykdysadyýetiň halkara tejribesiniň ulanylmagy gümrük kadalaryny düýpli ýönekeýleşdirmäge mümkinçilik berer, munuň özi daşary ykdysady işleriň işjeňleşdirilmegine hem-de ýurdumyzda öndürilýän önümleriň eksport möçberlerini artdyrmaga gönüden-göni ýardam eder.

Taraplar ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy geljekde hem giňeltmäge gyzyklanmalaryny tassyklap, Türkmenistanyň Söwda we ösüş boýunça UNÑTAD Geňeşine girmegi bilen baglanyşykly meselelere garadylar, şeýle hem köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek babatynda pikir alyşdylar.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter