Türkmen-koreý işewürler geňeşiniň maslahaty | TDH
Ykdysadyýet

Türkmen-koreý işewürler geňeşiniň maslahaty

опубликованно 17.04.2020 // 209 - просмотров
 

Şu gün sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Türkmen-koreý işewürler geňeşiniň maslahatynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Foruma türkmen tarapyndan Söwda-senagat edarasynyň, käbir ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, şol sanda ýangyç-energetika toplumynyň, ulag ulgamynyň, dokma senagatynyň, suw hojalygynyň we beýleki pudaklaryň wekilleri gatnaşdylar. Şeýle hem wideoaragatnaşyga «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň, «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň, «Deňiz söwda floty» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçylary çagyryldy.

Koreý tarapyna Koreýa Respublikasynyň Halkara Söwda assosiasiýasy we dürli ugurlarda işleýän kompaniýalary wekilçilik etdiler. Olar, hususan-da, nebitgaz, dokma, logistika, gämi gurluşygy we suw hojalygy ýaly ugurlarda ýöriteleşdirilen kompaniýalar bolup durýar.

Işewürler geňeşi geçen ýylyň aprelinde döwlet sapary bilen ýurdumyza gelen Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Mun Çže In bilen geçirilen gepleşikleriň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen döredildi. Şol başlangyç söwda gatnaşyklaryny berkitmäge, amala aşyrylýan we durmuşa geçiriljek bilelikdäki ykdysady taslamalary utgaşdyrmaga, iki ýurduň işewürler bileleşikleriniň özara gatnaşyklaryny giňeltmäge, maýa goýumlaryny çekmäge, ikitaraplaýyn haryt dolanyşygyny we işjeňligini artdyrmaga gönükdirilendir.

Taraplaryň belleýşi ýaly, ýokary derejedäki duşuşyklaryň çäklerinde gazanylan ylalaşyklar türkmen-koreý döwletara gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejä çykaryp, birnäçe ugurda işewür hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikleri açdy.

Türkmen Lideriniň ýolbaşçylygynda milli ykdysadyýetiniň esasy pudaklaryny tehniki taýdan enjamlaşdyrmak we döwrebaplaşdyrmak babatda gerimi hem-de ähmiýeti boýunça deňi-taýy bolmadyk işleri amala aşyrmak bilen, ýurdumyz, ozaly bilen, ylmy-tehniki ösüşiň gazananlarynyň giňden ornaşdyrylmagyna hem-de iň gowy daşary ýurt tejribesiniň çekilmegine uly üns berýär.

Dünýä bazarynda ýokary tehnologiýalaryň öňdebaryjylary bolup durýan esasy koreý kompaniýalary, öz nobatynda, milli hem-de sebit ähmiýetli önümçilik düzüminiň desgalaryny gurmak boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak üçin täze ylmy we önümçilik işlerini bermäge hemmetaraplaýyn taýýardyklaryny beýan edýärler.

Soňky ýyllarda koreý işewürler düzümleriniň işiniň geriminiň giňelmegi Türkmenistanyň hem-de Koreýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetine we ösüşine şaýatlyk edýär. Olar häzir nebithimiýa, gazy gaýtadan işleýän, awtoulaglar we beýleki pudaklarda üstünlikli işleýärler.

«Galkynyş» gaz käninde tebigy gazy arassalaýan zawodyň, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda gurlan ýokary oktanly awtomobil benzinini öndürýän desgalaryň, Balkan welaýatynyň Gyýanly şäherçesinde polipropileniň we polietileniň önümçiligine ýöriteleşdirilen polimer zawodynyň gurulmagyny muňa mysal hökmünde görkezmek bolar.

Şu günki maslahatyň çäklerinde koreý kompaniýalarynyň, hususan-da, «Hyundai Engineering», «LG International», «GS E&C» kompaniýalarynyň wekilleri nebitgaz pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak we berkitmek maksady bilen, hyzmatdaşlyk etmek barada täze anyk teklipleri bilen çykyş etdiler.

Birmeňzeş pikire görä, «Demirgazyk — Günorta» we «Gündogar — Günbatar» ugurlary boýunça multimodal ulag-üstaşyr geçelgelerini hem-de toplumlaýyn logistiki düzümini döretmek boýunça Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlaryny nazara almak bilen, ulag ulgamyndaky gatnaşyklaryň hem geljegi uludyr.

Umuman, bu gün ýurdumyzyň jemgyýetçilik ulaglarynyň agramly bölegini eýýäm koreý önümçiliginiň awtoulaglary düzýär hem-de bu ugurda hyzmatdaşlyk dowam etdiriler.

Koreýanyň «KOMERI» deňiz enjamlarynyň ylmy-seljeriş instituty täze bilelikdäki resminamalary işläp taýýarlamagyň hasabyna hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny berkitmek ugrunda çykyş etdi hem-de maslahatlary guramakda we Türkmenistanyň deňiz floty üçin gämi gurluşyk ulgamynda öz hyzmatlaryny, enjamlaryny hödürlediler.

Suw hojalygynda we energetika ulgamlarynda ýöriteleşdirilen «Doosan Heavy Industries» kompaniýasy täze bilelikdäki taslamalary, hususan-da, Hazar deňziniň kenarynda suw süýjediji zawodynyň gurluşygyny amala aşyrmaga taýýardygyny beýan etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamasyny durmuşa geçirmekde sanly tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagyna strategik ähmiýet berilýär. Şunda Türkmenistan koreý kärdeşleri bilen tejribe alyşmaga bil baglaýar. Geçen ýyl gol çekilen Maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary babatda hyzmatdaşlyk etmek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň esasynda Koreýa Respublikasy ýurdumyzyň sanly düzümini ösdürmäge gatnaşar.

Şu günki onlaýn duşuşygyň çäklerinde Koreýa Respublikasynyň Halkara Söwda assosiasiýasynyň wekilleri harytlary satmak we satyn almak üçin öz «TradeKorea» atly onlaýn söwda platformasynyň işi bilen tanyşdyrdylar.

Ynanyşmak, deňhukuklylyk we birek-biregi hormatlamak ýörelgelerinde guralýan däbe öwrülen gatnaşyklary giňeltmek boýunça möhüm wezipeleri çözmekde bilelikdäki Işewürler geňeşiniň ähmiýetini bellemek bilen, taraplar ikitaraplaýyn işewürler maslahatlaryny, tegelek stollary we işewür duşuşyklaryny yzygiderli geçirmek ugrunda çykyş etdiler.

Şeýle hem koreýa tarapy dürli pudaklaryň hünärmenleri üçin tanyşlyk saparlaryny geçirmek, tälim beriji okuwlary we maslahatlary guramak baradaky başlangyçlaryny öňe sürdi.

Onlaýn duşuşyga gatnaşyjylar şunuň ýaly yzygiderli duşuşyklaryň geçirilmeginiň iki dostlukly döwletiň uzak möhletleýin bähbitlerine gabat gelýän köpugurly döwletara gatnaşyklary ilerletmäge, Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň telekeçilik düzümleriniň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary hem-de netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter