Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan halkara mediaforum geçirildi | TDH
2020-nji ýyl - Türkmenistan - Bitaraplygyň mekany

Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan halkara mediaforum geçirildi

опубликованно 17.04.2020 // 554 - просмотров
 

Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda wideokonferensiýa görnüşinde halkara mediaforum geçirildi. Ol akademiki toparlaryň wekillerini, bilermen syýasatçylaryň, dürli ýurtlaryň abraýly köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerini bir ýere jemledi.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň ähmiýeti, bu derejä eýe bolnandan bäri geçen 25 ýylda toplanan oňyn tejribe, Bitaraplygyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda gazanan üstünlikleri esasy ara alnyp maslahatlaşylan mesele boldy.

Mediaforumyň işine Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň, türkmen ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlar düzüminiň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, alymlar we jemgyýetçilik işgärleri gatnaşdylar.

Daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdelerine «TАSS», «MIR» Döwletara teleradiokompaniýasy, «NHK», «TRT AVAZ», «Chinadaily», «Ženmin Žibao» «Аzertаj», «Anadolu Ajansy», «Arminfo», «Kazinform», «Mangistau-Media», «News Day Georgia», «Daily Ittehad», «Business Central Asia», «Kabаr», «Psearcher», «Trend» halkara habarlar agentlikleri, «UzReport», «Nowosti Uzbekistana», «NEWS ASTRO» ýaly iri habar beriş agentlikleri, «Aziýa-Kawkaz» täzelikler redaksiýasy hem-de ençeme beýleki habar beriş serişdeleri wekilçilik etdiler.

Şolar bilen bir hatarda, Russiýa Federasiýasynyň DIM-niň «Halkara durmuş» diýen žurnaly, «Rossiýskaýa gazeta» diýen hökümet gazeti, Türkiýe Respublikasynyň «Istanbool today» we «Diplomatik Gozlem» žurnallary, Pakistan Yslam Respublikasynyň «The Diplomatic Insight», Gruziýanyň «The Georgian Business Week», «Mnogonasionalnaýa Gruziýa» diýen neşirler, «Obýektiw» teleýaýlymy we beýlekiler bilen birlikde öňdebaryjy ýöriteleşdirilen neşirleriň wekilleri we beýlekiler gatnaşdylar. 20-den gowrak ýurtdan habarçylaryň 50-den gowragy hem wideokonferensiýa goşuldylar.

Duşuşyga gatnaşmaga daşary ýurtlaryň meşhur ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary we professorlary, daşary ýurtlaryň jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary çagyryldy.

Wideokonferensiýa gatnaşyjylaryň şeýle köp sanly düzümi dünýäde Türkmenistana uly hormat goýulýandygyna hem-de halkara jemgyýetçiligiň türkmen bitaraplygyna uly gyzyklanma bildirip, hoşniýetli garalýandygyna şaýatlyk edýär. Türkmen bitaraplygy sebit we dünýä derejesindäki syýasy, ykdysady we ynsanperwer meseleleriň çözülmegine oňyn täsir edýän ýagdaý hökmünde özüni barha aýdyň äşgär edýär.

Mediaforumyň açylyşynda daşary ýurtlular Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllyk taryhyndaky esasy wakalar, onuň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynda öz beýanyny tapan we ösüşlere eýe bolan esasy häsiýetli ýörelgeleri bilen gysgaça tanyşdyryldy.

Türkmen tarapynyň wekilleriniň çykyşlarynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň halkara meseleleriň we çylşyrymly ýagdaýlaryň çözülmegine gatnaşmakdan çetde durmaýandygy, eýsem, parahatçylygy we durnuklylygy saklamak, dostluk gatnaşyklaryny ösdürmek, özara bähbitli we deňhukukly hyzmatdaşlyk meselelerinde döwletiň eýerýän işjeň ýörelgesini göz öňünde tutýandygy nygtaldy.

Şunda ýurdumyzyň durmuşa geçirýän ähli taslamalarynyň syýasatlaşdyrylmaýandygy, bular barada milli Liderimiziň BMG-niň hem-de beýleki abraýly guramalaryň belent münberinden ençeme gezek aýdandygy bellenildi.

Hut şoňa görä-de, türkmen bitaraplygy ýurdumyzyň taryhy, geosyýasy, özboluşly medeni ýagdaýlaryna laýyk gelip, milli bähbitleri amala aşyrmagyň has kabul ederlikli nusgasydyr. Häzirki zamanda umumadamzada täsir edýän ýagdaýlar bilen baglylykda bolsa, bu wehimlere garşy hereket etmekde tutuş adamzadyň tagallalaryny birleşdirmegiň zerurdygy örän aýdyň bolýar, şonuň üçin hem türkmen bitaraplygynyň tejribesi ählumumy bähbitleriň hataryna özara düşünişmäge we oňyn hyzmatdaşlyga tarap ýollary gözlemek üçin oňat nusga bolup durýar. Çünki parahatçylyk — diňe bir urşuň ýoklugy däl-de, eýsem, ruhy gymmatlyk bolup, biziň hemmämiz ony aýawly saklamalydyrys.

Häzir Bitaraplygynyň binýadynda Türkmenistan öz daşary syýasatynyň energetika, ulag, ekologiýa, medeniýet hem-de suw diplomatiýasy ýaly ugurlaryny işjeň ösdürýär. Çünki hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly: «Bitaraplygyň özboluşly täze ýagdaýy has-da ösdürilmäge mätäçdir. Bitaraplygyň ýörelgeleriniň ylmy-amaly esaslaryny hem-de halkara işlerde iş ýüzünde peýdalanylmagyny kämilleşdirmek boýunça ulgamlaýyn işleri maksadalaýyk alyp barmak zerurdyr».

Foruma gatnaşyjylar çykyşlarynyň barşynda Türkmenistanyň ynsanperwer gymmatlyklary ilerletmäge, dünýäde diňe parahatçylykly we netijeli gepleşikler arkaly rowaçlyklary gazanmaga gönükdirilen oňyn Bitaraplyk derejesine öz garaýyşlary barada gürrüň berdiler. Çäräniň çäklerinde wideorolik görkezilip, onda ýurdumyzyň gazanan üstünlikleri beýan edildi.

Pikir alyşmalaryň dowamynda Russiýanyň «TASS» habarlar agentliginiň baş direktorynyň orunbasary A.Kopnow hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýdan sözlerini mysal getirdi. Ol sözler Bitaraplygynyň 25 ýyllyk şanly senesiniň bellenýän ýylynda ýurdumyzyň öz dostlary hem-de dünýä jemgyýetçiligi boýunça hyzmatdaşlary bilen parahatçylyk we döredijilik, hoşniýetli goňşuçylyk, hormat goýmak we özara düşünişmek ýagdaýynda bolup, geljegini aýdyň görýändigi, döwletimizi we jemgyýetimizi ösdürmegiň maksatlaryny ynamly kesgitleýändigi barada boldy.

Ol şeýle hem bu ýolda üstünlikli öňe gitmegi arzuw edip, TASS-nyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň we dünýäniň habar beriş serişdeler giňişliginde žurnalistleriň hünär taýdan gatnaşyklarynyň pugtalanmagy we giňeldilmegi ugrunda çykyş edýändigini belledi. Onuň pikirine görä, munuň özi Beýik Watançylyk urşunda gazanylan ýeňşiň 75 ýyllygynda aýratyn möhümdir. Biz janlaryny gurban edip, söweşde we zähmetde gahrymanlyk görkezip, biziň ählimize ýurtlarymyzda mynasyp geljegi döretmek mümkinçiligini beren adamlara bildirýän çuňňur hoşallyk duýgularymyzy we hormat-sarpamyzy geljekki nesillere ýetirmelidiris diýip, A.Kopnow aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, ol Türkmenistanyň Bitaraplygynyň sebitiň we dünýäniň döwletleriniň arasynda dostluk we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek üçin oňat esas bolup hyzmat edýändigini, türkmen halkynyň beýleki ýurtlar bilen parahatçylygy hem-de hoşniýetli gatnaşyklary saklamaga ymtylýandygyny beýan edýändigini belledi.

Niderlandlaryň howpsuzlyk pudagynyň özgerişi we demokratizasiýa meseleleri boýunça garaşsyz bilermeni, professor, ykdysady ylymlaryň doktory S.Faltas Türkmenistanyň oňyn Bitaraplygy hoşniýetli goňşuçylyk we özara hormat goýmak ýörelgelerinde amala aşyrylýan öz daşary syýasaty bilen üstünlikli birleşdirendigini aýratyn belledi.

Taryh ylymlarynyň doktory, Belarus döwlet uniwersitetiniň Halkara gatnaşyklary fakultetiniň dekany W.Şadurskiý hem bütin dünýäniň halklarynyň hem-de ýurtlarynyň arasynda özara bähbitli dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak we giňeltmek babatda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň aýratyn ähmiýetlidigine ünsi çekdi.

Çykyş eden ýurduň üstünlikleriniň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanan syýasaty netijesinde gazanylandygyny aýratyn belledi.

Şu günki halkara maslahatyň degişli ugurda toplanan tejribäni we gazanylan netijeleri giňişleýin we hemmetaraplaýyn ara alyp maslahatlaşmaga oňat mümkinçilik berjekdigini aýdyp, şeýle duşuşyklaryň ýurtlaryň arasynda özara düşünişmegi we özara ynanyşmagy has-da berkitmäge ýardam etjekdigini, öňümizde durýan umumy maksatlaryň hem-de wezipeleriň esasynda geljekki hyzmatdaşlygyň ugurlaryny kesgitlemäge mümkinçilik berjekdigini aýtdy.

Gazagystan Respublikasynyň Ş.Ýesenow adyndaky Kaspiý döwlet tehnologiýalar we inženering uniwersitetiniň rektory B.Ahmetow öz ýurdunyň Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatyny goldaýandygyny hem-de onuň özbaşdak saýlap alan ösüş ýoluna hormat goýýandygyny beýan etdi. Ol iki döwletiň arasynda hemişe özara düşünişmegiň we halkara derejesinde birek-biregiň başlangyçlaryny öňe ilerletmäge ýardam bermegiň bolandygyny belledi.

Türkmenistan — Gazagystan hyzmatdaşlygynyň Merkezi Aziýa we Hazar deňziniň giňişliklerinde ýagdaýlaryň durnuklylygynyň hem-de oňyn ösüşiniň strategik ugry hökmünde çykyş etmegi hem örän möhüm bolup durýar diýip, B.Ahmetow aýtdy. Ol şeýle hem biziň ýurtlarymyzda bähbitleriň gabat gelýän köp ugurlarynyň bardygyny we şolaryň biriniň hem bilim ulgamydygyny belledi. Onuň sözlerine görä, Gazagystanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan daşary ýurtly talyplaryň dörtden biri türkmenistanlylardyr.

Çykyş eden Hazar baradaky meselä uly üns berip, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen birinji Hazar ykdysady forumynyň üstünlige beslenendigini ýatlady. Şol forum Hazar konwensiýasyna gatnaşyjy ýurtlaryň hyzmatdaşlyk etmegi üçin diňe bir meýdança bolman, eýsem, Hazarýaka döwletleriň, şol sanda ekologiýa ulgamynda täze taslamalary ösdürmegiň itergi beriji güýjüne öwrüldi.

Syýasatşynaslaryň we seljerijileriň çykyşlarynda türkmen Bitaraplygynyň ählumumy goşulyşmak işlerine köptaraplaýyn täsirine hemmetaraplaýyn baha berildi. Türkmenistanyň daşary syýasy, ylalaşdyryjylyk başlangyçlary babatda umumy wezipeleri çözmäge täze çemeleşmeler bilen tanyşdyryldy.

Türkmen Bitaraplygyna taryhy nukdaýnazardan, şeýle hem özara gatnaşyklarda açylýan mümkinçilikler babatda baha bermek bilen çykyş edenler Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň Türkmenistanyň içerki ösüşinde we dünýä giňişliginde üstünlik gazanýandygynyň jedelsiz we möhüm şertleriň biri bolup durýandygyny aýratyn bellediler.

Türkmen Bitaraplygynyň syýasy we ykdysady ugurlaryndan başga-da, taryhy nukdaýnazardan onuň ruhy-medeni tarapy hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Çykyş edýäniň geçmişde türkmen döwletleriniň diplomatik gatnaşyklarynyň ösüşiniň taryhyndan getiren mysallary uly gyzyklanma döretdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Aziýa bilen Ýewropanyň çatrygynda, gündogar we günbatar siwilizasiýalarynyň sepleşiginde ýerleşmek bilen, Türkmenistan hemişe medeniýetleriň we dinleriň arabaglanyşygynyň özboluşly merkezi bolupdyr. Mediaforuma gatnaşyjylaryň çykyşlarynda bellenilişi ýaly, türkmenlerde hiç haçan hem etniki ýapyklyk ýa-da aýrybaşgalanmak häsiýeti bolmandyr.

Türkmen halky gurşap alan dünýä üçin açyk bolmak bilen, özünde demokratiýa we däplere hormat goýmak bilen, başgalary sylamak we mertebäňi saklamak ýörelgelerine eýerip gelipdir. Şonuň üçin hem garaşsyzlygyny alan Türkmenistan özüniň dünýädäki ornuny we ähmiýetini kesgitlemek bilen, häzirki zaman ýagdaýlaryna hakyky geosyýasy seljeriş bermek bilen bilelikde, milli aňyýetiň çuňňur taryhy, medeni we ahlak gymmatlyklaryna daýandy. Olar bolsa ýaş türkmen döwletiniň Bitarap daşary syýasatynyň mazmun taýdan dünýägaraýyş binýadyny goýdy.

Umuman, Bitaraplyk we parahatçylyk özara aýrylmaz baglanyşykly düşünjelerdir diýlen netijä gelindi. Bitaraplyk biziň ýurdumyzyň raýatlarynyň aňyna içerki durnuklylygyň, jemgyýet agzybirliginiň we ösüşiniň manydaş sözi hökmünde ornaşdy. Iş ýüzünde alnyp barylýan halkara gatnaşyklarda bolsa Bitaraplyk birek-birege hormat goýmagyň we deňhukukly esasdaky döwletara hyzmatdaşlygyň hem-de özara bähbitli arkalaşygyň nyşany bolup durýar.

Wideokonferensiýanyň barşynda Awstriýa — Türkmen jemgyýetiniň ýolbaşçysy hanym Neda Berger hem öz pikirini beýan etdi. Ol Wenadan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy hem-de ähli türkmen halkyny şu ýyl bellenilýän Bitaraplygyň 25 ýyllygy bilen gutlady. Bilelikdäki jemgyýetçilik guramasynyň ýolbaşçysy hökmünde döwletara gatnaşyklaryny ösdürmek, şol sanda medeni gatnaşyklar, maglumatlary alyşmak arkaly ösdürmek üçin amatly gurşawyň döredilmegine mynasyp goşant goşmagyň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy.

Awstriýanyň Kansleriniň metbugat gullugynda ORIENT saýtynyň habarçysy hökmünde akkreditirlenen, «Media-Türkmen» habarlar agentliginiň hormatly geňeşçisi Neda Berger habar beriş serişdeleri, şol sanda täzelikler, Internet serişdelerini ösdürmek boýunça işlere aýratyn üns berdi.

Ol Awstriýanyň jemgyýetçilik we işewür toparlarynyň uly halkara abraýyna eýe bolan hem-de ykdysady üstünlikleri bilen özüne ünsi çekýän, häzir bolsa Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gören öňüni alyş çäreleri netijesinde dünýäde öz ilatyny koronawirus ýokanjyndan doly goramagy başaran döwletleriň biri hökmünde Garaşsyz, Bitarap Türkmenistana uly gyzyklanma bildirýändigini belledi.

Soňra «Mangistau-Media» jemgyýetiniň ýolbaşçysy A.Dutbaýewa çykyş etdi. Ol Gazagystanyň Aktau şäherinden onlaýn duşuşyga gatnaşyjylar bilen salamlaşyp, häzir dünýä ýüzündäki çylşyrymly ýagdaýa garamazdan, Türkmenistanyň gatnaşyklar üçin mümkinçilik tapandygyny, şu günki forumyň bolsa ýurduň oňyn Bitaraplygynyň döwletleriň we halklaryň arasyndaky dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny berkitmekde özüni gowy tarapdan görkezenliginiň aýdyň mysaly bolup durýandygyny belledi.

Şeýle hem ol Gazagystanyň Mangistau oblastynyň Türkmenistanyň Balkan welaýaty bilen ýakyn gatnaşyklary saklaýandygyny hem-de olaryň arasynda serhetýaka hyzmatdaşlygyň ösýändigini belläp, forumyň netijeli maksatnamasy hem-de onuň ýokary hünär derejesi üçin çäräni guraýjylara çäksiz hoşallygyny beýan etdi.

Duşuşyga daşary ýurtly gatnaşyjylaryň hemmesi şu ýylyň dekabrynda Aşgabatda geçiriljek «Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti» atly halkara maslahata çagyryldy.

Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň wekili çykyş edip, zenanlaryň türkmen jemgyýetinde eýeleýän ornuny beýan etdi. Hususan-da, türkmen zenanlarynyň dürli ugurlarda özleriniň iň gowy hünär we şahsy häsiýetlerini görkezip, köp ulgamlarda esasy wezipeleri eýeleýändigi hem-de işiň täze ulgamlaryny ynamly özleşdirýändigi, ministrliklerde, pudak edaralarynda ýolbaşçylyk etmegi adaty ýagdaýa öwrülendigi barada aýdyldy. Olar erkekler bilen deň derejede diňe bir döwleti dolandyrmaga däl, eýsem, daşary syýasatda hem işjeňlik görkezýärler.

Bulardan başga-da, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň ýanynda işewür zenanlaryň hem-de alym zenanlaryň merkezleri hereket edip, olar türkmen zenanlarynyň dünýäniň işewürlik hem-de ylmy jemgyýetçiligine goşulyşmagyna ýardam edýärler.

Habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Zenanlar birleşigi Ählihytaý Zenanlar federasiýasy, Özbegistanyň Zenanlar komiteti, Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň işewür zenanlarynyň Assosiasiýasy we beýleki birleşikler bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär.

Bu bolsa halk diplomatiýasynyň hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň üstünlikli amala aşyrýan Bitaraplyk syýasatynyň ýene-de bir netijesi bolup durýar. Çünki şeýle gatnaşyklar tutuş dünýäde zenanlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny we kanuny bähbitlerini goramaga, şeýle hem halkara Zenanlar hereketini ösdürmäge gönükdirilendir.

Çykyşlardan soňra meseleleri ara alyp maslahatlaşmak «sowal-jogap» görnüşinde dowam etdi. Şunda Bitaraplyga durmuş, demokratik özgertmeleriniň nukdaýnazaryndan hem seredildi.

Türkmen Bitaraplygynyň aýratynlyklary, onuň jemgyýetimiziň durmuşynda eýeleýän orny, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň durmuşa geçirilişi, ählumumy meseleleriň çözülmeginde goşandy baradaky ýene-de ençeme beýleki meseleler boldy. Şol meseleleriň jogaplary türkmen bitaraplygynyň iş ýüzünde neneňsi amal edilişiniň anyk mysallaryny özünde jemledi.

Umuman, Bitaraplyk syýasatynyň Türkmenistanyň ähli ugurlar boýunça dünýäniň häzirki işlerine goşulyşmagyna ýardam edýändigi, sebitiň syýasy nukdaýnazardan durnukly ösýän sebite öwrülmegine, netijeli ykdysady gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ýardam berýändigi barada netijä gelindi.

Türkmenistanyň Bitaraplygy — munuň özi şu günüň hakykaty hem-de halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin täze ajaýyp mümkinçilikler açylýan geljegimizdir.

Häzirki mediaforum giňden pikir alyşmalar, Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň tejribelerine döredijilik taýdan akyl ýetirmek üçin açykdygyny, dürli pikirleri taýýarlyk bilen kabul edýändigimizi ýene-de bir gezek görkezdi. Şunuň ýaly wideokonferensiýalaryň barşynda Bitaraplygyň täze çäkleri açylýar, dürli ýurtlaryň wekilleriniň arasynda özara gatnaşyk etmegiň tejribesi baýlaşýar.

Çünki Bitaraplyk, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, bu hereketsizlik däldir, syýasy, ykdysady, taryhy, medeni ugurlary özünde jemleýän janly, döredijilik işidir. Ýöne, ilkinji nobatda, munuň özi ynsanyýet durmuşy bolup, onda baş ugurlar hem-de gymmatlyklar parahatçylykdan, howpsuzlykdan, adamlaryň saglygyndan we durmuşyndan, olaryň abadançylygyndan, döredijilikden, dostlukdan hem-de ýer ýüzünde halklaryň ylalaşygyndan ybaratdyr.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter